15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

AMYDERÝA GORAGHANASYNYŃ TÄSİNLİKLÄRİ

Amyderýa döwlet goraghanasy 1982-nji ýylda Amyderýanyň orta akymynyň hem-de ýakyn ýerleşýän çöllük ýerleriň ekologik ulgamlaryny öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmek maksady bilen döredildi. Ol Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň Farap, Darganata we Seýdi etraplarynyň çäklerinde ýerleşýär. Goraghana üç bölekden: sag kenarda Gyzgala-Nargyz, çep kenarda Görelde we Gabakly böleklerden durýar. Goraghananyň häzirki meýdany (akwatoriýany goşmak bilen) – 49,5 müň ga. Goraghananyň garamagynda Kelif döwlet aw zakaznigi bar. Ol 1970-nji ýylda döredildi. Onuň meýdany 103 müň gektar. Zakaznigiň haýyrly ýerleri guşlaryň höwürtgelemegine, gyşlamagyna we olaryň 200-den gowrak görnüşiniň göçüş döwri düşlemegine uly ýardam edýär.

Goraghanada jülgeli we arnaly tokaýlyklar, gyrymsy agaç ösümlikleri bilen örtülen we ýarymörtülen ulgam-depeli çägeler, aklaň çägeler, şorluklar gowy görkezilendir.

Goraghananyň çägine Amyderýanyň suw ýüzüniň bölegi hem girýär. Şeýle-de bu ýerde sil suwundan ýygnalýan wagtlaýyn suw howdanlary hem bar.

Goraghananyň bölekleri Turan pesliginiň Demirgazyk landşaft raýonynyň çöl zolagynda ýerleşýär we yssy, gurak howasy bilen häsiýetlendirilýär. Goraghana golaý ýerlerde howanyň ortaça temperaturasy ýyl boýunça +10° dan demirgazyga, +15° günorta çenli bolup, absolýut minimumy – 31° we maksimumy +45° bolýar. Iýul aýynyň ortaça temperaturasy +29°, ýanwaryňky 0,40 bolýar. Gar örtügi 5-8 sm. galyňlykda örän seýrek bolýar we 10 günden köp durmaýar. Şemalyň ýagdaýy ýylyň bütin dowamynda ýokarlygy bilen häsiýetlendirilýär, tozanly tupan ýylyň dowamynda 19-20 gün, kä wagtlar ondan hem köp bolýar.

Goraghana döredileni bäri ýokary derejeli ösümlikleriň 200-e golaý görnüşi aýan edildi. Tokaý florasy garyplygy bilen tapawutlanyp, bu ýerde bary-ýogy ösümlikleriň 86 görnüşi anyklanyldy, olaryň diňe 15 görnüşi adatydyr. Olara deregiň iki görnüşi – pette we toraňňy, igde, jungar söwüdi, ýylgyn, çemiş, buýan, adaty gamyş, hyşa, kendir, şorçaýyr degişlidir. Däneliler, çylşyrymlygülliler we ýylgynlar dürli görnüş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Bu ýerdäki tokaýlygyň gyrymsy agaçlary we iri otlary geçip bolmajak jeňňellikleri döredýärler.

Çöl bölekleriniň ösümlik dünýäsi tokaýlara garanda baýdyr. Görnüş baýlygy boýunça birinji ýeri Merkezi Aziýanyň çöl ýerlerine mahsus bolan selmeler eýeleýär. Atanakgülliler, çylşyrymlygülliler we kösükliler görnüşleriniň sany boýunça köpdürler. Çölüň ösümlik örtüginiň esasyny ak sazak, borjak, gandymlar, sözen, şoralar, şeýle hem köp sanly efemerler düzýär.

Goraghananyň territoriýasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen ösümlikleriň görnüşleri bellenilen däldir. Seýrek girizilen ösümlikleriň görnüşleri bellenilen däldir. Seýrek duş gelýän görnüşlere çöl kriptodiskusy, Bergiň gaz sogany, çal ýaprakly süýtleňňiç, çöl şorasy, Koganyň bergiýasy degişli.

Goraghananyň haýwanat dünýäsi köp dürlüligi bilen tapawutlanýar. Oňurgasyz haýwanlar faunasy birnäçe ýüz görnüşden durýar. Möýleriň 80 görnüşi ýüze çykaryldy, köpüsi ilkinji sapar tapyldy. Mör-möjekleriň içinde tomzaklar bilen kebelekler köpräk öwrenilendir. Tokaýlaryň mör-möjek faunasy gowy öwrenilendir, olaryň içinde has hem garynjalar we wyžlaýan tomzaklar agdyklyk edýär.

Agaçlarda uzynburun tomzaklar köp duş gelýär. Çölde görnüş aýratynlyklarynyň köplügi we köpsanlylygy boýunça jik-jik tomzagy, gijeki kebelekler, torjumak ganatlylar, garynjalar tapawutlanýarlar. Şeýle hem wyžlaýan tomzaklar köp duş gelýärler. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden agaç hudaýatysy, Boliwariýn hudaýatysy, altynokat tomzagy, toraňňynyň serhoş kebelegi, toraňňynyň pile egriji kebelegi goraghanada duş gelýär.

Amyderýanyň kanallaryň, kollektorlaryň suwunda balyklaryň 44 sany görnüşi ýaşaýar, olardan bekre balygy, uly we kiçi amyderýa pilburny, çortan şekilli akmarka Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Pilburun we bekre balyklary Tabigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna hem girizildi.

Ýerde we suwda ýaşaýanlaryň goraghanada iki görnüşi bar – ýaşyl gurlawuk we köl gurbagasy. Goraghananyň faunasynda süýrenijileriň 28 görnüşi bolup, olar esasan çöl ýerlerde duş gelýärler. Olaryň içinde sähra pyşdyly, sähra hažžygy, gum patmasy, torjumak suwulgany, okýylany köpsanlydyr. Ýurdumyzyň iň uly suwulgany, – zemzen we göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Goraghananyň territoriýasynda ýylyň dürli möwsümlerinde guşlaryň 250-ä golaý görnüşi ýaşaýar. Bu köp görnüşlige goraghananyň göçüş döwründe uçup geçýän guşlaryň ýolunda bolmagy sebäp bolýar. Guşlaryň 105-e golaý görnüşi goraghanada höwürtgeleýär. Goraghananyň çäginde hemişe ýaşaýan guşlaryň biri hem amyderýa sülgünidir. Gorag düzgüniniň birkemsiz berjaý edilýändigi üçin onuň sany goraghananyň tokaýlarynda artdy. Tokaýda köplenç buhara jikjikisini, akganat daşdeşenini, gijelerine gygyrýan melemtil sary hüwüjigini görmek bolýar. Kertlerde gögerçinler, kürkürekler, gökgargalar, hüýpüpikler höwürtgeleýärler. Howdanlaryň boýunda hokgarlar, suw serçeleri, çuluklar duş gelýärler. Ýuwaş-ýuwaşdan halkaly gumrular goraghananyň territoriýasyny eýeläp başlady. Höwürtgeleýän görnüşlerden bürgüt, ýylançy gyrgy, ütelgi, hüwi, sähra göwenegi, mermer ördegi, togdary, çakryk Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna sähra göwenegi, mermer ördegi girizldi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde – keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, şeýle hem buhara TGHS-nyň Gyzyl kitabyna girizildi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde – keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi, şeýle hem buhara suguny TGHS-nyň Gyzyl kitabyna girizildi. Tebigaty goramagyň halkara soýuzynyň (TGHS) Gyzyl kitabyna sähra göwenegi, mermer ördegi girizildi.

Süýdemdirijiler 41 görnüşden ybaratdyr. Toýnaklylardan tokaýda ýabany doňuz we buhara suguny, çölde – keýik ýaşaýar. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizldi, şeýle hem buhara suguny TGHS-nyň Gyzyl kitabyna girizildi. Haçanda bahar aýlary çöllerde ýaňy otlar gögerip başlanda, doňuzlar we sugunlar çöle çykýarlar. Goraghananyň territoriýasynda goragyň netijesinde buhara sugunynyň sany durnuklylygyna galýar we olaryň sany 30-40 aralygynda üýtgäp durýar. Ýyrtyjy süýdemdirijilerden şagal, tilki, torsuk, sähra pişigi, alajagözen adatydyr, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak we segaby hem bu ýerde duşýar. Gemrijilerden sany boýunça alakalar we öý syçany köpdür. Uly, ikindi we gyzyl guýruk alakalary, esasan çölde duşýar, tokaýda köp bolmadyk ýylgyn alakasy ýaşaýar. Şeýle-de beýleki çöl ýaşaýjylary – ýumran, tüýlek aýakly atýalman hem adatydyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen hindi oklykirpisiniň sany örän azaldy. Towşan giň ýaýrandyr. Mör-möjek bilen iýmitlenýän süýdemdirijilerden gulakly kirpi tokaýda ýaşaýan kiçi uzuntumşuklyja, çöl ýaşaýjysy alasyçan adatydyr. Goraghananyň territoriýasynda göçýän ýarganatlardan – çypar agşamçy tapyldy. Ol Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi.

1999-njy ýyldan bäri goraghana “Buhara sugunynyň populýasiýasynyň tebigy ýaşaýan ýeriniň goragyny goldamak” diýen taslama boýunça işleýär. Taslama Ýabany Tebigatyň Bütündünýä Fondy tarapyndan maliýeleşdirilýär. Amyderýa goraghanasynda buhara sugunynyň ýaşaýan ýerleriniň goragyny güýçlendirmek üçin inspektorlaryň işine gerek bolan zerur zatlar üpjün edilýär. Lebap welaýatynyň mekdeplerinde “Buhara suguny – Türkmenistanyň gözelligi we buýsanjydyr” – diýen temadan surat çekmek, düzme ýazmak ýaly, bäsleşikler geçirilýär we habar ýaýradyjy kitapçalar çykarylýar.

Ylmy-barlag işleriniň netijeleri boýunça birnäçe ylmy-çeper makalalar çap edildi, täze aýratyn goralýan ýerleri döretmäge bäş sany delilnamalar taýýarlanyldy. Goraghananyň ygtyýaryndaky sebitiň çäklerinde ylmy stasionarlaryň seti ýola goýuldy. Oňurgaly haýwanlaryň görnüş düzümi we ýaýramagy öwrenildi, olaryň sanyna gözegçilik edilýär. 1996-njy ýyldan başlap goraghana “Parklaryň Ýörişi” atly halkara baýramçylygyna gatnaşýar. Bahar güllerini goramak, balyjyklary halas etmek, pyşdyllary goramak, tebigaty zibillerden arassalamak ýaly tebigaty goraýjy aksiýalar geçirilýär.

Tebigaty goramak temasyna degişli surat we düzme bäsleşiklerini, surat sergisini guraýarlar. 1999-njy ýylyň iýun aýynda Amyderýa goraghanasynyň muzeýi döredildi. Muzeý eksponatlary goraghananyň işgärleriniň güýji bilen toplandy. Muzeý ekspoziýasynda süýrenjileriň we guşlaryň görnüşleriniň gäpleriniň 15 sanysy, şol sanda zemzen we hüwi, garagulagyň hamy, sugun şahy, keýigiň, ýabany doňuzyň we şagalyň kelleçanagy, guşlaryň höwürtgesi, gadymy daşa öwrülen tiken bedenliler, balykgulak, gadymy akulalaryň dişleri, oňurgasyz haýwanlaryň 255 görnüşiniň we ösümlikleriň 35 görnüşiniň kolleksiýasy bardyr. Goraghananyň muzeýini görmäge okuwa çenli çagalar we mekdep okuwçylary, başga şäherlerden, ýurtlardan syýahatçylar gezelenje köp gelýärler. Goraghana – bu ýerde saklanyp galan tokaýlaryň ekologik ulgamlaryny goramakda hem habar ýaýradyjy merkez bolup durýar.

Degişli makalalar

Türkmenistan Astanada Geçirljek “EXPO-2017” Bütindünýä Sergisine Gatnaşar

turkmenhabargullugy

«Marytelekom» Nyrhlary Peseldýär

turkmenhabargullugy

Daşary Ýurtlaryň Esasy Ýokary Okuw Mekdeplerinde Okamaga Dalaşgärler Saýlanylýar