13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Amyderýanyň Arnasynda Buýan Ýygnamak Möwsümi Başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabadyň “Buýan” obasenagat toplumynyň buýan ýygnaýjy toparlary wajyp senagat çig malyny taýýarlamaga girişdiler. Buýan köküni ýygnaýjylar we ony gaýtadan işleýjiler geçen ýylky görkezijilerden ýokary netije gazanmagy göz öňünde tutýarlar.

2018-nji ýylda olar 16,6 müň tonnadan gowrak buýan köküni ýygnadylar, bu bolsa Türkmenabadyň obasenagat toplumynyň senagat binýadynda önüm çykarmak boýunça meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Alnan çig maldan 645 tonna gury we 540 tonna goýy buýan ekstrakty hem-de 2,7 müň tonna presslenen buýan köki öndürildi. Bu önümiň aglaba bölegi daşary ýurtlara ugradyldy.

Mälim bolşy ýaly, düzüminde gymmatly mikroelementler köp bolan türkmen buýany hili we ulanylyş sypatlary boýunça dünýäde iň gowularyň biri hasaplanylýar. Şonuň üçinem, presslenen buýan köki we ondan alynýan ýarym fabrikatlar dünýä bazarynda ýokary islegli haryt bolup, ol ABŞ-na, Ýewropa we Aziýa ýurtlaryna ugradylýar. “Buýan” agrosenagat toplumynda önümiň hilini ýokarlandyrmaga, innowasion tehnologiýlaryň esasynda önümçiligi döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen çäreler toplumy durmuşa geçirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ilçisiniň Filippinler Respublikasynyň Prezidentine Ynanç Hatlaryny Gowşurmagy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Yrak Respublikasynyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti resmi sapar bilen

syrach