4.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Amyderýanyň Üstünden Geçýän Köprüleriň Açylmagynyň Öň Ýanynda Bu Waka Bagyşlanyp Owadan Bezelen Neşir Çapdan Çykdy

Amyderýanyň Üstünden Geçýän Köprüleriň Açylmagynyň Öň Ýanynda Bu Waka Bagyşlanyp Owadan Bezelen Neşir Çapdan Çykdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Orta Aziýanyň iň uly derýasynyň üstünden gurlan Türkmenabat-Farap täze awtomobil we demir ýol köprüleriniň açylyş dabarasynyň öň ýanynda çap edilen neşir “Türkmenistan geljege – dostluk we ösüş köprülerini gurýar” diýlip atlandyrylýar.

Amyderýanyň kenarlaryny birleşdirýän bu täsin inženerçilik – tehniki desga abadançylygyň we ösüşiň, giň halkara hyzmatdaşlygyna, halklaryň ýakynlaşmagyna ymtylyşyň aýdyň alamaty bolup durýar.

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda köprüleri hem-de ýollary gurmagy sogap iş hasap edipdirler. Häzirki wagtda biz bu ajaýyp hem-de üýtgewsiz ýörelgeleri aýawly saklaýarys we baýlaşdyrýarys.

Ýurdumyzyň örän baý sebiti – Lebap welaýatynda bina edilen bu iki köpri häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýär, bu sebitde häzirki wagtda köp şahaly ulag ulgamy bolan iri senagat merkezi kemala gelýär. Bu köprüler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň bähbidine durmuşa geçirilmegine strategiki nukdaýnazardan çemeleşýändiginiň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.

Amyderýanyň üstünden geçýän täze köprüleriň açylyş dabarasyna bagyşlanyp çap edilen täze neşir Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda taýýarlanyldy, onda Türkmenistanyň demirgazyk-gündogar çäkleriniň önümçilik serişdeleriniň ösdürilmeginde, gazyp alýan, gaýtadan işleýän senagatyň we oba hojalygynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagynda, goşmaça daşarky maýa goýumlaryny Lebap welaýatynyň ykdysadyýetini ösdürmekde bu desgalaryň ähmiýeti açylyp görkezilýär.

Täze köprüleriň ulanmaga berilmegi bilen Lebap welaýatynyň ägirt uly tebigy serişdelerini özleşdirmek üçin mümkinçilikler has-da artar, bu sebitde tiz wagtda Garlykdaky dag – magdan baýlaşdyryjy toplum açylar. Wagtyň geçmegi bilen bu ýerde täze iri senagat merkezleri peýda bolar, müňlerçe täze iş orunlary dörediler. Mundan başga-da bu waka dikeldiş hem-de syýahatçylyk pudaklarynyň ösüşine kuwwatly itergi berer.

Özüniň gerimi boýunça diňe bir ýerli ähmiýete däl-de, eýsem sebit hem-de serhetüsti derejä hem eýe bolan bu oňyn çäreler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2013-nji ýylyň fewral aýynda amala aşyrylmagyna badalga berlen bu taslamanyň esasyna goýlandyr.

Strategiki ähmiýetli desgalaryň tehniki häsiýetnamalaryndan başga-da, neşiriň sahypalarynda köprüleriň gurluşygynda, bu ägirt uly taslamany durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlarynda, onuň dürli ugurlarynda – geosyýasy we ekologiýa babatynda hem peýdalanylan innowasiýa işläp taýýarlamalary babatda maglumatlar getirilýär.

Neşiriň seljerme bölüminde täze desgalara Türkmenistanyň tutuş ulag ulgamynyň ösüşiniň esasynda garalýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasy bina edilýär, olar häzirkizaman we ýokary netijeli ulag düzümini döretmek işinde ägirt uly ähmiýete eýe bolup, ýurdumyzyň yklymyň örän möhüm söwda ýollarynyň halkara çatrygy hökmündäki ornuny pugtalandyrýar.

Okyjylar täze neşirde şeýle hem täsirli fotosuratlar, ozaly bilen bolsa köprüleriň suratlaryny synlap bilerler, bu köprüler ozal hereket edýän desgalaryň hataryna goşulýarlar hem-de şu günden başlap, möhüm ähmiýetli taryhy desgalar, ylmyň we tehikanyň häzirkizaman ýadygärlikleri bolup durýarlar. Neşiriň sahypalarynda çap edilen suratlar desgalaryň möçberleriniň ägirt uludygyny görkezýär hem-de köprüleri gurmagyň çylşyrymly sungatyny beýan edýär.

Köprüleri gurmagyň dünýä tejribesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns merkezinde durýar, milli Liderimiz ýurdumyzyň ulag – aragatnaşyk düzümleriniň ösdürilmegine uly ähmiýet berýär hem-de türkmen hünärmenlerini bu ulgamdaky öňdebaryjy işläp taýýarlamalary öwrenmäge we iş tejribesine ornaşdyrmaga çagyrýar.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ýokary depginler bilen ösdürilmelidigini, bu ulgamyň ykdysadyýetimiziň we durmuş ulgamynyň beýleki pudaklaryndan öňde bolup, olar üçin innowasiýa ösüşiniň giň ýoluny açmalydygyny nygtaýar.

Täze neşir Türkmenistanyň Demirýol ulaglary ministrliginiň Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen kärhanasynyň ýolbaşçylarynyň ýakyndan ýardam bermeginde çap edildi.

Degişli makalalar

2016-njy Ýylyň Noýabry Döwlet Baştutanymyzyň Daşary Syýasat Başlangyçlarynyň Ugry Bilen

Türkmenistanda Bangladeş Halk Respublikasynyň Ilçisi Işläp Başlady

«Ahalteke Bedewleriň Taryhy Kökleri» Atly Ylmy-Amaly Maslahat we «Behişdi Bedewleriň Waspу Sungatda» Atly Sergi

turkmenhabargullugy