8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YLYM

Änew şäherinde täze mekdep açyldy

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllyk şanly senesine gabatlanyp açylýan binalaryň sany barha artýar. Şu gün Änew şäheri nobatdaky baýramçylyk dabaralarynyň mekanyna öwrüldi. Bu ýerde körpeleriň 600-si üçin täze häzirki zaman umumybilim berýän mekdep öz gapylaryny giňden açdy.

Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, hatda iň çetki künjeklerinde hem durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda çagalar üçin döwrebap bilim edaralarynyň bina edilmegi – täze Galkynyş eýýamynyň ileri tutulýan ugurlary bilen şertlendirilen döwrüň talabydyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan hem-de her bir raýatyň, öňi bilen bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň durmuşyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilen döwlet ösüşiniň baş ugry netijesinde amala aşyrylýan özgertmeler bilimleri ele almak hem-de döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri döredýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda binagärlik we multimediýa tilsimatlary hem-de beýleki häzirki zaman bilim serişdeleri bilen enjamlaşdyrylyşy taýdan özboluşly täze mekdepleriň köp gurulmagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Änewdäki täze mekdep hem olaryň hataryna goşuldy. Onuň dabaraly açylyşyna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, köp sanly şäher ilaty gatnaşdy.

Myhmanlary dabara gatnaşýan körpeler şatlyk- şowhun bilen garşyladylar. Köp öwüşgünli lentalar we şarlar bilen bezelen ak mermerli ajaýyp mekdebiň öňündäki meýdançada aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Änewiň merkezinde täze bina “Azatlyk” şaýolunyň ugrundaky çagalar bagy bilen birlikde bitewi binagärlik toplumyny döretdi. Mekdepde okuwçylaryň ählitaraplaýyn intellektual we beden taýdan ösmegi üçin hemme şertler döredilipdir. Toplumda – üç gatly esasy okuw binasy hem-de oňa birleşýän binalaryň 8-si ýerleşýär. Olarda giň sport zaly we ýüzülýän howuz, ýyladyşhana, zähmet okuwy boýunça okuw otaglary hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin maslahatlar zaly, uly naharhana bar. Şeýle hem bu ýerde lukmançylyk otaglarynyň ikisi ýerleşip, olardan biri diş lukmanynyň otagydyr.

Mekdebiň baş okuw binasynda başlangyç bilim we sapak wagty uzaldylan dersleri geçmäge niýetlenen otaglar, lingafon otaglar we ýöriteleşdirilen otaglar häzirki zaman barlaghana we kompýuter enjamlary, multimediýa tagtalary bilen agzalaşdyrylyp esasy okuw binasynda ýerleşdirilipdir. Sazçylyk we surat otaglary ýaş nesliň estetiki taýdan terbiýelenmegi bilen bagly wezipelere doly laýyk gelýär. Şonuň ýaly hem bu ýerde zerur okuw we çeper edebiýatlar ýerleşdirilen kitaphana, ajaýyp enjamlaşdyrylan “Galkynyş”otagy hem-de mekdebiň mugallymlary üçin okuw-usulyýet otagy bar.

Mekdep howlusynyň abadanlaşdyrylan hem-de ýaşyl begresi bürenen çäginde futbol, woleýbol, basketbol hem-de açyk howadaky beýleki sport oýunlary üçin meýdançalar göz öňünde tutulypdyr.

Dabara gatnaşyjylar milletiň Liderine ýaş nesil hakyndaky yzygiderli aladasy üçin hoşallyk bildirip, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 20 ýyllyk senesini zähmet üstünlikleri bilen garşylamak üçin tagallalaryny we bilimlerini gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Şu wakanyň şanyna, Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmeginiň hatyrasyna we milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna toý sadakasy berildi. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ähli Makalalar: Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy

Ýaş Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Netbuklary Öndürmek Boýunça Taslama Badalga Berdi

Gün Urmadan Goranalyň

turkmenhabargullugy