10.9 C
Aşkabat
23.11.2024
YLYM

Arheologlar gadymy türkmen şekillendiriş sungatynyň täze täsin eseriniň üstüni açdylar.

Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, olary öwrenmek we dikeltmek boýunça Milli müdirliginiň hem-de Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Antropologiýa we etnologiýa institutynyň taryh ylymlarynyň doktory, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi, professor Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylygyndaky Margiana arheologik ekspedisiýasynyň meýdan işleriniň nobatdaky möwsümi tamamlanyp barýar. Arheologlaryň köp milletli topary iki aýdan gowrak wagtyň dowamynda häzirki döwürde Garagum sährasynyň alaňlarynyň arasynda ýitip giden Murgabyň gadymy akymynda ýerleşýän Margiana şäheriniň paýtagty bolan Goňurdepde yzygiderli gözleg işlerini alyp bardylar.

Geçen ýyllarda bolşy ýaly, bu ýyl hem Goňurdepe alymlara diňe bir nobatdaky “peşgeşi” eçilmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä ylmynyň öňünde täze wezipeleri goýdy. Alymlar tarapyndan Bürünç asyry diýlip atlandyrylýan gadymy döwrüň köp sanly arabaglanyşygy bolupdyr. Bu ýerde bir wagtlar gadymy türkmenler tarapyndan gülläp ösýän ekerançylyk ýerleri bolupdyr. Gadymy margianalylaryň durmuşyna, däp-dessurlaryna degişli dürli gymmatlyklar biziň häzirki milli medeniýetimizde hem gabat gelýär.

Soňky ýyllarda arheologik barlaglaryň işjeň alnyp barylýan künjegi bolan Garagumuň jümmüşinden sözüň doly manysyndaky täzelik gelip gowuşdy. Goňruň patyşa gonamçylygynyň ýakynynda köp sanly daş, keramiki we bürünç şekilleriň ýygnanan ýerinde alymlar täze tapyndynyň üstünden bardylar. Olaryň arasynda bar bolan tegelek bürünç möhür özüniň germewli görnüşi bilen tapawutlanýar.

Taryh ylymlarynyň doktory W.I.Sarianidiniň belleýşi ýaly, şunuň uly möhürler bürünç eýýamynda Margiana medeniýetiniň häsiýetli aýratynlyklarynyň biridir. Ony dünýäniň köp ýurtlarynyň alymlary öwrenýärler. Germewli möhürler tegelek, dörtburç we geometrik şekilli bolup, ol ösümlik görnüşi bilen bezelipdir. Olaryň birnäçesinde şir, ýylan, içýan, teke ýaly jandarlar ýa-da gülälek, çigildem ýaly ösümlikler şekillendirilipdir. Mundan başga-da, olarda gadymy ertekileriň hyýaly jandarlary, ýagny guşkelleli adamlar ýa-da ganatly ýolbarslar öz beýanyny tapypdyr.

Hut şonuň ýaly şekilleriň üsti bilen alymlar türkmenleriň gadymy pederleriniň dünýägaraýyşlaryna, olaryň sejde eden zatlaryna, ynanç ygtykatlaryna göz ýetiripdirler. Mary welaýatynyň taryhy, ülkäni öwreniş muzeýinde şunuň ýaly möhürleriň örän köp sanlysy bar. Margianadan tapylan germewli kümüş möhürleriň iň gowy nusgalary Türkmenistanyň Baş milli muzeýinde saklanylýar.

Täze tapylan möhür özüniň ýokary tarapynda dört sany merkezden bölünýän sekizburçluklar bilen bezelendigi arkaly ünsüňi özüňe çekýär. Onuň Garaşsyz Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň şekilinde bolmagy has-da haýran galdyryjydyr. Sekizburçluklaryň bezeg alamaty hökmünde ozal hem gabat gelýändigini bellemeli. Orta asyr musulman aramgählerinde hem-de metjitlerinde şeýle sekizburçlukly şekiller köp gabat gelýär. Ýöne bu geometriki şekil orta asyrlardan ozalky eýýamlara degişli bolupdyr. Häzirki Türkmenistanyň çäginde, ýagny Baktriýada we Margianada ýüze çykarylan tapyndylaryň arasynda sekiz burç ýyldyz görnüşindäki möhürleriň uly bolmadyk görnüşleri tapyldy. Ýöne Goňurda ýüze çykarylan tapyndy sekiz burçy bolan köp burçly şekiliň ýokary tarapynyň doly saklanyp galandygy netijesinde ondaky sekizburçlugyň merkezden başlanyp, tutuş giňişligi eýeleýändigi bellärliklidir.

Topragyň gadymy Marguş ýurdunyň ussalarynyň şunuň ýaly ajaýyp nusgadaky möhürini ýokary derejede saklandygy örän täsindir. Şeýle hem möhüriň Garaşsyz Türkmenistanyň baş nyşanynyň şekili bilen meňzeşdigi haýran galdyryjydyr. Onuň şekil görnüşiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur manynyň bardygy hem-de onuň türkmen topragyndaky medeniýetiň örän gadymylygyny görkezýändigi tapyndynyň gymmatly tarapydyr. Gündogaryň hiç bir ýurdunda biziň eýýamymyzdan ozalky ikinji müňýyllyga degişli şunuň ýaly şekiliň gabat gelmeýändigi bellärliklidir. Başgaça aýdylanda, bu möhüriň ýasalanyna dört müň ýyldan gowrak wagt geçipdir.

tapyndy şu möwsümiň ýeke-täk tapyndysy däldir. Arheologlar bu tapgyrda altyn önümleri, şol sanda pöwrize daşy goýlan saýgagyň kiçijek şekilini, örän ussatlyk bilen realizm äheňinde ýerine ýetirilen maýmynjygyň heýkelini tapdylar. Alymlar W.I.Sarianidiniň ekspedisiýasynyň bu we beýleki täsin tapyndylaryny jikme-jik öwrenerler we türkmen halkynyň baý medeni mirasynda olaryň eýeleýän ornuny, ähmiýetini kesgitlärler.

gymmatlyklary gorap saklamak boýunça ilkinji nobatdaky işler hünärmenler tarapyndan meýdan şertlerinde ýerine ýetirildi, ýöne öňde abatlaýjylar üçin örän çylşyrymly iş garaşýar. Munuň üçin Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi Fransiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy bilen bilelikde abatlamak boýunça Fransiýanyň belli hünärmeni Luwr muzeýiniň ylmy işgäri Ester Ottenwelteri çagyrdylar. Ol ýakynda biziň ýurdumyza geler we Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, olary öwrenmek hem-de dikeltmek baradaky Milli müdirliginiň ýanynda ýörite döredilen dikeldiş barlaghanasynda işe girişer.

Häzirki döwürde ylmy dünýäde Türkmenistanyň çäginde dört müň ýyl mundan ozal gadymy gündogar medeniýetiniň iň irki ojaklarynyň biriniň ýerleşýändigi tassyk edildi. Bu ýerde ýaşan halkyň medeniýetini, onuň binagärlik sungatyny, ynanç-ygtykadyny, däp-desurlaryny öwrenmek taryh ylmynyň iň möhüm hem-de derwaýys wezipeleriniň biri bolup durýar. Ýöne onuň oňyn çözülmegi ugrunda arheologlara, Gündogary öwrenijilere garyşyk ylymlar boýunça hünärmenleriň goldawy zerur bolup durýar. Häzirki zaman alymlarynyň hünärara barlaglaryň binýadynda örän şowly üstünlikleri gazanýandygy tötänden däldir. Hut şonuň üçinem soňky ýyllarda Margiana ekspedisiýasynyň düzüminde dürli ugurlar boýunça hünärmenler-binagärler, antropologlar, dilçiler, sungaty öwrenijiler, ösümlikleri hem-de haýwanat dünýäsiniň öwrenijiler we elbetde, dikeldiş işlerini alyp barýanlar işleýärler. Şu ýyl Goňurdepede Russiýadan, Germaniýadan, Özbegistandan, Ukrainadan gelen hünärmenler işlediler. Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh instututynyň üç sany ylmy işgäri bu ýerde tejribe geçdi. W.I.Sarianidi bilen gazuw-agtaryş işlerinde onuň kärdeşleri, taryh ylymlarynyň doktory, antropolog Nadežda Dubowa we nemes arheology, doktor Nikolaus Boroffka işleýär.

Türkmenistanda professor W.I.Sarianidiniň zähmetine mynasyp baha berildi. Ol 2009-njy ýylda döwlet Baştutanymyzyň gowşurmagynda “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordene mynasyp boldy. 2009-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň teklibi boýunça W.I.Sarianidiniň “Marguş: beýik medeniýetiň gizlin syrlary we hakykaty” atly bezegli kitaby köpçülikleýin nusgada neşir edildi. Oňa milli Liderimiz giriş makalasyny ýazdy.

Mälim bolşy ýaly, geljek hepdede, ýagny 6-njy iýunda Maryda “Gadymy Merw – dünýä medeniýetiniň ojagy” atly Halkara maslahat bolar. Onda professor W.I.Sarianidi çykyş eder we giň ylmy jemgyýetçilige türkmen halkynyň çuňňur medeni köklerine şaýatlyk edýän täze ajaýyp tapyndylary barada gürrüň berer.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmen elipbiýi.

syrach

Owadan Jeňňel Suguny-Amyderýa Goraghanasynda Seýrek Duşýan Haýwanlaryň Biridir

Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Institutynda Belarus Respublikasynyň „Bilimler Ýarmarkasy“ Geçirildi