Türkmen Döwlet ulag we aragatnaşyk instituynyň talyplarynyň we mugallymlarynyň ylmy taslamalarynyň elliden gowragy Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň milli senennamazyň şanly senesine – Ylymlar gününe bagyşlap her ýylda geçirýän ylmy bäsleşigine gatnaşmaga dalaş edýär.
Bu ýokary okuw mekdebiniň geçen okuw ýylynyň ahyrynda döredilen möhüm ylmy gözlegleri geçirmäge gönükdirilen Ýaş alymlaryň geňeşiniň agzalary birnäçe taslamalaryň awtorlary bolup çykyş edýärler. Institutyň bu täze ylmy gurluşynyň düzüminde talyplaryň onlarçasy bardyr.
Möhüm ilmy tekliplerden adminstratiw we ýaşaýyş jaýlaryň binalary üçin howpsuzluk ulgamyň orginal konsepsiýasyny, şeýle hem telefon jaňynyň kömegi arkaly “akylly öýi” belli bir aralykdan dolandyrmagy görkezmek bolar
Ýene-de bir ylmy iş haçan-da ulanyjy senagat merkezlerinden uzakda, mobil operatorynyň bolsa has golaý bolan şertlerinde Interneti ýokary hilli kabul etmek maksady bilen 3G modemler üçin ýöriteleşdirilen refraktor antennasyny işläp taýýarlamak bilen baglanyşyklydyr. Beýleki bir antenna bolsa WI-FI simsiz torunyň uzaklygyny 10 esse artdyrmak üçin niýetlenendir.
Ýokary tizlikli demir ýollarynda oturdylýan intellektual köpürleriň gurluşyny, Inernetiň mümkinçiliklerine daýanman, ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde işletmek üçin ýörite gurnalan tor kadasynda işleýän elektron resminalar dolanşygyny işläp taýýarlamagy, halk hojalygynda energiýanyň alternatiw çeşmelerini ulanmak boýunça edilen teklipleri hödürlenen taslamalaryň hatarynda görkezmek bolar.