“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarlarynyň üsti dünýä belli “Boing” (ABŞ) kompaniýasynyň täze uçary bilen ýetirildi. Ir säher bilen paýtagtymyzyň halkara howa menziline Sietl (ABŞ) Guzbeý (Kanada) Birmingem (Beýik Britaniýa) Aşgabat ugry boýunça 18 sagatlyk uçuşy amala aşyran “Boeing-737-800” uçary gelip gondy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, 2011-nji ýylyň ýulynda amerikan uçargurluşyk kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama boýunça şu tapgyrdaky howa gämileriniň ikinjisi boldy.
Kanadada we Beýik Britaniýada ýangyç guýmak bilen amala aşyrylan köp sagatlyk uçuş “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçarmanlary tarapyndan amala aşyryldy. Gonman uçýan aralygy 5600 kilometre deň bolan “Boeing-737-800” uçarlary Stambula, Moskwa, Abu-Dabä, Frankfurta we Ýewraziýa yklymynyň beýleki şäherlerine ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmak üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
“Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynda habar berişleri ýaly, şu tapgyrdan bolan uçarlaryň ýene-de biri Türkmenistana ýakyn wagtda getiriler. Bu dünýäde iň meşhur ýolagçy uçarynyň soňky nusgasydyr. “Boeing-737-800” öz daşky görnüşi bilen hem “Boing” zawodynda ozal öndürilen şu kysymdaky uçarlardan düýpli tapawutlanýar. Şeýlelikde, türkmen uçarmanlary ýöredýän halkara ýolagçy gatnawlarynyň çägini has-da giňeldip we hereket edýän ugurlarda gatnawlaryň ýygylygyny artdyryp bilerler. Munuň özi Türkmenistanyň amala aşyrýan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty babatda uly ähmiýete eýedir.
Şu ýyýlyň ýanwar aýynda Aşgabat şäheriniň täze halkara howa menziliniň gurluşygyna badalga berlendigini bellemek gerek. Häzirki zaman howa menziliniň geçirijilik ukyby 1 sagatda 1600 ýolagça barabar bolar. Täze howa menzili bir wagtda islendik görnüşdäki we ýük göterijiligi dürli uçarlary kabul edip, şunda hyzmat etmegiň halkara standartlaryny üpjün eder. Taslama üç terminalyň ýolagçylar, VIP we ýük terminallarynyň, uzynlygy 3800 metre barabar bolan täze uçuş-gonuş zolagynyň, uçarlaryň öwrülýän ýollarynyň, duralga ýerleriniň hem-de howa gämileri üçin perronyň, howa hereketini dolandyryş gullugynyň minarasynyň gurluşygyny öz içine alýar.
“Boeing 737-800” uçarlary ýokary tygşytlylygy, amatlylygy bilen tapawutlanýar we ýolagçylaryň 160-a golaýyny gatnatmaga ukyplydyr. Olaryň uçuş tizligi 1 sagatda 850 kilometre deňdir. Uçarlaryň nawigasiýa enjamlarynda we elektron toplumynda öňdebaryjy işläp düzmeler ulanyldy.
Mahlasy, soňky ýyllarda türkmen uçarmanlarynyň uçuş we inženerçilik düzümi amerikan tehnikasyny ulanmakda hünär derejesine we ussatlygyna eýe boldy. Häzirki wagtda milli howa menzili dünýä belli “Boing-757”, “Boing-737”, “Boing-717” uçarlaryna, şol sanda uzak aralyga uçýan “Boing-767-300 ER” howa gämisine eýe bolup durýar. “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” durmuşa geçirilýän döwründe şunuň ýaly howa gämileriniň sany artdyrylar. Bu bosla öz gezeginde Aşgabatdan Pariže (Fransiýa Respublikasy), Madride (Ispaniýa), Jakarta (Indoneziýa), Maskata (Oman Soltanlygy), El-Kuweýte (Kuweýt Döwleti), Singapura (Singapur Respublikasy), Şarm-el-Şeýhe, Hurgada, Kaire (Müsür Arap Respublikasy) we beýleki ýerlere täze howa ýollaryny açmaga mümkinçilik berer.
Meýilnamalaşdyrylýan täze howa gatnawlarynyň diňe ýolagçy gatnatmaga we ýük daşamaga artýan islegleri kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän “açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny üstünlikli amala aşyrmaga, söwda-ykdysady, ynsanperwer gatnaşyklary, syýahatçylyk we beýleki ugurlary giňeltmäge möhüm goşant boljakdygy gürrüňsizdir.