Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäherini mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan maslahat geçirdi. Oňa Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesi, Mejlisiň Başlygy, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri gatnaşdylar.
Maslahatyň gün tertibine Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek we täze dörediljek etraplaryň çäklerini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky topar tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak meselesi girizildi. Şunuň bilen baglylykda, täze etraplaryň çäklerini abadanlaşdyrmak we olaryň häzirki zaman düzümini ösdürmek bilen bagly teklipler berildi we edilmeli işleriň meýilanamasy kesgitlendi.
Hormatly Prezidentimiz maslahatyň gün tertibine geçmek bilen, ilki Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewe söz berdi. Ol Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek we täze dörediljek etraplaryň çäklerini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň geçiren işleri, şeýle hem täze döredilýän etraplaryň çäkleriniň şekilleri barada hasabat berdi.
Wise-premýer hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyza paýtagtymyzda şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmagyň depginleri barada habar berdi. Şol maksatnamanyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbini emele getirdi. Täze ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, dolandyryş-işewür we senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi, durmuş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy şäheriň ilatynyň artmagyny şertlendirdi. Geografiki ýagdaýyny göz öňünde tutmak bilen, türkmen paýtagtyna gelip-gidýän myhmanlaryň sany artýar. Aşgabat şäheri halkara we dünýä derejesindäki çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Bularyň hemmesi ak mermerli paýtagtymyzy ösdürmek boýunça täze wezipeleri öňde goýýar we şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda döredilen topar tarapyndan Ahal welaýatynyň Abadan şäheriniň we Ruhabat etrabynyň ýerlerini Aşgabat şäheriniň çägine goşup, täze etraplary döretmek hem-de täze dörediljek etraplaryň çäklerini kesgitlemek boýunça zerur işler geçirildi.
Nygtalyşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ruhabat etrabynda we Abadan şäherinde alnyp barylýan gurluşyklaryň Aşgabat şäherinde gurulýan desgalaryň binagärlik keşbine kybapdaş bolup, sazlaşykly utgaşýandygy we olaryň paýtagtymyzyň çägine ýakyn ýerleşýändigi göz öňünde tutulyp, Ahal welaýatyndan Aşgabat şäherine geçirilmeli ýer bölekleri kesgitlendi. Wise-premýer Aşgabat şäheriniň häzirki etraplarynyň käbiriniň çäkleriniň giňeldilýändigini, täze dörediljek etraplaryň çäklerini görkezýän çyzgylaryň üsti bilen bu barada jikme-jik maglumat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek bilen baglylykda, ilkinji nobatdaky wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, täze etraplary döretmek bilen bagly alnyp barylýan işlerde kemçilikler ýüze çykmaz ýaly, bu etraplaryň çäkleri bilen bagly meseleleriň üstünde ýene-de bir gezek oýlanyşykly işlenilmelidir.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ýaşaýjylary ähli amatlyklar bilen üpjün etmek, şol sanda jemagat hojalygy gullugynyň hyzmatlary, aragatnaşyk hyzmatlary, elektrik energiýasy, suw bilen üpjün etmek we ýollary abadanlaşdyrmak boýunça ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Bu işleri ýerine ýetirmek üçin, eger gerek bolsa, degişli ministrlikler we pudak edaralary çekilmelidir.
Dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň ýerleşjek ýerleri baradaky meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz wise-premýere bu edaralaryň täze binalarynyň bir nusgaly taslamasyny düzmek hem-de olaryň gurluşygyna girişmek barada tabşyryk berdi. Täze dörediljek etraplaryň häkimlikleriniň işgär sanyna we gurluşyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz beýleki bölümler bilen bir hatarda, oba hojalygyny dolandyrýan bölümler hem döredilse, maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.
Milli Liderimiz täze dörediljek etraplaryň çäklerinde bar bolan senagat zolaklaryny netijeli peýdalanmaga we täze iş orunlaryny döretmäge ünsi çekip, wise-premýere öňdebaryjy daşary ýurt tehnologiýalaryny peýdalanmak arkaly ekologiýanyň talaplaryna doly laýyk gelýän täze kärhanalary gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak barada hem görkezme berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa söz berildi. Ol Aşgabat şäherine Ahal welaýatynyň käbir etraplaryny birleşdirmek we olaryň çäklerini kesgitlemek babatda gözegçilik edýän pudaklarynda geçirilen işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, täze dörediljek etraplaryň çäginde obasenagat önümçiligini hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, ilaty dürli gök önümler bilen üpjün etmek üçin mäkäm binýady döretmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere etraplaryň ýaşaýjylaryny iş bilen üpjün etmek maksady bilen, olara ýerleri uzakmöhletli esasda peýdalanmak üçin kärendä bermek, täze etraplarda gök önümleri ösdürip ýetişdirmek üçin ýyladyşhana hojalyklaryny gurmak babatda degişli görkezmeler berildi.
Ýerli ilat üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertleriniň döredilmelidigi barada aýdyp, döwlet Baştutanymyz bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Soňra toparyň düzüminde geçirilen işleriň netijeleri barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy H.Muhammedow hasabat berdi. Wise-premýer, hususan-da, döwlet Baştutanymyza täze etraplarda söwda ulgamyny döretmek, olaryň çäklerinde dokma senagatynyň kärhanalarynyň gurluşygy bilen bagly wezipeleri çözmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. .
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik düzüminiň işi täze etraplarda esasy ulgam bolup, paýtagtymyzyň ykdysady kuwwatyny kemala getirmelidir diýip belledi. Milli Liderimiz wise-premýere täze dörediljek etraplaryň bazarlar, dükanlar we zerur desgalar bilen üpjünçiligini gözden geçirmegi tabşyryp, täze etraplaryň ýaşaýjylarynyň azyk we beýleki harytlara elýeterliligini üpjün etmek meselesine ünsi çekdi. Şäheriň ösüşini köp babatda kiçi we orta işewürligiň bu işe gatnaşmagy hem kesgitleýär diýip, döwlet Baştutanymyz täze etraplary paýtagtymyzyň hojalyk işine doly çekmek üçin telekeçilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň möhümdigini belledi.
Aşgabat şäheriniň dolandyryş-çäk düzüminiň üýtgemegi bilen baglylykda döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň iş dolandyryş müdirliginiň ygtyýarlygyna degişli meseleleri hem düýpli seljermegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz şol wezipeleri çözmegiň toplumlaýyn häsiýeti öz çäklerini giňeldýän ýurdumyzyň baş şäheriniň durmuş-ykdysady kuwwatyny doly amala aşyrmaga mümkinçilik berer diýip belledi.
Soňra maliýe-ykdysady ulgamynyň edaralarynyň alyp barýan işleri baradaky hasabat bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew çykyş etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, wise-premýer Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek we olaryň çäklerini kesgitlemek bilen başlanyşykly teklipleriň taýýarlanylyşy barada habar berdi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen paýtagtynda täze dörediljek etraplaryň kärhanalarynyň we edaralarynyň işleriniň ygtybarly guralmagyny üpjün etmek üçin olara zerur bolan serişdeleri hem-de maliýeleşdirmegiň çeşmesini kesgitlemek boýunça maliýe edaralarynyň öňünde duran ilkinji nobatdaky meseleleriň birnäçesine ünsi çekdi. Esasy meseleleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidenti täze etraplaryň häkimlikleriniň we bu ýerde işlejek beýleki guramalaryň işgär sanyny we wezipe sanawyny kesgitlemegi görkezdi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere ýüzlenip, degişli ýolbaşçylar bilen bilelikde maliýeleşdirmek bilen başlanyşykly hemme meseleleri jikme-jik öwrenmegi hem-de ýakyn wagtda olara garamak üçin teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýegeleýew Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek boýunça teklipleri taýýarlamak maksady bilen döredilen toparyň düzüminde geçirilen işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bellenilen giň gerimli wezipeleri üstünlikli çözmekde ulag-aragatnaşyk toplumynyň eýeleýän möhüm orny barada aýtmak bilen, milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk-de degişli pudaklara yzygiderli goldaw berjekdigini belläp, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda anyk tabşyryklary berdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz döwrebap jemgyýetçilik ulaglaryny has-da netijeli peýdalanmagyň möhümdigini belledi. Şunda döwlet Baştutanymyz ýolagçylara hyzmat etmegiň ýokary derejesiniň meselelerini berk gözegçilikde saklamagy talap etdi we wise-premýere täze etraplarda awtobus hereketini, şeýle hem aragatnaşyk ulgamynyň, Internediň işini we beýleki zerur hyzmatlary talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Nurmyradowa Aşgabatda dörediljek täze etraplaryň medeniýet düzümlerini ösdürmäge, bu ýerde ilata boş wagtlaryny peýdaly geçirmegi üçin dynç alyş-köpçülikleýin çärelerini geçirmäge amatly şertleri döretmäge degişli we garamagyndaky düzümleriň işiniň beýleki ugurlary boýunça teklipleri taýýarlamak hakynda döwlet Baştutanymyza habar berdi.
Mundan başga hem wise-premýer türkmen paýtagtyna bagyşlanan täze neşirleri hormatly Prezidentimize görkezdi, olaryň hatarynda Aşgabat barada dürli ýyllarda döredilen iň gowy aýdymlar bolan sowgatlyk disk, goşgularyň we hekaýalaryň ýygyndysy, Aşgabat Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň şäheridir atly fotoalbom, şeýle hem paýtagtymyzyň Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ajaýyp ýerleri hakyndaky kitap bar.
Döwlet Baştutanymyz bu meselä düýpli çemeleşmegiň zerurdygy hakynda söz açyp, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin has oňaýly şertleri kemala getirmekde medeniýet gurşawy möhüm orun tutýar diýip aýtdy. Milli Liderimiz wise-premýere şäheriň düzüminde täze dörediljek etraplarda ýerleşýän medeniýet ulgamynyň işini seljermegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Medeniýet ministrligi tarapyndan olaryň işine usulyýet taýdan goldaw bermek barada görkezme berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu işde milli mirasymyzy we däplerimizi goramak hem-de wagyz etmek boýunça wezipeleri utgaşdyryp, medeni-köpçülik işlerine toplumlaýyn çemeleşmegiň, häzirki zaman tehnologiýalaryny we işiň täze görnüşlerini işjeň ornaşdyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra hasabat bermek üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewe söz berildi. Wise-premýer Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek we olaryň çäklerini kesgitlemek boýunça toparyň düzüminde özüniň gözegçilik edýän ulgamlary tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabaty diňläp, döwlet Baştutanymyz dörediljek täze etraplarda saglygy goraýyş we bilim edaralary bilen baglanyşykly ilkinji nobatdaky meselelere ünsi çekdi. Mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglyk öýleriniň we beýleki degişli edaralaryň ýerleşjek ýerlerini jikme-jik öwrenmegiň zerurdygyny aýdyp, milli Liderimiz wise-premýere saglygy goraýyş we bilim edaralary üçin zerur bolan işgär sanyny we wezipe sanawyny kesgitlemegi tabşyrdy.
Täze etraplarda durmuş ulgamynyň ähli desgalarynyň işini zerur bolan derejede guramak möhümdir. Olaryň paýtagtyň düzümlerine bildirilýän talaplara laýyk ýokary ülňülere gabat gelmelidigini nygtap, Türkmenistanyň Prezidenti wise-premýere birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek we täze dörediljek etraplaryň çäklerini kesgitlemek boýunça alnyp barlan işler barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow çykyş etdi.
Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtyň täze etraplarynyň düzümlerini ösdürmek bilen göniden-göni baglanyşykly bolan birnäçe meseleleri görkezdi. Hususan-da, wise-premýere gazlaşdyrmak we ilaty tebigy gaz bilen, şeýle hem awtoulaglary ýangyç-çalgy ýaglary bilen üpjün etmek meselelerine ilkinji nobatda üns bermegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz eger zerurlyk ýüze çyksa, bu ýerde ulaglar üçin ýangyç guýyjy täze beketleri gurmagy hem göz öňünde tutmak barada görkezme berdi.
Soňra Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek we täze dörediljek etraplaryň çäklerini kesgitlemek boýunça ýerine ýetirilen işler barada Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berdi. Hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtyň täze etraplarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly we ilkinji nobatda jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň hem-de hukuk goraýjy düzümleriniň zerur bolan işini üpjün etmäge degişli ähli meseleleriň çözülmegi boýunça öz wagtynda hem-de utgaşykly möhüm çäreleri görmegi tabşyrdy.
Soňra çykyş eden Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedowyň hasabatynda sebitde işleriň ýagdaýy hem-de milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, hususan-da, şu günki garalýan meseleler bilen bagly teklipler beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkyň abadançylygyny ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň şäherlerini we obalaryny abadanlaşdyrmak boýunça geçirilýän işleriň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmek her bir ýolbaşçynyň esasy aladasy bolmalydyr diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilen milli özgertmeler maksatnamalarynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişine gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Ahal welaýatynyň käbir ilatly ýerleriniň Aşgabat şäherine degişli etmek baradaky meseläniň üstünde durup geçmek bilen, milli Liderimiz häkime degişli düzümleriň ýolbaşçylary bilen bilelikde dolandyryş-çäk bölünmesiniň üýtgemegi bilen bagly bolan ähli meseleleri seljermegi hem-de degişli ugurda kabul edilýän çözgütleriň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Soňra paýtagtymyzyň täze etraplaryny döretmek we olaryň çäklerini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň işiniň çäklerinde geçirilen işler hakyndaky hasabat bilen Aşgabat şäheriniň häkimi R.Nurmämmedow çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen paýtagtyny mundan beýläk-de ösdürmek we onuň täze dolandyryş-çäk birliklerini kemala getirmek bilen baglanyşykly ähli wezipeleri çözmäge oýlanyşykly hem-de jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, Aşgabat şäheriniň häkimine bu barada birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti täze etraplarda döwrebap ýaşaýyş-durmuş, inžener-tehniki we ulag-aragatnaşyk düzümlerini döretmek , jemagat hem-de beýleki degişli gulluklaryň sazlaşykly, bökdençsiz işini üpjün etmek boýunça göwnejaý çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny belledi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze etraplaryň paýtagtymyzyň bir bitewi şäher giňişligine sazlaşykly goşulmalydygyny belläp, olaryň abadanlaşdyrylyşyna degişli meselelere ünsi jemlemek bilen, bu babatda ähli ýagdaýlary, şol sanda ilat üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek, ekologiýa we estetiki taraplar ýaly şertleri nazara almak bilen toplumlaýyn, oýlanyşykly çemeleşmek hem zerurdyr diýip nygtady.
Türkmenistanyň Prezidenti ýokarda aýdylanlary umumylaşdyryp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmäge degişli ähli meseleler uzakmöhletli geljekde şähergurluşyk ulgamyna öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasion tehnologiýalary giňden çekmek we göwnejaý, amatly şäher gurşawyny kemala getirmek bilen çözülmelidir diýip, ýene-de bir gezek nygtady. Gözelligiň we oňaýlylygyň sazlaşykly utgaşmagy, adamlaryň abadan durmuşa üçin ähli şertleriň döredilmegi–häzirki wagtda ak mermere örtülen türkmen paýtagtynda ýaýbaňlanan özgertmeler meýilnamalaryny durmuşa geçirmekde zerur bolan çelgiler şulardan ybaratdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.
Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa paýtagtymyzda täze etraplary döretmek we täze dörediljek etraplaryň çäklerini kesgitlemek babatda, şeýle hem olarda işleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak we Aşgabat şäherinden deputatlaryň işine dahylly beýleki meseleler bilen baglanyşykly milli parlamentiň alyp barýan işleri barada habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz kanunçykaryjylyk işiniň döwlet syýasatyny we milli özgertmeleri durmuşa geçirmegiň möhüm guraly bolup durýandygyny belledi. Halkyň saýlan wekilleriniň ýerli häkimiýet, jemgyýetçilik guramalary bilen özara hereketi ýygjamlaşdyrmagynyň möhümdigini nygtap, hormatly Prezidentimiz ilat bilen duşuşyklaryň yzygider geçirilmegi, ýerlerde bar bolan we çözülmän galan meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy paýtagtyň derejesine laýyklykda şäheriň täze çäklerini ösdürmek boýunça ilkinji nobatdaky bilelikdäki meseleleri kesgitlemelidir diýip aýtdy. Milli Liderimiz Mejlisiň Başlygynyň ünsüni beýleki degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda Aşgabat şäherinde täze etraplary döretmek, olaryň çäklerini kesgitlemek we olary bellenen tertipde tassyklamak boýunça zerur bolan resminamalary taýýarlamagyň zerurdygyna çekdi.
Hasabatlary umumylaşdyryp we maslahatyň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakyn günlerde Maslahat köşgünde boljak maslahatda bu meselä has jikme-jik garaljakdygyny aýtdy.
Aşgabat şäheri Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň paýtagty diýen belent ada mynasyp bolmalydyr. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek boýunça işler durmuş-ykdysady ýagdaýlaryň artýan depginini nazara almak bilen has-da ösdürilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Paýtagtymyzy ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdyklaryna berk ynam bildirip, milli Liderimiz bu ýere ýygnananlara jogapkärli işde uly üstünlikleri arzuw etdi.