Ýokary tizlikli Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýoluny TSTB-niň agzalary bolan «Altyn Nesil», «Hyzmat Merkezi», «Oguz Ýol», «Nusaý Ýollary» telekeçilik düzümlerinden we beýleki kömekçi potratçy guramalardan ybarat «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti gurar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, strategiýa taýdan möhüm ýokary tizlikli ýol 2019-njy ýylyň ýanwaryndan 2003-nji ýylyň dekabry aralygynda üç tapgyrda: Aşgabat – Tejen bölegi 2020-nji ýylyň dekabryna, Tejen – Mary aralygy – 2022-nji ýylyň dekabryna, Mary – Türkmenabat bölegi – 2023-nji ýylyň dekabryna gurlar.
Baş potratçy ABŞ-nyň 2,3 milliard dollary möçberindäki döwlet karzyny özleşdirer. Ýakyn wagtda «Türkmen Awtoban» ÝGPJ awtomagistralyň gurluşygyna girişer. Munuň üçin ýoluň ilkinji örtügi düşeljek Aşgabat – Daşoguz ýolunyň 24-nji kilometrine ýol-gurluşyk tehnikalary we enjamlary jemlenildi.
Gurluşyk holdinginiň hünärmenleriniň aýtmagyna görä, taslamada Aşgabady uly senagat we üstaşyr geçelge mümkinçiligi bolan sebitiň – Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezi Türkmenabat şäheri bilen birleşdirjek ýokary tizlikli ýoluň has oňaýly ugry göz öňünde tutulan.
Geljekki ýoluň ilkinji onlarça kilometrlerinde geologik we topografik barlaglar geçirildi. «Türkmen Awtoban» ÝGPJ-niň potratçylary alymlar, taslamaçylar, Türkmenistanyň pudaklaýyn institutlarynyň we döwlet kärhanalarynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda inženerçilik desgalaryň ýerleşýan ýerleriniň umumy çyzgysyny we ýoluň tehniki aýratynlyklaryny işläp taýýarladylar.
Ýoluň ugrunda utgaşdyrylan töleg terminallary, ululy-kiçili köprüleriň onlarçasy, şol sanda demir ýollardan, beýleki ýollaryň kesişýän ýerlerinden geçýän, sil akymy ugurlarynyň, Murgap we Garagum derýalarynyň üstünden köprüler gurlar. Tizligi ýokarlandyrmak ýada peseltmek üçin sürüjiler ýörüte zolaklara geçerler. Mundan başga-da, awtobanyň ugrunda ýokary tizlikli ýoly ilatly ýerler bilen birleşdirýän turba görnüşli ýolaýrytlary gurmak göz öňünde tutulýar.
Ýoluň ugrunda ýokary dünýä ölçeglerine laýyklykda wideogözegçilik ulgamlary we beýleki ýörüte enjamlar bilen üpjün edilen tehniki merkezleriniň birnäçesi, ýol gözegçilik gullugynyň nokatlary, awtoulaglara tehniki hyzmat nokatlary, hyzmatlar gulluklary bolar. Ýoluň iki tarapynda bellenilen ýerlerde dükanlar, myhmanhanalar we kafeler, ýapyk we açyk awtoduralgalar, ýangyç guýýan beketler, beýleki degişli binalar ýerleşer. Ýoluň ugrunda heläkçilikli ýasgdaýlar üçin aragatnaşyk nokatlary oturdylar, şeýle hem sürüjiler şol wagtyň özünde howanyň ýagdaýy barada maglumat alyp bilerler. Telekeçilik ýüklerini daşaýan ulaglara gözegçilik gözegçilik ulgamlary ( belenltigi ölçeýän ýörüte enjamlar, ulaglaryň okuna düşýän agramy awtomatik usulda ölçeýän we ş.m. enjamlar) işlediler.
Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen türkmen hünärmenleri bu ulgamdaky öňdebaryjy dünýä usullaryny öwrenýarlar. Ýol-ulag hadysalaryny we olaryň agyr netijelerini azaltmaga niýetlenen Vision Zero programmasy şolaryň biridir.
Ýokary tizlikli awtomobil ýoly logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr-ulag düzümlerini giňeltmäge we daşary söwda dolanşygyny artdyrmaga ýardam eder.
turkmenistan.gov.tm