14.9 C
Aşkabat
23.11.2024
YLYM

Aşgabatda Magtymguly nemesleriň gözi bilen atly kitabyň tanyşdyryş çäresi boldy.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar institutynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda neşir edilen “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly kitabyň tanyşdyryş çäresi geçirildi.

Täze kitap ýurdumyzda we dünýäniň köp döwletlerinde giňden bellenilýän beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygyna bagyşlanyp çap edildi. Şahyryň çuňňur pelsepä ýugrulan eserleri bütindünýä medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Bu kitap nemes we türkmen alymlarynyň bilelikdäki zähmetiniň netijesi bolup, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň pelsepeli garaýşlaryny we onuň eserleriniň şahyranalygyny düýpli açyp görkezýän, esasan-da, Magtymguly Pyragynyň ýaşan we döreden döwrüniň aýratynlyklaryny beýan edýän makalalary hem öz içine alýar.

”Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly ýygyndy göwrümli giriş makalasy bilen açylýar, giriş hökmünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Pyragynyň şahyrana dünýäsi müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen türkmen pelsepesine, milletiň kalbynyň owazyna, türkmen ruhunyň synmaz sütünine öwrüldi” diýen sözleri getirilýär. Milli Liderimiziň bu sözlerinde türkmen halkynyň beýik şahyryna bolan belent hormat-sarpasynyň özeni jemlenendir, şahyryň eserleri bolsa häzirki wagtda hem möhümligini saklap, şahyranalygy bilen ynsanperwer gymmatlyklary wasp edýär, ruhy, ahlak taýdan terbiýeleýär.

Täze neşiriň tanyşdyryş çäresine Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ugurly institutlarynyň ylmy işgärleri, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň baştutany we wekilleri, Akademiki alyşmalaryň german gullugynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Onda bilelikdäki işiň iki dostlukly halklaryň soňky ýyllarda barha giňelýän däbe öwrülen ruhy-medeni gatnaşyklarynyň, olaryň özara düşünişmäge we hyzmatdaşlyga bolan çemeleşmeleriniň subutnamasydygy nygtaldy.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Wolfgang Brett çykyşynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli iri möçberli dabaralary geçirmek baradaky başlangyç bilen çykyş eden Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, şol çäreleriň dünýäniň dürli ýurtlarynda Magtymgulynyň şahsyýeti we döredijiligi barada adamlaryň gözýetimini has giňeltmäge, şahyryň döredijilik mirasy babatynda täze ylmy barlaglaryň peýda bolmagyna we eserleriniň has köp terjime edilmegine ýardam berendigini nygtady. Diplomatyň belleýşi ýaly, “Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly kitabyň şu ýylyň 23-nji sentýabrynda dabaraly ýagdaýda Berlinde tanyşdyryşynyň bolandygyny we häzirki günde onuň nemes hünärmenleri – gündogary öwrenijiler, giň okyjylar köpçüligi tarapyndan iň köp okalýan kitaplyryň biridigini belledi.

Täze kitaba girizilen “Magtymguly: şahyryň ukyby” atly makalanyň awtory hanym Annegret Baýer dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, nemes okyjylarynyň Magtymgulynyň döredijiligi bilen tanyşlygynyň taryhy, onuň eserleriniň nemes diline ilkinji gezek terjime edilişi hakynda gürrüň berdi. Ol türkmen we nemes alymlarynyň taýýarlan şu kitabynyň Magtymguly Pyragynyň, şeýle hem türkmen nusgawy edebiýatynyň beýleki meşhur wekilleriniň döredijiligini öwrenmek boýunça mundan beýläk alyp barjak bilelikdäki işlerinde öz dowamyny tapjakdygyna ynam bildirdi.

Öz döwrüniň ajaýyp wekili, medeni we ruhy gymmatlyklaryň meşhur waspçysy Magtymguly dünýä edebiýatynyň iň meşhur ähmiýetli wekilleriniň biri bolmak bilen, onuň täsiri we ähmiýeti taryhy çygryň hem-de milli ölçegleriň çäklerinden has belende göterildi. Türkmenistanda we dünýäniň köp ýurtlarynda Magtymguly Pyragynyň şygryýetiniň alamaty astynda 2014-nji ýyl tamamlanyp barýar. Şu ýylyň dowamynda guralan köpsanly çäreler, çap edilen täze makalalar we türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň dünýäniň köp dillerine terjime edilen eserleri beýik çeper söz ussadynyň şahsyýetine we döredijiligine täzeden uly gyzyklanma döretdi, beýik şahyryň eserleri diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjydyr diýip, ýygnananlar bellediler.

“Magtymguly nemesleriň gözi bilen” atly ýygyndynyň Gýöttingen şäheriniň “MatriхMedia Verlag” neşirýatynda türkmen, nemes we rus dillerinde ýokary çaphana derejesinde neşir edilmegi bu kitaby okyjylaryň has köpüsiniň okamagyna mümkinçilik berýär.

Degişli makalalar

Hünärmenleri Taýýarlamagyň Täze Ugurlary

syrach

Ýerajy Çäkli Goraghanasy: Guşlaryň Gyşky Hasabaty Hem-de Türkmen Tebigatynyň Şahyrana Keşbi

Bozdepe