Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergiler merkezinde Bilim ministligi, Sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe» atly halkara sergisi açyldy.
Her ýyl geçirilýän serginiň esasy maksady döwlet durmuş syýasatynyň möhüm ugurlary bolan bilim, bedenterbiýe we sport ulgamlaryny ösdürmäge ýardam etmekden, bu babatda möhüm ugurlar hem-de esasy meýiller bilen tanyşdyrmakdan, döwrebap tehnologiýalary ilerletmekden we bilim bermegiň usulyny ýokarlandyrmaga ýardam edýän döwrebap tehnologiýalary hem-de öňdebaryjy usullary ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Sergi sentýarba Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilmegi bilen baglylykda, aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu oýunlar ýokary derejede guraldy hem-de dünýäniň sport döwleti hökmünde Türkmenistanyň derejesini tassyklady. “Aşgabat 2017” oýunlary ýaly ägirt uly sport ýaryşlarynyň geçirilmegi ýurdumyzy ýokary netijeli sporty ösdürmek we wagyz etmek babatda tejribe alyşmak üçin özüne çekiji çärä öwürdi.
Şu ýyl sergä dünýä ýurtlarynyň 30-a golaýynyň wekilleri gatnaşdylar, olaryň hatarynda ABŞ-nyň, Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň, Malaýziýanyň, Latwiýanyň, Ukrainanyň, Belarusuň, Gazagystanyň we beýleki ýurtlaryň wekilleri bar. Sergi bölümleriniň oýlanyşykly ýerleşdirilmegi bu ýere gelýänleri serginiň maksady bilen tanyşdyrmaga ýardam edýär. Diwarlyklaryň onlarçasy dürli ýurtlaryň bilim ulgamy, şol sanda esasy önüm öndürijileriň önümleri, IT-tehnologiýalary, innowasion barlaghana enjamlary bilen tanyşdyrýar.
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň hem-de ýokary okuw mekdepleriniň diwarlyklarynda dürli ylym we okuw usulyýet edebiýaty, şeýle hem talyplaryň arasynda geçirilýän halkara olimpiadalarynyň ýeňijileriniň kuboklary, medallary we diplomlary görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde ýokary okuw mekdeplerinde bilim bermegiň döwrebap usulyýeti we hünärler barada jikme-jik maslahatlary almak bolýar.
Ýeri gelende aýtsak, biziň talyplarymyz häzir gyzykly taslamalaryň we ylmy işleriň awtorlary bolup durýar. Zehinli türkmen ýaşlarynyň işläp düzen dürli binagärlik desgalarynyň taslamalary hem-de täze kompýuter maksatnamalary, robot tehnikalary we ylmy abzallary muňa mysal bolup biler.
Bilim ulgamyna maglumat tehnologiýalaryny, bilim bermegiň täze usulyýetleriniň we maksatnamalarynyň ornaşdyrylmagyna şaýatlyk edýän orta ýörite mekdepleriň okuwçylarynyň işleri gyzyklanma döredýär.
Ylymlar akademiýasynyň degişli institutlary ýurdumyzyň alymlarynyň geljegi uly bolan işleri bilen tanyşdyryp, türkmen alymlarynyň täze ylmy we tehnologik üstünliklerine ünsi çekýär.
Şu ýyl Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň täze himiýa fakultetiniň täze binalar toplumy açyldy, ol dürli ylmy dersleriň düýpli öwrenilmegini öz içine alýan okuw maksatnamasy bilen tanyşdyrdy.
Ýurdumyzyň we daşary döwlet kompaniýalarynyň diwarlyklary sergä gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Olar bilim ulgamynyň döwrebap maksatnama – usulyýet toplumlaryny synagdan geçirmegi teklip etdiler. Bu toplumlar interaktiw tagtalary we stollary öz içine alýar.
Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dünýäniň dürli sebitleriniň ýokary okuw mekdepleri, milli we halkara guramalary hem-de assosiasiýalary, talyplary daşary ýurtlarda okatmak we alyşmak boýunça agentlikler, önüm öndürijiler hem-de okuw edebiýatyny we programma önümlerini öndürijiler bolup, olaryň hatarynda “Intel” (ABŞ), “Lenowo”, “Huawey” (Hytaý) we beýlekiler bar. Bu ýerde kompýuter tehnologiýalary ulgamynda soňky gazanylan üstünlikler, şeýle hem okuw edaralary üçin täze enjamlar we mebeller görkezilýär.
Sergide aýratyn gyzyklanma döredýän ugur sport ulgamy bolup durýar. Bu bölümde ýurdumyzyň we daşary döwletleriň sport guramalary, şeýle hem sport enjamlaryny, abzallaryny we egin-başlaryny öndürijiler bilen tanyşdyrylýar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda dürli sport federasiýalary we mekdepleri bolup, olaryň şägirtleri bu ajaýyp bäsleşigiň açylyş dabarasynda görkezme maksatnamasy bilen çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň diwarlyklarynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türgenlerimiziň gazanan sylaglaryny, ýurdumyzyň çägi boýunça 500 günlük atly ýörişde “Aşgabat 2017” oýunlarynyň alawyny görmek bolýar.
Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň diwarlyklarynda türgenlerimiziň dürli we milli halkara ýaryşlarynda gazanan altyn kuboklary görkezilýär. Sergi bölümlerinde ýurdumyzyň göreş, dzýudo, boks, ýaýdan ok atmak, agyr we ýeňil atletika, hokkeý, basketbol, taý boksy, sport tanslary, bilýard, küşt hem-de beýleki ugurlar boýunça sport federasiýalary yzygiderlilikde ýerleşdirildi.
Sergide ilkinji gezek täze Aşgabat golf kluby bilen tanyşdyryldy, onuň açylyş dabarasy 17-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirildi. Häzir golf dünýäde uly meşhurlyga eýe bolup, sportuň bu görnüşi üçin meýdanlaryň peýda bolmagy Türkmenstanda sport düzümini ösdürmegiň nobatdaky tapgyryna öwrüldi.
Günüň ikinji ýarymynda ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň mejlisler zalynda ylmy maslahatyň umumy mejlisi öz işini dowam etdi. Ol milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bilim we sport babatda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga bagyşlandy.
Forumyň barşynda halkara hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Ol uniwersitetleriň, institutlaryň we ýörite orta mekdepleriniň, sport guramalarynyň arasynda göni gatnaşyklary ösdürmek, bilelikdäki ynsanperwer taslamalary amala aşyrmak, wekiliýetleri alyşmak arkaly degişli ugurlarda ýokary hilli özgertmeleriň geçirilmegini ugur edinýär.
Maslahatyň maksatnamasynda paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde, Milli sport we syýahatçylyk institutynda, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynda, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda bölümler boýunça mejlisleriň dördüsini geçirmek göz öňünde tutulýar. Olar bilim ulgamynda ýaýbaňlandyrylan özgertmelere hem-de sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ugurlaryna, bilim we sport ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda innowasion tehnologiýalaryň ornuna hem-de ähmiýetine bagyşlanar.