Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIII maslahaty boldy. Däp boýunça ildeşlerimiziň ýurdumyzyň baş baýramyna—Garaşsyzlyk gününe gabatlanyp geçirilýän forumynyň işine Türkmenistanyň ähli künjeklerinden gelen wekiller, şeýle hem dünýäniň ýigrimä golaý ýurdunda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri gatnaşdylar.
Milleti jebisleşdirmek, dünýä türkmenleri bilen köp ugurly gatnaşyklary giňeltmek, garaşsyz türkmen döwletiniň ýöredýän syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daşary ýurtlara saparlarynyň barşynda ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olary ünsden düşürmän goldaw berýär. Dünýä türkmenleriniň taryhyny öwrenmek hem türkmen taryhçy alymlaryň işiniň möhüm ugry bolup durýar.
Häzirki wagtda dünýä türkmenleri ata Watanymyz bilen ysnyşykly gatnaşyk saklap, onuň gazananlaryna we halkara derejesinde at-abraýynyň artmagyna buýsanýarlar hem-de ata-babalarymyzyň dogduk mekanynyň rowaçlyk gazanmagyna önjeýli goşant goşýarlar Häzirki wagtda dünýäniň 14 sany ýurdunda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň 27 sany bölümi hereket edýär. Onuň düzümi köpçülikleýin agzalaryň 300-den gowragyndan we özbaşdak agzalaryň ýüzlerçesinden ybaratdyr.
Täze Galkynyş eýýamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi boýunça täze sahypa açyldy. Soňky ýyllarda daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiz bilen geçirilýän işleriň mazmuny baýlaşdyryldy we esasy ugurlary ep-esli derejede özgerdildi. Her ýylda Türkmenistanda ildeşlerimiziň agzybirliginiň pugtalandyrylmagyna, milletiň ruhy taýdan jebisleşmegine, türkmenleriň özboluşly däp-dessurlarynyň we adatlarynyň saklanylmagyna, milli medeniýetiň wagyz edilmegine ýardam berlip, «Özgeriş ülkesi—türkmen ýaýlasy» diýen festiwal geçirilýär, bu festiwal ýurdumyzyň çäklerinden daşarda-da meşhurlyga eýe boldy. Ylym we bilim, medeniýet we sungat, telekeçilik ýaly ugurlardaky gatnaşyklar işjeňleşdirildi. Dünýä türkmeneriniň ynsanperwer birleşigi Garaşsyz bitarap Türkmenistanyň syýasatyny wagyz etmek, täze Galkynyş eýýamynda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, dünýäde türkmen halkynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny we adatlaryny wagyz etmek, halkymyzyň taryhyny we dilini öwrenmek işine degerli ýardam berýär.
Mälim bolşy ýaly, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň maslahaty her ýylda geçirilýär. Ata Watanymyzyň çäkleriniň daşynda ýaşaýan türkmenler bu hakykatdan-da, ählitürkmen forumyna wekil bolup gatnaşmagy uly mertebe hasaplaýarlar. Olar beýik baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistana gelip, bu şanly senä gabatlanyp geçirilýän köp sanly dabaralara we çärelere gatnaşýarlar hem-de olar üçin häzirki wagtda taryhy Watanymyzda bolup geçýän ägirt uly özgertmeleriň güýjüni we ruhuny içgin duýmaga örän oňaýly mümkinçilik döreýär.
Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XIII maslahatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyzlyk binasyna gül desselerini goýdular. Günüň ikinji ýarymynda «Mekan» köşgüniň mejlisler zalynda forumyň açylyş dabarasy boldy, oňa hökümetiň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Umumymilli «Galkynyş» hereketine girýän iri jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym we medeniýet işgärleri, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň köpçülikleýin agzalary bolup durýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Forum Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy.
Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns berip, ruhubelentlik bilen diňlediler. Milletiň Lideri delegatlary tüýs ýürekden mübärekläp, hemmeleri Garaşsyzlygyň 19 ýyllygy we däp boýunça bu şanly baýramçylyga gabatlanyp geçirilýän maslahatyň öz işine başlamagy bilen mähirli gutlady. Hormatly Prezidentimiz «Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan ildeşlerimiz bilen ykdysady hyzmatdaşlygy, medeni gatnaşyklary ösdürmek, dünýä türkmenlerini bir supranyň başynda jemlemek hem-de halkymyzyň at-abraýyny has-da ýokary götermek döwlet syýasatymyzyň esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar» diýip belledi.
Ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagyny şowhunly el çarpmak bilen kabul etdiler.
Maslahatyň işiniň barşynda daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýanlaryň wekilleri çykyş edip, Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa progressiw reformatorçylyk syýasatyny ýöredýändigi, parahatçylyga, rowaçlyga we ösüşe gönükdirilen konstruktiw halkara başlangyçlaryny öňe sürýänligi üçin ähli ildeşlerimiziň adyndan çuňňur hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Çykyş edenleriň ählisi ata-babalarymyzyň topragynda uly özgertmeleriň bolup geçýändigine tüýs ýürekden buýsanýandygyny, şeýle hem türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň durmuşyna işeňňir gatnaşmaga çalyşýandygyny aýtdylar. Çykyş edenler dünýä türkmenleriniň milli däp-dessurlary we adatlary, dilimizi we medeniýetimizi aýawly saklamak hem-de täze Galkynyş eýýamynda Türkmenistanyň gazananlaryny wagyz etmek arkaly, milletiň beýik medeni mirasynyň wagyz edilmegine degerli ýardam berýändigi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygy we dostlugy, hoşniýetli goňşuçylygy we dünýäniň dürli ýurtlary bilen deňhukukly, konstruktiw hyzmatdaşlygy ugur edinip, ýöredýän syýasaty boýunça doly ygtyýarly wekiller bolup durýandygyny bellediler.
Maslahatyň barşynda bu birleşigiň agzalygyna saýlananlara agzalyk biletlerini bermek, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işeňňir agzalaryna hormat hatlaryny gowşurmak dabarasy bolup geçdi.
Maslahatyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, ýygnananlar milletiň Liderini Garaşsyzlygyň 19 ýyllygy bilen gutlap, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak we onuň daşary syýasatdaky at-abraýyny artdyrmak, milleti ruhy taýdan galkyndyrmak ugrunda alyp barýan uly möçberli zähmeti hem-de daşary ýurtlarda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň işine uly üns berýändigi üçin hoşallyk sözlerini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa berk jan saglyk, egsilmez güýç-kuwwat we uzak ömür, ata Watanymyza gulluk etmek ýaly asylly işde täze uly üstünlikleri gazanmagyny arzuw etdiler.
Foruma gatnaşyjylar we myhmanlar mejlisler zalynyň öňündäki giň foýede guralan serginiň Türkmenistanyň taryhy, türkmen halkynyň gadymy däp-dessurlary we özboluşly sungaty barada täsirli gürrüň berýän eksponatlary bilen uly gyzyklanma bildirip tanyşdylar.
Bu şanly waka mynasybetli we Türkmenistanyň Prezidentiniň baş saglygyna sadaka berildi.
Maslahaty guraýjylaryň daşary ýurtly ildeşlerimiz üçin taýýarlan medeni çärelerinden ybarat bolan giňişleýin maksatnama boýunça ýaşlar, paýtagtymyzyň jemgyýetçiligi bilen köp sanly duşuşyklary geçirmek, konsertleri guramak, sergilere, muzeýlere, täze senagat we sosial-medeni desgalara, Aşgabadyň we onuň daş-töwergindäki gözel ýerlerine baryp görmek göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, biziň daşary ýurtly ildeşlerimiz ýudumyzyň baş baýramçylygyna—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan dabaraly çäreleriň ählisine hormatly myhmanlar hökmünde gatnaşarlar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm