9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabatda Eýran Sergisi Açyldy

Eýranyň “Pars Pegah Tejarat” sergi kompaniýasynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy onuň guramaçylary hökmünde çykyş etdiler. Türkmen paýtagtynda dostlukly ýurduň senagatynyň gazananlarynyň däbe görä geçirilýän sergisi Türkmenistanyň we Eýranyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge we berkitmäge, iki goňşy ýurduň işewür toparlarynyň hyzmatdaşlygynyň özara bähbitli ugurlaryny we mümkinçiliklerini öwrenmäge möhüm goşant boldy. 



Şu günki açylan sergi hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sazlaşykly ösýän ikitaraplaýyn türkmen-eýran gatnaşyklarynyň aýdyň beýanyna öwrülip, oňa paýtagtymyza gelen myhmanlaryň üç ýüze golaýy—120 sany eýran kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýolbaşçylar, menežerler, bilermenler we söwda agentleri gatnaşdylar. Biziň ýurdumyzyň öňden gelýän we ygtybarly hyzmatdaşlarynyň pikirine görä, olaryň köpüsi üçin forum ýola goýlan işewür gatnaşyklary berkitmäge we giňeltmäge täze itergi berer. Biziň ýurdumyza ilkinji gezek gelen myhmanlar — täze kompaniýalaryň 50-den hem gowragy üçin sergi öz önümlerini, taslamalaryny we hyzmatlaryny tanyşdyrmakda, geljekki bilelikdäki işler üçin mümkinçilikleri kesgitlemekde netijeli meýdança öwrüler. 

Häzir Eýran ägirt uly senagat we ylmy kuwwata eýe bolmak bilen, ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynda esasy orunlaryň birini eýeleýär, strategik ähmiýete eýe bolan, şol sanda sebit derejesindäki giň gerimli bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. 

Döwletara gatnaşyklary türkmen we eýran işewür toparlarynyň telekeçilik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanmasynyň artmagyna ýardam edýär. Munuň şeýle bolmagyna bolsa, Ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky bilelikdäki hökümetara toparynyň işi, şeýle hem yzygiderli geçirilýän işewürler maslahatlary ýardam edýär. 

Gazagystan-Türkmenistan-Eýran transmilli demir ýolunyň işe girizilmegi bilen iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge kuwwatly itergi berildi. 

Şu gün eýran önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisiniň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň hökümet agzalary, pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtly işewürler, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar. 

 Eýranyň aýdym-sazly, tans toparynyň çykyşlary, şeýle hem Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylar toparynyň we paýtagtymyzdaky Çagalar sungat mekdebiniň ýaş skripkaçylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan halk aýdymlarydyr sazlary baýramçylyk wakasyna milli öwüşgin çaýdy. 


Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz: “Eýranyň haryt öndürijileriniň Aşgabatda geçirilýän ýöriteleşdirilen sergisi goňşy ýurduň kompaniýalarynyň gazanan täze üstünliklerini görkezmek üçin oňat şertleri döredýär. Bu kompaniýalar öz ugurlary boýunça öňdäki orunlary eýeleýärler we dostlukly ýurduň iri senagat merkezlerine wekilçilik edýärler” diýip belledi. Milli Liderimiz Gutlagynda bu serginiň guralýan günlerinde ikitaraplaýyn söwda- ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny yzygiderli giňeltmek, häzirki döwürde gatnaşyklaryň täze, örän möhüm ugurlaryny kesgitlemek üçin geçiriljek türkmen-eýran işewürler maslahatynyň hem ähmiýetiniň uludygyny belledi. 

Goňşy ýurduň senagatçylarynyň we telekeçileriniň wekiliýetine wekilçilik edýän Eýran Yslam Respublikasynyň senagat, magdan we söwda ministriniň orunbasary Mojtaba Noşrouwtaç sergä gatnaşyjylara we myhmanlara ýüzlenip, beýan eden gutlag sözünde däbe öwrülen köpasyrlyk türkmen-eýran gatnaşyklary türkmen Lideriniň ýöredýän netijeli daşary syýasaty netijesinde bu gün täze ösüşe eýe bolýar diýip belledi. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösüşi munuň aýdyň subutnamasy bolup, taraplar ony has-da artdyrmagy maksat edinýärler. 

Köpugurly sergi Eýranyň senagat önümçiliginiň, dünýäniň köp döwletlerine, şol sanda biziň ýurdumyza eksport edilýän ýokary hilli önümleriň we harytlaryň aýdyň beýanyna öwrüldi. 

“Iran Khodro” konsorsiumynyň iri önüm öndürijileri milli awtomobil gurluşygynyň kuwwatlyklaryny görkezdiler. Olar sergä gelenlere ilkinji gezek döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen “Samand LX”, “Samand Sozen”, şeýle hem “Peugeot” kysymly ýeňil awtoulaglaryň täze nusgalaryny hödürlediler. 

Köpsanly diwarlyklar we pawilonlar serginiň agramly bölegini eýeläp, olarda gurluşyk senagaty, nebitgaz we elektroenergetika pudaklary, ýol-ulag pudagy, suw we oba hojalygy üçin enjamlaryň we tehnikalaryň, alýuminden we plastikden metal gurnamalaryň, bezeg we timarlaýyş gurluşyk materiallarynyň, tehnologik materiallardan we senagat dokmasyndan dürli örtükleriň nusgalaryny we maketlerini, hasaba alyş we paýlaýyş ulgamlaryň çylşyrymly abzallaryny görkezdiler. Halkara hil ülňülerine we ekologik howpsuzlygyna laýyk gelýän şol önümleriň köpüsi türkmen bazaryna giňden getirilip, olar özüni ýokary öndürijiligi, tygşytlylygy, dürli görnüşleri bilen tanatdy. 

Iri senagat desgalaryny we enjamlanyny taslamaga, gurmaga, sazlamaga, tehniki taýdan üpjün etmäge ýöriteleşdirilen kompaniýalaryň hatarynda “Kaýson”, “Pars Khavar”, “Abad Pahan Pars”, “Farassan Manufakturing” /suw desgalary, ötükler, suw arassalaýjy ulgamlar/, “ISTA”, Lule beton Gorgan “Mazandaran Cement”, “Gas souzan”, “Hafari shomal”, “ODCC” /nebitgaz düzümi/, “Electro kavir”, “Shomal mashinery”, “Motozen”, “ACECR” /elektroenergetika/ we beýlekiler bar. 

“Sadra” kompaniýasynyň diwarlyklary türkmen kärdeşleriniň gämi gurluşyk /nebit daşaýan tankerler, tirkegler/ we deňizde buraw desgalary babatda taslamalara we işlere bolan aýratyn gyzyklanmasyny özüne çekdi. 

Eýranyň energetika ministrliginiň ”IWPCO” kompanýiýasy ilkinji gezek suw serişdelerini we energetikasyny ösdürmek, gidroenergiýasyny öndürmek, iri meýdançalarda suwaryş ulgamlaryny gurmak boýunça toplumlaýyn taslamalary işläp taýýarlamak babatda hyzmatlary bilen tanyşdyrdy. 

“State Lives affair logistik” kompaniýasy mülkdarçylygy goldamak, ýokumly önümleri öndürýän we saklaýan iri toplumlary gurmak babatda teklipler bilen çykş etdi. “Marsus Com.” kompaniýasynyň önümleri hem obasenagat önümçiligini çalt ösdürmäge gönükdirilendir, ol şitilhanalar we gülhanalar toplumyny, şeýle hem sowadyş ulgamlaryny gurmagyň, ýyladyşhana enjamlaryny ýasamagyň taslamalaryny görkezýär. “Kimiadam” guş köpeltmek üçin taýýar we garylan iýmileriň dürli görnüşlerini hödürleýär. 

“Tagamly” önümler eýran sergisinde aýratyn orun eýeleýär. “Sirin Azal”, “Negar Taýmaz”, “Razavi Foode”, “Minoo Industrial Group”, “Delvesen” we beýleki önüm öndürijileriň diwarlyklary süýjülikleriň, kakadylan önümleriň, hoşboý ysly zatlaryň, süýji-köke önümleriň we konserwirlenen gök önümleriň dürli reňkli gaplary, şeýle hem dürli şireleri, içgileri we gök çaýlary bilen özüne çekdi. Sergä ilkinji gezek gatnaşýan “Jetaren Lahif” önüm öndürijiniň pawilonynda hoşboý ysly çaýlary hödür etdiler. 

“Golbarg Paper Core” firmasynyň diwarlygynda kagyz önümçiliginiň galyndylaryndan täze tehnologiýalar boýunça taýýarlanan dürli görnüşli karton gaplaryny görmek boldy. Olar ekologik taýdan howpsuz we örän tygşytlydyr. 

Sergide öz diwarlyklaryny Eýran Yslam Respublikasynyň ilçihanasynyň ýanyndaky Medeni merkez, “Saderat-Iýran” bankynyň Türkmenistandaky wekilhanasy hem ýaýbaňlandyrdylar. Olar işewür toparlaryň wekilleriniň arasynda ýakyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin şertleriň döredilmegine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. 

Elbetde, gadymy eýran el halylary, owadan gap-gaçlar, sowgatlyklar we beýlekiler sergä özboluşly öwüşgin çaýdy. Olar eýran halkynyň gadymy medeniýetiniň baý taryhynyň we sungatynyň esasyny düzýär. 

Ykdysady sergä gelýänler üçin üç günüň dowamynda täze tehnologiýalary we işleri görkezýän bu köpugurly sergi bilen has ýakyndan tanyşmaga, özara bähbitleriň esasynda geljekki meýilnamalary we işewür başlangyçlary kesgitlemäge mümkinçilik dörär. 

Ertir türkmen-eýran işewürler maslahaty geçiriler, onuň barşynda iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri ösüşiň milli meýilnamalaryny we sebit hyzmatdaşlygyny nazara almak bilen, geljekki söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň meselelerini, onuň has bähbitli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar.

Degişli makalalar

(TENDER) Türkmenbaşynyň Nebiti Gaýtadan Işleýän Zawodlar Toplumy Bäsleşik Yglan Edýär

«Türkmennebit» DK: Goşmaça Çykarylýan Nebitiň Möçberleri Artdyrylýar

Türkmenistanyň Jemi Içerki Önüminiň Ösüş Depgini Şu Ýylyň Dört Aýynda 6 Göterimden Geçdi