5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Aşgabatda Golliwudyň Filmerine Iň Gowy Sazlar Ýaňlanar: Resul Gylyjowyň Täze Taslamasy

«Golliwud Aşgabatda» diýen syrly bildiriş paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň ünsüni özüne çekdi. Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň konsertiniň premýerasyna sanlyja gün galdy, onda «Garri Poter», «Ýyldyzlar urşy», «Titanik», «Şindleriň sanawy» we ş.m. meşhur kinofilmeleriň 12-sine ýazylan sazlar ýaňlanar. Şu günler repetisiýalar gidýär, olaryň birinden soň biz ussat dirižýor Resul Gylyjow bilen söhbetdeş bolduk.

-Wagty bilen kinofilmlere sazlar özbaşdak eser bolup galýar – diýip dirižýor gürrüň berýär. – Mysal üçin, «Çokundyran ata» kinofilmine sazy üçin italýan kompozitory Nino Rota «Oskar» baýragyna mynasyp bolupdy, indi ol kino eseriniň özündenem meşhur boldy. «Karib deňziniň garakçylary» kinotapgyryna saz barada hem şeýle diýse bolar. Hut şu ýagdaý hem mende Aşgabat sahnasy üçin täze görnüşli konsert taýýarlamaga höwes döretdi.

Tutuş bir ýyllap taýýarlyk gördük. Ilkibada 12 eser ýerine ýetirmekçidik, ýöne repetisiýalar biz şeýle bir imrigdirdi welin, olaryň üstüni «Agent 007», «Jenan», «Tagtlar oýny» ýaly meşhur kinofilmelre sazlar bilen ýetirmegi ýüregimize düwdük.

Jon Uilýams ýa-da Elliot Goldental ýaly kompozitorlaryň eserlerini ýerine ýetirmek hem çylşyrymly, hem özüne çekiji. Men köp wagtlap halaýan eserlerimi saýladym we olaryň sanawyny düzdüm. Eger-de konsertiň premýerasy şowly geçse, ýylyň ahyrynda onuň yzyny dowam ederis.

-Siz Golliwuddan soň «Mosfilme» geçmegi göz öňünde tutmaýarsyňyzmy?

– Ony asla höwes edýärin! Diňe bir «Mosfilm» däl, eýsem «Türkmenfilm» kinostudiýalarynyň işlerine-de höwesek. «Jemalyň daragty», «Ýuwaş gelin» ýaly söýgüli filmlerimize sazlary, Nury Halmämmedowyň eserlerini ýerine ýetirmek meniň üçin arzyly isleg.

-Işiň gidişi nähili?

-Islendik täze başlangyçdaky ýaly, ýeňil-ä däl. Döredijilik taslamasy hemişe gözleglerden, ikirjeňlenmelerden we kynçylyklary ýeňip geçmekden döreýär. Ýöne pikiriňi durmuşa geçirmäge mümkinçilik, sazandalar bilen dirižýoryň bir-birine düşünip işlemegi we saz dilinde birmeňzeş pikirlenmegi islendik kynçylygy ýeňip geçmäge ýardam edýär.

Konserte «Golliwud Aşgabatda» diýlip at berilmegi saz keşpleriniň üýtgeşik älemine gyzykly syýahata çakylykdyr. Meniň özümem onuň premýerasyna sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Meni tomaşaçylaryň kreatiw we wizual bezegli konserti nähili garşylaýandygy gyzyklandyrýar. Tomaşaçylaryň saz materialyna çuňňur aralaşmagy netijesinde olarda ýürekden çykýan duýgylaryň peýda bolmagy biziň üçin iň ýokary bahadyr.

-Size üstünlikler arzuw edýäris, premýerada duşuşýançak sag boluň!

Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestriniň täze konserti 25-nji we 26-njy aprelde «Türkmenistan» Kinokonsert zalynda sagat 19-da başlanýar.

Tamara GLAZUNOWA

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

HYY we ÖU-niň Talyplary Robot Tehnikasy Boýunça Abraýly Halkara Bäsleşiginde Ýeňiş Gazandylar

turkmenhabargullugy

Milli tanslar.

syrach

Ýurduň Gündogaryndaky Darganata Etrabynda Täze AÝGB Işläp Başlady

turkmenhabargullugy