Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara gurluşyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.
Serginiň açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we edaralaryň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Foruma gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan sözüň doly manysynda dünýäniň iň durnukly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Şol ösüşleri we özgerişlikleri gurluşyk pudagynda ýetilen we ýetilýän sepgitleri hasaba almazdan, göz öňüne getirmek mümkin däldir. Çünki bu gün diňe bir ak mermere beslenen ajaýyp paýtagtymyzda däl, eýsem, ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde durmuş maksatly döwrebap binalaryň gurluşygy güýçli depginler bilen alnyp barylýar.
Milli Liderimiz berkarar Watanymyzyň gurluşyk pudagynda gazanylýan üstünliklere bagyşlanyp geçirilýän halkara gurluşyk sergisiniň we maslahatynyň milli hünärmenlerimiziň we daşary ýurtly myhmanlarymyzyň özara tejribe alyşmagynda hem-de geljekde bu möhüm ugurda giň gerimli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge ýardam berjekdigine berk ynam bildirdi.
Şu ýyl Sergi köşgünde guralan nobatdaky pudaklaýyn sergide oňa gatnaşyjylaryň 125-si öz diwarlyklary bilen tanyşdyrýar. Olardan daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si dünýäniň ençeme döwletlerinden– Türkiýeden, Şweýsariýadan, Russiýadan, Hindistandan, Ukrainandan, Eýrandan, Birleşen Arap Emirliklerinden we beýleki birnäçe ýurtlardan geldiler. Daşary ýurtly işewürleriň bu sergä üns bermegi ýurdumyzyň geljegi uly we sazlaşykly ösýän bazaryna uly gyzyklanma bildirilýändigini aňladýar. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda pudak edaralary, gurluşyk materiallary senagatynyň kärhanalary hem-de türkmen we daşary ýurt gurluşyk firmalary bar.
Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň we Türkmenawtoýollary döwlet konserniniň düzümine girýän edara kärhanalaryň alyp barýan köp ugurly işleri hakynda gürrüň berýän diwarlyklar daşary ýurtly hünärmenlerde aýratyn gyzyklanma döretdi.
Ýurdumyzyň hususy gurluşyk pudagy, Beýik bina, Ussat inžener, Aga gurluşyk, Berk ýol we beýlekiler giňden tanyşdyryldy. Olaryň diwarlyklary durmuşa geçirilen we gurulmagy göz öňünde tutulýan giň gerimli taslamalar hakynda gürrüň berýär.
Daşary ýurt kompaniýalary, innowasion gurluşyk we timarlaýyş materiallaryny, ýörite tehnikalary öndürijilerBosch, Mammut building system, Buig, Swiss Pearl, Bhushan steel, Aksapark we beýlekiler öz önümleri bilen tanyşdyrdylar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklary, olaryň Türkmenistana desgalaryň taslamasyny düzmekde hem-de gurmakda, olary bezemekde, seýilgähleri we sport toplumlaryny döretmekde öz täzeliklerini teklip etmäge taýýardygyny görkezdi. Binalar üçin elektrik geçiriji ulgamlary we armaturlary getirýänler, çagalar we sport şäherçeleri üçin enjamlary, şeýle hem innowasion örtüji we ýylylyk saklaýjy serişdeleri öndürijiler bilen tanyşdyryldy.
Bu ýerde şeýle hem gurluşykda zerur bolan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerisementden we metal gurnamalaryndan başlap, penjirelere we sanfaýansa çenli dürli zatlar görkezildi. Özi-de önüm öndürijileriň her biri meňzeş önümleri öndürýän bäsdeşleriniň öňündäki artykmaçlyklaryny üpjün edýän has ähmiýetli işläp düzmelerini we nou-haularyny görkezmäge çalyşdylar.
Ýurdumyzda döwrebap ulag ýollaryny döretmegiň giň gerimli taslamalarynyň amala aşyrylmagyny nazara almak bilen ýol gurluşygynda zerur bolan howpsuzlyk we yşyklandyryş ulgamlaryny öndürýän kompaniýalaryň diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döretdi.
Häzir ýurdumyzda awtobanlaryň müňlerçe kilometri, olar bilen birlikde köprüler, estakadalar, ýol aýrytlary gurulýar. Olaryň gurluşygy aýratyn bilimleri we täze tehnologiýalary talap edýär. Sergi toplumynyň açyk sergi meýdançalarynda gurluşyk we ýöriteleşdirilen tehnikalar görkezilýär.
Okgunly özgerýän paýtagtymyzyň, şäherlerimiziň we obalarymyzyň ösüşini gurulýan dürli maksatly desgalaryň taslamalarynda görmek bolýar. Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde guralan sergi türkmen obalarynyň hem-de şäherleriniň geljegine göz aýlamaga, özboluşly we geljegi uly taslamalara baha bermäge mümkinçilik döretmegi bilen has-da gyzyklydyr.
Türkmen gurluşyk senagatynyň hünärmenlerini sergide görkezilen köp dürli önümlerden we enjamlardan, taslama we hyzmat tekliplerinden has amatly, ýurdumyzyň howa we önümçilik şertlerine uýgunlaşan innowasion görnüşlerini saýlap almak gyzyklandyrýar. Ynha, eýýäm ençeme ýyl bäri paýtagtymyzda guralýan giň gerimli sergiler ýurdumyzda öňdebaryjy gazanylanlary giňden ornaşdyrmaga, dürli pudaklarda öňdebaryjy dünýä tejribesini peýdalanmaga mümkinçilik berýär.
Wekilçilikli forumyň çäklerinde Sergi köşgünde maslahat hem öz işine başlady. Ol pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň kompaniýalarynyň wekillerini, dünýäniň köp ýurtlaryndan gurluşyk senagatynyň bilermenlerini, hünärmenlerini ýygnady.
Maslahatyň möhüm meseleleriniň arasynda gurluşyk senagatynda täze tehnologiýalar, bu ulgamda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, şeýle hem has giň gerimli we innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda gurluşyk materiallaryny öndürmegiň ileri tutulýan ugurlary bar. Innowasion binagärlik çözgütlerine we gurluşyk materiallaryna, binalaryň seýsmiki durnuklylygyny üpjün etmekde olaryň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar bu ýerde edilen çykyşlardan ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri hakynda doly maglumat aldylar. Ýol gurluşygy we jemagat hojalygy, şäher düzümini ösdürmek, şäherleriň we obalaryň çäklerinde ýaşamak üçin oňaýly gurşawy döretmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňdebaryjy tejribä garaldy.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň ýakyn geljeginiň sudurlaryny, onuň geljegi uly mümkinçiliklerini aýdyň kesgitlemek bilen maslahat daşary ýurtly hyzmatdaşlara Türkmenistan bilen ýakyndan tanyşmaga hem-de milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösýän pudaklarynyň birinde hyzmatdaşlygy ýola goýmaga mümkinçilik döretdi.
Gurluşyk senagatyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwletimiziň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň bu ugurda işleýän hususy kompaniýalarynyň okgunly ösmegi bilen bir hatarda, milli gurluşyk senagatyna maksadalaýyk ornaşdyrylýan täze tehnologiýalar sanlyja ýyllarda strategiki taýdan möhüm pudagy düýpli özgertdi. Ak mermere beslenen türkmen paýtagty munuň aýdyň mysaly bolup, bu ýerde häzir ýaşaýyş jaýlaryny gurmagyň iri taslamalary, şol sanda 13-nji we 14-nji nobatdaky tapgyrlary amala aşyrylýar, ägirt uly Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy, ulag we jemagat düzümini toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak giň gerimde dowam edýär.
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň durmuş ugurlylygyny nazara almak bilen, ýeňillikli karzlary bermegiň çäklerinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň, uly şäherlerde we alysda ýerleşýän obalarda döwrebap durmuş desgalarynyň gurluşygyna ägirt uly serişdeler gönükdirilýär.
Türkmenistan möhüm ähmiýetli pudaga innowasiýalary ornaşdyrmak bilen, öz geljegini gurýar, ykdysady ösüşiniň binýadyny tutmak bilen durmuş we ynsanperwer ulgamlaryny ösdürýär. Şonuň üçin paýtagtymyzda geçirilýän gurluşyk sergisi ýurdumyzda we onuň çäklerinden alyslarda özüne aýratyn gyzyklanmany döredýär.
Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk sergisi gurluşyk senagatynda işleýän öňdebaryjy kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ähmiýetli gepleşikler meýdançasyna öwrüler. Üç günüň dowamynda bu ýere gelýän adamlara Türkmenistanda köpugurly maýa goýum gurluşyk işleriniň ýagdaýy we geljegi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredilýär. Ol soňky ýyllarda Türkmenistanda gurluşyk senagatynyň okgunly ösüşini kesgitlän ädimleriň üstünlikli bolandygyny bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.