15.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YLYM

Aşgabatda Halkara Ylmy Maslahat Işini Tamamlady

Türkmen paýtagtynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara maslahatynyň ikinji–jemleýji güni boldy. Oňa dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan görnükli alymlar gatnaşdylar.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, onuň däp boýunça ýurdumyzda her ýyl giňden bellenilýän 12-nji iýunda—Ylymlar gününiň öň ýanynda geçirilmegi Türkmenistanyň milli ykdysadyýetimize iň öňdebaryjy ylmy tejribäni, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga, halkara ylmy merkezleri we guramalary bilen ylmyň wajyp ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy, köptaraply ylmy-tehnologiýk aragatnaşyklary ýola goýmaga, ylmyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyzy ylmyň dürli meseleleri boýunça halkara maslahatlarynyň geçirilýän merkezine öwürmäge ugur alandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Maslahatyň şu günki çäreleriniň maksatnamasyna laýyklykda, Tehnologiýalar merkezinde “Täze senagat-innowasion tehnologiýalar” mowzugy boýunça mejlis geçirildi. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ekologiýa we biotehnologiýalar meselelerine garaldy. “Lukmançylykda we derman öndürmekde innowasion tehnologiýalar ” bölümi Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirildi. Ynsanperwer ylymlaryny we halkara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlaryny öz içine alýan mowzuk bolsa, Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Taryh institutynda alymlaryň çykyşlaryny kesgitledi.

Şol bölüm mejlislerinde alymlaryň ýerasty suwlary peýdalanmak we şor suwlary aýyrmak, uglewodorodlary almakda we gaýtadan işlemekde innowasiýalar, geomaglumat ulgamlarynyň işlenip taýýarlanmagy, meýdanlaryň hasyllylygynyň we öri meýdanlaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy, suwdan oýlanyşykly peýdalanmak we bag oturtmak, bejermegiň innowasion usullary we derman serişdeleri, önümçilik işleriň awtomatizasiýasy we köpsanly beýlekiler ýaly ylmy işleriň ugurlary boýunça çykyşlary aýratyn gyzyklanma döretdi. 

Maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklarynda düýpli ylmy-barlaglary alyp barmak, ylym pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, älem giňişligini öwrenmegiň we özleşdirmegiň häzirki zaman usulyýeti, şeýle hem ylmy-tehniki ösüşiň ileri tutulýan ugurlary boýunça halkara ylmy jemgyýetçiligi bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wezipeleri ýaly wajyp meseleler boýunça özara pikir alşyldy.

TYA-nyň Tehnologiýalar merkezinde ylmy maslahatyň ýapylyş darabasynyň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Şonda  wekilçilikli ylmy maslahatyň guramaçylygynyň ýokary derejesi üçin çuňňur hoşallyk bildirilip, türkmen we dünýä ylmyny ösdürmegiň bähbidine geçirilen özara pikir alyşmalaryň ýokary netijeliligi bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça halkara ylmy maslahaty geçirilýär.

syrach

Uniwersitetleriň Hyzmatdaşlygy

Çaganyň irki ösüşiniň möhüm meseleleri üns merkezinde

syrach