28.9 C
Aşkabat
07.09.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabatda Hem-de Maryda 14-nji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi

Ýokary liganyň futbol klublarynyň ýaşlar düzümleriniň gatnaşmagyndaky futbol boýunça Türkmenistanyň birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň çäginde şu gün, 12-nji iýunda iki duşuşyk geçirildi.

Paýtagtymyzda geçirilen duşuşykda “Ahal II” topary “Aşgabadyň” ýaşlar düzümini kabul etdi. Bu duşuşykda “Ahalyň” ýaşlar düzümi 3:0 hasabynda ýeňşini baýram etdi. Tapgyryň beýleki duşuşygynda “Köpetdag II” topary “mewrli” deň-duşlaryny 5:3 hasabynda ýeňlişe sezewar etdiler.

Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň, 39 utugy bolan “Altyn Asyr II” topary birinji orny eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Köpetdag II” (30 utuk) hem-de “Nebitçi II” (25 utuk) toparlary ornaşmagy başardylar.

Futbol birinjiliginiň 14-nji tapgyrynyň jemleýji duşuşygy 14-nji iýunda geçirilip, onda Türkmenbaşynyň “Şagadam II” hem-de Marynyň “Energetik II” toparlary duşuşarlar..

14-nji tapgyryň duşuşyklary:

“Ahal II” – “Aşgabat II” – 3:0

Gollar: 3 Daýanç Meredow, 68, 74 Orazgeldi Seýidow (“Ahal II”)

“Merw II” – “Köpetdag II” – 3:5

Gollar: 13 Agaman Mämmedow, 45, 90+2 Myrat Öwezmyradow (“Merw II”) – 21, 52 Meýlis Atajanow, 58 Röwşen Begenjow, 63 Söhbet Ataýew, 86 Elýasberdi Berenow (“Köpetdag II”)

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Şäherara we Welaýatara Awtobus Ugurlary Boýunça Täzelik

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýyl Ýazgysy-2018-nji Ýyl: Ulag we Aragatnaşyk

turkmenhabargullugy

2020-nji Ýylyň 29-njy Aprelinde Žurnalistleriň Arasyndaky II Şaşka Ýaryşy Geçiriler