Aşgabatda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary A.Ramatowyň ýolbaşçylygynda goňşy döwletiň uly wekiliýeti Aşgabada geldi.
Birnäçe pudaklaýyn ministrlikleriň we edaralaryň ýolbaşçylarynyň we esasy hünärmenleriniň hem-de iki ýurduň telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagyndaky mejlis türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň ýygjamlaşdyrylmagyna bagyşlanyldy.
Ikitaraplaýyn özara hereketleriň strategik ugurlaryna esasy üns jemlenildi. Ýangyç-energetika ulgamy şol hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda hyzmatdaşlyk etmegiň has iri taslamasy 2009-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga tabşyrylan Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý transmilli gazgeçirijisidir.
Mälim bolşy ýaly, goňşy döwlet ulag ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça biziň ýurdumyzyň başlangyjyny goldaýar. Özbegistan “Orta Aziýa-Ýakyn Gündogar” (Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman) täze ulag-üstaşyr geçelgesini döretmäge örän işjeň gatnaşmaga taýýardygyny beýan etdi.
Taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady aragatnaşyklar durnukly oňyn depgine eýe boldy diýip nygtady. Muňa bolsa özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli ýokarlanýandygy şaýatlyk edýär. Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-özbek toparynyň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky aragatnaşyklara hem uly üns berildi. Taraplar ylym-bilim gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak hem-de sport we syýahatçylyk ulgamynda özara hereketleri ösdürmek barada hem pikirlerini aýtdylar.
Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.