8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Aşgabatda Mebel we Öý Hojalyk Harytlarynyň Halkara Sergisi Öz Işini Tamamlady

Türkmen paýtagtynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady. Bu ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş ýurdumyzyň mebel senagatynyň gazananlaryny aýdyň beýan etdi, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesiniň bu ugurda gazanan üstünliklerini görkezmek üçin sergä gatnaşmaklaryna gyzyklanma döretdi.

Sergide mebel önümleriniň we öý hojalygy üçin harytlaryň dürli görnüşleri ��” myhmanhana otagy, ýatylýan otag, çagalar, aşhana üçin mebeller, edara jaýlary we bagçylyk ýerleri üçin mebeller, ýorgan-düşek toplumlary, dokma önümleri, hojalyk tehnikasy, elektrik enjamlary, gap-çanaklar, gurluşyk serişdeleri, bezeg önümleri we beýlekiler görkezildi.

Bu gözden geçirilişiniň guralmagynyň özi hem ýurdumyzyň mebel pudagynda gazanylan üstünliklere, şeýle hem türkmen öndürijileriniň mümkinçiliklerine şaýatlyk edýär, sergide görkezilen önümleriň aglaba bölegi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna degişlidir. 

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda ýurdumyzyň telekeçileriniň bu pudakda ýeten sepgitleri bellenilýär. Onda milli Liderimiz “Alnyp barylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz pudagyny goldamak ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň jemi içerki önüminde hususy kärhanalaryň paýyny düýpli artdyrmak, ykdysadyýetde iň netijeli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça uly işler alnyp barylýar” diýip nygtaýar.   

Orta we kiçi işewürligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde ýurdumyzda mebel önümçiligi okgunly ösýän hem-de gelejegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň mebel öndürijileri döwlet hem-de şahsy buýurmalary ýerine ýetirmekde uly tejribe topladylar, olar daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen şertnamalary baglaşýarlar, bu bolsa olara häzirki döwürde mebel önümçiliginde düný- meýillerine eýermäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen bir wagtda olar milli aýratynlyklary bilen tapawutlanýan önümleri öndürmekde hem tejribe topladylar. Hususy kärhanalar mebel önümleriniň hilini gowulandyrmak ugrunda ulanylýan enjamlary yzygiderli döwrebaplaşdyrýarlar, işgärler üçin ýörite okuwlary guraýarlar. 

Häzirki wagtda hususy kärhanalarda ýumşak we hojalyk üçin mebelleri, ýatakhana üçin toplumlary, myhman otagy, çagalar üçin, aşhanalar üçin toplumlary, şeýle hem mekdep partalaryny, edaralar hem-de ýöriteleşdirilen guramalar üçin mebelleriň önümçiligini özleşdirdiler. Baha babatynda bäsleşige ukyplylyk ýurdumyzyň öndürijileriniň daşary ýurt hyzmatdaşlaryndan artykmaçylygy bolup durýar, bu bolsa alyjynyň isleglerini nazara alyp, şahsy buýurmalary üstünlikli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň dürli sebitlerinde aýry-aýry telekeçileriň ýola goýan önümçilikleri bu işe döwrebap çemeleşmegiň ��” öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, umumy önümçiligiň möçberlerinde ýerli çig maly aňrybaş derejede ulanmagyň, täze jnümçilik kuwatlyklaryny döretmegiň ýdyň mysallary bolup biler. 

Bir söz bilen aýdylanda, soňky ýyllarda mebel önümçiligini hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ygtybarly binýat döredildi, telekeçilerimiz daşary ýurt mebel kärhanalary bilen üstünlikli bäsdeşlik edýärler, geljekde bolsa eksport ugruny hem ösdürmek göz öňünde tutulýar. 

Munuň özi mebel we hojalyk harytlarynyň halkara sergisinde tassyknama eýe boldy, onda görkezilen harytlaryň esasy bölegi ýurdumyzyň mebel öndürijileriniň hil we bezeg taýdan aýratyn tapawutlanýan döwrebap harytlary boldy. 

Türkiýe Respublikasynyň, şeýle hem ermeni ��”italýan kompaniýalarynyň bölümleri mebel önümçiligi babatynda teklipleriň tutuş toplumyny görkezdiler. 

Ýokary hilli hojalyk we elektrik enjamlaryny, tele abzallary, gap-gaçlary öndürmek boýunça ýöriteleşdirilen belli firmalaryň diwarlyklary hem  serginiň aýratyn bezegine öwrüldi. 

Hususy telekeçileriň amaly-haşam sungatynyň, haly önümleriniň, milli lybaslaryň, şeýle hem taryhy künjekleri şekillendirýän dürli görnüşli sowgatlyklaryň, ýurdumyzyň nyşanlarynyň nusgalyklary, türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeklerini şekillendirýän önümleri görkezilen bölümler bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döretdi. 

Bu sergi mebel öndürýän kärhanalarynyň wekilleriniň hem, alyjylaryň 
hem uly gyzyklanmasyna eýe boldy, olar diňe bir mebeliň dürli görnüşlerini hem-de ugurdaş harytlary synlamak mümkinçiligine eýe bolman, mebel bazarynyň möhüm meýilleri barada doly maglumat hem-de olaryň hojalyk harytlaryna isleg bildirýänler barada maglumatlary almagyna şert döretdi. 

Serginiň çäklerinde oňa gatnaşyjylar öz önümleriniň tanyşdyryş çäresini geçirdiler, alyjylar bilen gepleşikleri guradylar, öz kärhanalarynyň mümkinçiliklerini hem-de önümleriň täze nusgalaryny görkezdiler, bu ugurda häzirki zaman gazanylanlary hem-de innowasiýa işläp taýýarlamalary bilen tanyşdylar, daşary ýurt kärdeşleri bilen tejribe alyşdylar hem-de geljekki hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýdular. 

Serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara degişli diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. 

Mebel we hojalyk harytlarynyň halkara sergisine gatnaşjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda serginiň ýokary guramaçylyk derejesinede geçirilendigi hem-de onuň üstünlikli işlemegi üçin amatly şertleriň döredilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. 

Degişli makalalar

Türki Halklaryň Sungat Ussatlarynyň Konserti

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň Halkyny «Suw Damjasy-Altyn Dänesi» Baýramy Bilen Gutlady

Türkmenhowaýollary Gullugynyň Uçarmanlar Düzümi Paýtagtymyzyň Täze Aeroport Toplumynyň Trenažor Merkezinde Hünärini Ýokarlandyrýar