16.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aşgabatda “Merkezi Aziýa Ýaponiýa” Gepleşiginiň Çäklerinde Daşary Işler Ministrleriniň 6-njy Duşuşygy Geçirildi

Aşgabatda “Merkezi Aziýa Ýaponiýa” Gepleşiginiň Çäklerinde Daşary Işler Ministrleriniň 6-njy Duşuşygy Geçirildi

2017-nji ýylyň 1-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşiginiň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygy geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň, Ýaponiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Daşary işler ministrleri, bu döwletleriň Aşgabatda akkreditirlenen Ilçileri, ýerli we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşigi Ýaponiýa tarapyndan 2004-nji ýylda Ýaponiýa bilen Merkezi Aziýa sebitiniň arasynda gepleşikleri ýola goýmak maksady bilen öňe sürüldi we erkin hyzmatdaşlyk gurluş hökmünde çykyş edýär. Türkmenistan “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşigine 2015-2016-njy ýyllarda başlyklyk etdi.

Gutlag sözi bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň wekiliýetleriniň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Öz gutlag sözünde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow: “13 ýylyň dowamynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň bu görnüşi özüni ýokary netijeliligini we ýaramlylygyny görkezdi. Ol has giňedi we häzirki wagtda Merkezi Aziýa döwletleriniň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny öz içine alýar” diýip belledi.

Gepleşigiň çäklerinde taraplaryň wekilleri döwletara gatnaşyklaryň ähli tarapyny öz içine alýan bilelikdäki aragatnaşygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem sebitleýin howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, söwda-ykdysady ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döretmek, medeni-gumanitar ugurda işjeň alyş-çalşygy üpjün etmek ýaly meseleler boýunça pikir alyşmalar boldy.

Wekiller Türkmenistanyň sebitleýin we halkara derejesinde ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ösdürmek, terrorizme we neşe serişdelerine garşy göreşmek ugrunda hyzmatdaşlyk, serhet gözegçiligini berkitmek boýunça başlangyçlaryna ygrarlydygyny bildirdiler. Şeýle hem, ähli çäreleriň Türkmenistanyň başlyklygynyň Konsepsiýasynyň esasynda geçirilendigini bellemelidir. Onuň esasy temasy hökmünde “Gepleşigiň ähli agza ýurtlarynyň bähbitlerini göz öňüne tutmak bilen ýörite taslamalaryň durmua geçirilmeginiň üsti bilen hyzmatdaşlyk” diýlip bellenildi.

Agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleri sebitleýin hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak maksady bilen “Ulag we logistika ulgamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň Ýol kartasyny” kabul etdiler.

“Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” gepleşiginiň agza döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň 6-njy duşuşygynyň netijesinde “Köpýyllyk hyzmatdaşlyk we Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde berkidilmegi” atly Bilelikdäki Beýannama gol çekildi.

Duşuşykdan soň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň Daşary işler ministrleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde metbugat konferensiýasy boldy.

Degişli makalalar

Türkmensitanyň Halkara Maýa Goýum Maslahaty

syrach

Aşgabatda Ahalteke Bedewlerine Bagyşlanylan Döredijilik Işleriniň Sergisi Açyldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Permanlara Gol Çekdi