Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň resmi açylyşy boldy. Dabara iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Dabaraly çärede bellenilişi ýaly, şu waka hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalar iki ýurduň hem uzakmöhletleýin esasda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandygyna şaýatlyk edýär.
Düýn, 14-nji noýabrda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow palestinaly kärdeşini türkmen tarapynyň doganlyk ýurduň diplomatik wekilhanasynyň netijeli işlemegi üçin ähli zerur şertleri döretjekdigine ynandyrdy.
Aşgabatda Palestinanyň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmegiň we ynanyşmagyň häzirki gazanylan derejesiniň beýanyna, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmäge gönükdirilen döwletara ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.