türksmen paýtagtynda raýat we administratiw hukuk meseleleri ara alnyp maslahatlaşylan seminar geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Daşary işler minitsrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty bilen Germaniýanyň “Merkezi Aziýada hukuk we kazyýet özgertmelerine goldaw” atly halkara hyzmatdaşlygy boýunça jemgyýetiniň sebitleýin tasalamasy bilen bilelikde gurady.
Seminara Türkmenistanyň Raýat Kodeksine synlary işläp taýýarlamak boýunça iş toparynyň agzalary, şeýle hem ýurdumyzyň Ýokary kazyýetiniň we degişli edaralaryň wekilleri gatnaşdylar. Raýat hukugy ulgamynda belli bolan nemes hünärmenleri jenap Ýorga Pudelka, hukuk doktory jenap Ýoahim Şrama hem-de jenap Haýnrih Şnitger halkara bilermenleri hökmünde çagyryldylar.
Mälim bolşy ýaly, umumy kabul edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda milli kanunçylyk binýady kämilleşdirmegi maksat edinýän hukuk özgertmeleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurtda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda dünýä tejribelerini öwrenmek we jemgyýetçilik gatnaşyklary ugruny düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy-hukuk resminamalaryna halkara ülňülerini ornaşdyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunlukda dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň abraýly hukuk düzümleri bilen ýola goýulýan gatnaşyklary pugtalandyrmak we ýurist-prudensiýa ugry boýunça belli hünärmenler bilen tejribe alyşmak meselelrine aýratyn ähmiýet berilýär.
Germaniýadan çagyrylan halkara bilermenleri dünýä hukuk tejribesi, raýat hukugy we beýlekiler ýaly temalar boýunça habarnamalar bilen çykyş etdiler. Türkmen hukukçylary öz gezeginde myhmanlary Türkmenistanda kanunçylygy özgertmegiň esasy ugurlary, şol sanda raýat-prosessual hukuk ulgamyndaky özgertmeler bilen tanyşdyrdylar.
Seminaryň işiniň barşynda hukuk pudagyndaky işjeň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Bu ýere ýygananlar geçirilen söhbetdeşlikleriň ýokary netijeliligini belläp, şunuň ýaly duşuşyklaryň milli kanunçylyk binýady mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen ýola goýulýan netijeli gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ähmiýetiniň bardygyny nygtadylar.
referans: www.turkmenistan.gov.tm