5.9 C
Aşkabat
03.12.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabatda Temmäkä Garşy Göreşmek Boýunça Ýewropa Sebit Maslahaty Geçirilýär

“Ýyldyz” myhmanhanasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny ýerine ýetirmegiň meseleleri boýunça Ýewropa sebit maslahaty öz işine başlady.

Bu iri maslahat BSGG-niň we onuň edaralarynyň, Konwensiýanyň sekretariatynyň köp sanly bilermenlerini, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de temmäkä garşy göreşmek boýunça Pudagara utgaşdyryjy toparyň wekillerini ýygnady. Daşary ýurtlardan  ýüzden gowrak maslahata gatnaşyjylaryň hatarynda BSGG-niň  Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň 36-synyň saglygy goraýyş ulgamynyň, döwlet düzümleriniň ýolbaşçy işgärleri we hünärmenleri bar. 

Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde hem-de BSGG-niň  
Ýewropa sebit edarasynyň gatnaşmagynda guralan bu duşuşyk 2015-nji ýylyň sentýabrynda Litwanyň Wilnýus şäherinde kabul edilen ýakyn onýyllyk üçin hereketleriň degişli ýol kartasyny amala aşyrmak boýunça çäreleriň başlangyjy bolup durýar. Şol kartada BSGG-niň Ýewropa sebit edarasynyň agza döwletleri üçin maksatnamalaýyn wezipeler beýan edildi.

Aşgabat maslahatynyň maksady Ýewropa ýurtlarynda temmäkä garşy göreşmek babatda soňky gazanylanlar barada maglumat alyşmak hem-de 2025-nji ýyla çenli temmäkiniň sarp edilmegini azaltmak boýunça  ählumumy maksada ilerletmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Maslahatyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan BMG hem-de onuň iri düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen köp ugurly gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berýär. Bu gurama bilen ýurdumyzy hyzmatdaşlygyň köp ýyllyk oňyn tejribesi baglanyşdyrýar. Geçen ýylyň dekabrynda Aşgabatda geçirilen “Temmäkä gözegçilik etmek boýunça  BSGG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny” amala  aşyrmagyň meseleleri boýunça sebit maslahaty munuň nobatdaky subutnamasy bolup durýar.

BSGG çilim çekmek ýaly ýaramaz endigi ýok etmek boýunça Türkmenistanyň görýän çärelerine ýokary baha berýär, munuň özi 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gurbanguly Berdimuhamedowa temmäkä garşy göreşmäge goşan ägirt uly şahsy goşandy üçin ýörite sylagyň gowşurylmagynda öz beýanyny tapdy. 

2013-nji ýylyň ahyrynda  paýtagtymyzda geçirilen wekilçilikli maslahatyň—BSGG-niň ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça  Ýewropanyň ministrleriniň maslahatynyň möhümdigini bellemek gerek. Onuň çäklerinde milli Liderimiz ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny  temmäki tüssesiniň ýaramaz täsirinden goramaga gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etdi. Şol maslahatda kabul edilen Aşgabat jarnamasynda ilaty temmäkini sarp etmegiň ýaramaz netijelerinden goramak boýunça işler hemmeleriň we her bir adamyň saglygyny gowulandyrmak boýunça esasy çäreleriň biri hökmünde ykrar edildi. 

Şeýle hem Türkmenistanyň eýýäm bu giň gerimli işiň ençeme ugurlary boýunça öňdebaryjy bolup durýandygy hem-de geljekki hereketleri kesgitlemek we amala aşyrmak babatda öňe gitmäge taýýardygy bellenildi. Biziň ýurdumyz dünýäde temmäkiden azat çäkleri giňeltmek boýunça işleri dowam etmäge ymtylýar.

Ýurdumyzda temmäkä garşy hereket ýaýbaňlanyp, ol geçirilýän döwlet syýasatynyň netijesinde giň gerime eýe boldy. Milli Liderimiziň  başlangyjy bilen 2011-nji ýylyň martynda Türkmenistanyň Mejlisi temmäkä gözegçilik etmek boýunça BSGG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny tassyklady, BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy bilen bilelikde  “Temmäkä garşy göreşmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasy” işlenip taýýarlanyldy, häzir ol üstünlikli durmuşa geçirilýär.  Milli maksatnamalaryň başga-da birnäçesi amala aşyrylyp, olaryň hatarynda “Saglyk”, “Türkmenistanyň Saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin döwlet maksatnamasy”, “Türkmenistanyň şypahana ulgamyny ösdürmek boýunça milli maksatnama” we beýlekiler bar. 

“Raýatlaryň saglygyny temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini sarp etmegiň netijelerinden goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2014-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we göreşmek boýunça Aşgabat jarnamasynyň öňde goýan wezipelerini 2014-2020-nji ýyllarda ýerine ýetirmek boýunça milli maksatnamany tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi. Bu resminamada göz öňünde tutulan ägirt uly işler Türkmenistanyň bütin dünýä üçin çilim çekilmegine garşy işjeň göreşmegiň mysaly bolmaga ukyply döwletdigine şaýatlyk edýär. 

Temmäkä garşy göreşmek babatda täze gazanylanlara bagyşlanan çekişmeleriň barşynda  dünýä we sebit mandatlaryny milli derejedäki hereketler bilen baglamagyň möhümdigi nygtaldy. Mejlisde bu ugurda geçirilýän işleriň netijelerine garaldy we bilelikdäki işleriň mümkinçilikleri kesgitlenildi. Bölümleriň birinde temmäkä gözegçilik etmek babatda ÝB-niň syýasatynyň düzgünleriniň birnäçesini kämilleşdirmek boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler Ýewropa sebitiniň ähli ýurtlarynda temmäkä garşy göreşmek boýunça  BSGG-niň Çarçuwaly konwensiýasyny doly amala aşyrmaga gönükdirilen işleri güýçlendirmegiň zerurdygyny bellediler. 

Ertir irden maslahata gatnaşyjylar Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoluna çykarlar, soňra bolsa “Ýyldyz” myhmanhanasynda maslahat öz işini dowam eder. Onuň esasy meseleleriniň hatarynda temmäki önümleriniň bikanun söwdasyny ýok etmek hakynda teswirnama ara alnyp maslahatlaşylar. Bu teswirnamada bikanun getirmeler, şol sanda yzarlamagyň, kanun çärelerini ulanmagyň halkara ulgamyny döretmek arkaly getirmeler halkasyna gözegçiligiň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Temmäki önümlerini gaplamak we belgilemek barada mesele maslahatyň iş maksatnamasynyň aýratyn bölümi bolup, şol borçnamalar esasy düzgünleriň biri bolup durýar. BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek boýunça Çarçuwaly konwensiýasynyň esasy ýörelgeleriniň biri “Her bir adam temmäkiniň sarp edilmegi hem-de temmäki tüssesiniň täsiri netijesinde saglyk üçin netijeler, neşe häsiýeti we ölüm howpy barada habarly bolmalydyr” diýip yglan edýär. Bu ýere ýygnananlar şu mesele boýunça öňegidişlik gazanan ýurtlaryň tejribesi bilen tanyşdyrylar. 

Maslahatyň barşynda 2016-njy ýylyň noýabrynda Hindistanda geçiriljek taraplaryň—BSGG-niň temmäkä garşy göreşmek boýunça  Çarçuwaly konwensiýasynyň ýolbaşçy edarasynyň maslahatyna görülýän taýýarlyk işlerine garalar. Onda TGÇK konwensiýasyny mundan beýläk-de netijeli amala aşyrmak boýunça  çözgütler kabul ediler.

Ýewropa sebit maslahaty Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmegiň biraýlygynyň başyny başlaýar, ol 1-nji maýda badalga alýar. Onuň çäklerinde BSGG-niň ÝSE-niň bilermenleri degişli meseläniň çäklerinde ýurdumyzyň käbir edaralarynda maslahat beriş duşuşyklaryny geçirerler. Şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň temmäkiden azat derejesini tassyklamaga ýardam etmek, şu mesele boýunça milli hasabaty taýýarlamak üçin temmäki önümleriniň nyrhyny emele getirmek we salgyt salynmagyny seljermek, temmäkä garşy göreşmek boýunça 2012-2016-njy ýyllar üçin hereketleriň milli meýilnamasyna baha bermek boýunça meselelere garalar. Şeýle hem Ýewropa sebitini temmäkiden azat  etmek babatda Aşgabat jarnamasyny amala aşyrmak boýunça  hasabatyň tanyşdyryş çäresi geçiriler. 

BSGG-niň TGÇK konwensiýasyny amala aşyrmak meseleleri boýunça  Ýewropa sebit maslahatynyň öňüsyrasynda 2014-2020-nji ýyllar üçin ýokanç däl keselleriň milli strategiýasyny ýerine ýetirmegiň barşy bilen tanyşmak boýunça missiýanyň agzalary saglygy goraýyş, bilim, maliýe düzümleriniň, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynyň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, BSGG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň işgärleri bilen duşuşyklary geçirdiler. 

Daşary ýurtly maslahata gatnaşyjylar üçin “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýadygärliklerine hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda täze gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegiň medeni maksatnamasy göz öňünde tutuldy. 

Degişli makalalar

«Ak Şäherim Aşgabat» Atly Köpugurly Halkara Sergi

Aşgabatda Halkara Pudaklaýyn Sergi Geçirildi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy