6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
YKDYSADYÝET

Aşgabatda Türk Gurluşyk Materiallary Senagatynyň Sergisi Işine Başlady

Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de “Meridyen” türk kompaniýasy tarapyndan guralan Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk materiallary senagatynyň sergisi açyldy.

Açylyş dabarasyna hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan bellenilen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Sergä gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna Türkiýe Respublikasynyň dürli sebitlerinden — Stambuldan, Ankaradan, Izmirden, Mersinden we beýleki ýerlerden işewürleriň uly wekiliýeti geldi.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda bu serginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen-türk telekeçileriniň hyzmatdaşlygyny ösüşiň täze derejesine çykarmakda, haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmakda, Türkiýäniň kompaniýalary we maýadarlary bilen işewür gatnaşyklary giňeltmekde, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýasyny giňden çekmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. 

Häzirki döwürde Türkiýe ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli maksatnamalaryň, döwlet ösüşine degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýan türk işewürleri geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny barha pugtalandyrýarlar. Esasan hem olar gurluşyk materiallary  senagatynda we gurluşyk pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Muňa serginiň gerimi hem şaýatlyk edýär. Bölümlerde kompaniýalaryň we telekeçileriň jemi 140 töweregi öz diwarlyklaryny görkezdiler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýän türk şereketleriniň arasynda  “Assan-panel”, “Geoteknik”,

“Aksan steel”, “Netral Electrik”, “Nidayet Çelik”, “Deneim Makina” we beýlekiler bar.

Gurluşyk materiallary senagatynda, ýaşaýyş jaýlaryny, edara binalaryny we kärhanalary bezemek üçin harytlary çykarmak babatda öňdäki orunlary eýeleýän  türk öndürijileriniň tehniki täzelikleri giňden görkezilýär. 

Kompaniýalaryň ajaýyp bezelen bölümlerinde dürli önümleriň nusgalary—metal gurnama, üçek, bezeg we örtük önümleri, santehniki enjamlar, elektrik geçiriji we yşyklandyryjy toplumlar, galyplyk, şol sanda ýerasty geçelgeleriň gurnamalaryny guýmak üçin galyplyk ulgamlary, ýylylyk saklaýjy aýratyn häsiýeti bolan gelşikli  penjireler we gapylar hem-de beýlekiler görkezilýär. Bölümde transformatordan başlap, beton garyja çenli ýöriteleşdirilen enjamlar aýratyn orun tutýar. Sergi merkeziniň açyk meýdançasynda ýöriteleşdirilen tehnikalar görkezildi. 

Sergide logistika, gurluşyk hem-de gurluşyk materiallaryny öndürmek ulgamynda, binalaryň daşky we içki bezeg işlerini alyp barmakda türk kompaniýalary bilen  hyzmatdaşlyk edýän ýurdumyzyň telekeçileri hem  diwarlyklaryny görkezdiler.

Köpsanly adamlar, potratçy kompaniýalaryň we pudak edaralarynyň, hususy işewürligiň wekilleri sergide görkezilen önümler bilen içgin tanyşdylar. 

Ýurdumyzdaky gurluşyklaryň gerimini göz öňünde tutanyňda, Türkmenistan bu ulgamda innowasiýalary giňden ornaşdyrmaga gyzyklanýar. Paýtagtymyzda hem-de sebitlerde giň gerimli ýaşaýyş toplumlarynyň, sebitde deňi-taýy bolmadyk sport desgalarynyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Ösen durmuş we ulag düzümleri döredilýär, iri ýokary tehnologiýaly kärhanalar bina edilýär. Ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň işewürleri bu sergini geljegi uly tehnologiýalar bilen tanyşmaga, türkmen kärdeşleri bilen gurluşyk materiallary senagatynda we gurluşyk enjamlary ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga, türk işläp düzüjileri we iberijileri bilen amatly şertnamalary baglaşmaga ajaýyp mümkinçilik hökmünde kabul etdiler.

Türkmen paýtagtynda  Türkiýe Respublikasynyň gurluşyk senagatynyň önümleriniň her ýylda guralýan bu sergisi  biziň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlygynyň baý tejribä hem-de uly kuwwata eýediginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar hem-de milli ykdysadyýetleriň serişdelerini we üstünliklerini nazara alanyňda, söwda-ykdysady gatnaşyklarda täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendir.

Dürli ugurlarda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy artdyrmakda hakyky gural bolup hyzmat edýän şeýle işewür çäreler ýurdumyza halkara jemgyýetçiligine maýa goýum kuwwatynyň giňden görkezmäge, önümçilikleriň we tehnologiýalaryň dürli pudaklarynda öňdebaryjy dünýä tejribesi bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döredýär.

Ertir sergi öz işini dowam eder.  

Degişli makalalar

Nebitiň Bahasy Arzanlamadan Soň Gymmatlap Başlady

Birža Täzelikleri

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany