13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşygy Boldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-Ministri Bilen Duşuşygy Boldy

Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Karen Karapetýan bilen duşuşygy geçirildi. Ol düýn uly wekiliýete ýolbaşçylyk edip, ýurdumyza geldi.

Dostlukly döwletiň hökümetiniň ýolbaşçysy Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Serž Sargsýanyň salamyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, okgunly ösýän Türkmenistan bilen uzak möhletli we giň möçberli gatnaşyklary pugtalandyrmak onuň ýurdunyň daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli Liderimiz Ermenistanyň Premýer-ministrini türkmen topragynda mähirli mübärekläp, dostlukly ýurduň ýokary derejeli ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasy bilen dostluk hem-de netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady.

Türkmenistanyň we Ermenistanyň özara gatnaşyklarynyň häzirki zaman taryhy döwletara hyzmatdaşlygyň ep-esli işjeňleşmegi bilen häsiýetlendirilýär. Soňky ýyllarda bu gatnaşyklar özara milli bähbitlere laýyklykda okgunly ösdürilýär. Netijeli döwletara gatnaşyklaryň ýola goýulmagy türkmen we ermeni halklarynyň hoşniýetli erk-islegini durmuşa geçirýän iki ýurduň Liderleriniň uly hyzmatynyň netijesidir.

Ikiçäk görnüşdäki duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz hem-de myhman ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň ençemesini ara alyp maslahatlaşyp, ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine hem-de dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin bar bolan mümkinçiliklere aýratyn üns berdiler. Bellenilişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen berk şertnama-hukuk binýady döwletara gatnaşyklary yzygiderli ösdürmek üçin ygtybarly esas bolup hyzmat edýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň işi hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geçirilýän syýasy geňeşmeler we iki ýurduň dürli ministrlikleriniň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda geçirilýän işewür gepleşikler şol şertnama-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegine hem-de baýlaşdyrylmagyna ýardam edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň pikirine görä, iki ýurduň milli ykdysadyýetleriniň isleglerini, olaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, möhüm ugurlaryň birnäçesinde uzakmöhletli we netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiz we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri taraplaryň netijeli gatnaşyklary giňeltmäge çalyşýandyklaryny kanagatlanma bilen bellediler.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Türkmenistanyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerinde energetika howpsuzlygy ýaly möhüm meselede jogapkärli hem-de işjeň orun eýeleýändigini belledi.

Biz ermeni dostlarymyzyň türkmen tarapynyň Birleşen Milletler Guramasynda öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýandyklaryna ýokary baha berýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. söwda-ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny nazara almak bilen, taraplar bu ugurdaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirýändigini tassykladylar.

Häzirki döwürde geografiki we ykdysady ýagdaýlary nazara almak blen, ulag-aragatnaşyk ulgamynda döwrebap düzümi döretmek boýunça Türkmenistanyň we Ermenistanyň gatnaşmagynda giň möçberli halkara taslamalary meýilleşdirmek hem-de durmuşa geçirmek uly ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Karen Karapetýan bu ulgamda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigini aýdyp, bu ugurda iki ýurduň bilelikdäki işini ýola goýmagyň möhümdigini bellediler.

Türkmen-ermeni özara gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda birnäçe pudaklar agzaldy, özara hereket etmegiň dürli görnüşlerini amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini taraplaryň jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygy bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Karen Karapetýan döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi hökmünde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky gatnaşyklarda hemişe möhüm orun eýeländigini nygtap, iki ýurduň halklaryny köpasyrlyk hyzmatdaşlygyň baglanyşdyrýandygyny, olaryň taryhy ykbalynyň berk baglanyşyklydygyny bellediler. Ermenistanyň çäginde türkmen halkynyň taryhy ýadygärlikleriniň, orta asyr edebiýatynyň nusgalarynyň saklanyp galmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Öz nobatynda, biziň ýurdumyzda ermeni halkynyň baý we gadymy medeniýetine uly hormat-sarpa bilen garalýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan biziň halklarymyzyň ysnyşykly gatnaşyklaryny saklamaga, iki döwletiň baý medeni mirasyny öwrenmäge, medeniýet hem-de sungat işgärleriniň döredijilikli hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmäge taýýardyr. Bu baradaky gürrüňiň dowamda taraplaryň ynsanperwer-medeni ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmäge, şol sanda taryhy-medeni ýadygärlikleri aýawly saklamak işinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklary tassyklanyldy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz we myhman Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Hökümetiniň agzalary bilen geçirilen duşuşygyň barşynda mundan beýläk özara hereket etmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Bildirdi

Berkarar Döwletimiziň Bagtyýarlyk Döwrüniň Ýylýazgysy – Obasenagat Toplumy

Türkmenistan’da 2018 Yılı “Türkmenistan – Büyük İpek Yolu’nun Kalbi” Yılı Olarak Kutlanıyor