Türkmen paýtagtynda Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu uly möçberli medeni çäre ýokary derejedäki duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýär hem-de giň möçberli türkmen-ukrain gatnaşyklaryny ösdürmegi, doganlyk halklaryň özara düşünişmegini, iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň döredijilik aragatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat edinýär. Bu çäräni Türkmenistanyň Medeniýet we teleradioýaýlymlar ministrligi hem-de Ukrainanyň Medeniýet ministrligi guraýar we geçirýär.
Mälim bolşy ýaly, gumanitar ulgamda hyzmatdaşlyk etmek meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Ukrainanyň Prezidenti Wiktor Ýanykowiçiň duşuşyklarynyň, Hökümetara türkmen-ukrain toparynyň mejlisleriniň barşynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň birinji wise-premýer ministri A.P. Klýuýew bilen mart aýynda bolan duşuşygynyň barşynda hem şol meseleler gozgaldy.
Gumanitar ulgamda türkmen-ukrain hyzmatdaşlygy hakykatdan hem däp boýunça iki ýurduň gatnaşyklarynda aýratyn orny eýeleýär. Biziň halklarymyzyň baý taryhy, olaryň dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandy, birek-biregiň ruhy durmuşyna gyzyklanma bildirilmegi onuň esasyny düzýär. Soňky ýyllarda ylym-bilim ulgamynda gatnaşyklar ep-esli giňeldi. Ukraina türkmen tarapynyň dürli halkara ylmy maslahatlaryny, sergileri, döredijilik maslahatlary geçirmek baradaky başlangyçlaryny goldaýar we olara işjeň gatnaşýar.
Şu gün hem Türkmenistan ýene-de ukrain dostlarymyzy-doganlyk halkyň medeniýet wekillerini, sungat ussatlaryny mähirli we tüýs ýürekden garşylaýar. Duşuşyga gatnaşmak üçin Ukrainanyň medeniýet ministriniň orunbasarynyň baştutanlygynda wekilçilikli topar Aşgabada geldi we şol çäre 13-nji aprele çenli dowam eder. Döredijilik işgärleriniň düzüminde meşhur toparlar, tanymal sazandalar, ýurduň iri muzeýleriniň wekilleri bar. Gürrüňsiz suratda bu ajaýyp döredijilik baýramçylygy türkmenistanlylara ukrain halkynyň özboluşly medeni mirasy, onuň urp-adatlary we däp-dessurlary, şeýle hem ukrain saz sungatynyň häzirkizaman ösüşi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Ukrainanyň medeniýet günleriniň açylyş dabarasy medeniýet ulgamynyň, Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň, döredijilik intelligensiýasynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň we paýtagtymyzyň ýaşlarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Milli medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde boldy.
Bu ýere ýygnananlar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ukrainanyň Türkmenistandaky medeniýet günlerine gatnaşyjylara Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Döwlet Baştutany myhmanlary we bu çärä gatnaşyjylaryň hemmesini Ukrainanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyşy bilen tüýs ýürekden gutlap, “Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň iri ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolan Ukraina bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösüşiň täze derejesine götermekde bu halkara medeni çäresiniň ähmiýeti örän uly bolar” diýip nygtady.
“Ukrainanyň Türkmenistanda geçirilýän bu Medeniýet günleriniň biziň halklarymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň kämilleşmegine özboluşly goşant goşjakdygyna, şeýle hem iki dostlukly milletiň hoşniýetli hyzmatdaşlygynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrjakdygyna pugta ynanýaryn” diýip, milletiň Lideri belleýär.
Türkmen döwletiniň Baştutanynyň Gutlagy bu ýere ýygnananlaryň şowhunly el çarpmalary bilen garşylandy.
Medeni çärä gatnaşyjylara we myhmanlara gutlag sözleri bilen Ukrainanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Ý.A.Artemenko ýüzlendi. Ol döredijilik çäresiniň ýokary derejede guralandygy we Ukrainanyň sungat wekilleriniň mähirli garşylanandygy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, şeýle hem öz türkmen kärdeşlerine hoşallyk bildirip, häzirki çäräniň iki doganlyk halklaryň özara düşünişmegini we dostlugyny, medeniýetleriniň özara baýlaşmagyny berkitmekde, gumanitar gatnaşyklary giňeltmekde ähmiýetini nygtady. “Iki ýurduň paýtagtlarynda –Kiýewde Beýik Magtymgulynyň hem-de Aşgabatda Taras Şewçenkonyň ýadygärlikleri biziň gatnaşyklarymyzyň hemişeliginiň özboluşly nyşany bolup durýar” diýip, ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy aýtdy hem-de türkmenistanlylara ukrain sungaty bilen bilelikde ajaýyp günleri arzuw etdi.
Çäräniň dabaraly bölümi tamamlanandan soň, Ukrainanyň sungat ussatlarynyň uly konserti boldy. Onuň maksatnamasyny meşhur topar bolan Ukrainanyň akademiki milli halk saz gurallary orkestriniň ýerine ýetirmeginde ukrain halk mukamlary we dünýä nusgawy eserleri, özboluşly äheňi we wokal ýerine ýetirijiligi bilen dünýäniň köp ýurtlarynyň aýdym-saz muşdaklaryny bendi eden meşhur “Jazzex Band” toparynyň aýdym-saz çykyşlary düzdi. Tomaşaçylar köp halkara festiwallaryna gatnaşyjy bolan “Sokoly” wokal-instrumental toparynyň aýdyň çykyşlaryny şowhunly el çarpyşmalary bilen garşyladylar. Şol toparyň ýerine ýetirmeginde ukrain aýdymlary ýaňlandy.
Aýdym-saz toparynyň türkmen sazlaryndan parçalary ýerine ýetirmegi türkmenistanlylar üçin hakyky sowgat boldy.
Mukamlar Köşgüniň foýesinde Türkmenistanyň baý taryhy-medeni mirasy we ýurdumyzyň medeniýet hem-de sungat ulgamynda häzirki döwürde gazanan üstünlikleri hakynda gürrüň berýän sergi ýaýbaňlandy.
Ertir medeni çäräniň çäklerinde Şekillendiriş sungaty muzeýinde serginiň açylyşy bolar. “Skif altyny” çeperçilik gologrammalary we “Häzirki zaman Kiýew” mowzugy boýunça fotosuratlar onuň ekspozisiýasyny düzer. Agşam paýtagtymyzyň kinokonsert merkezleriniň sahnalarynda Ukrainanyň akademiki milli halk saz gurallary orkestriniň, “Jazzex Band” we “Sokoly” toparlarynyň çykyşlary bolar.
Ukrainadan gelen myhmanlar üçin uly medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Ol türkmen paýtagtynyň ajaýyp ýerleri, Aşgabadyň muzeýleriniň özboluşly eksponatlary bilen tanyşmagy, “Nusaý” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp görmegi özünde jemledi.
referans: www.turkmenistan.gov.tm