8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Ýaşlyk obasynda döwrebap çagalar bagy ulanmaga berildi.

Köýtendag etrabynda durmuş ähmiýetli nobatdaky desganyň açylyş dabarasy boldy. Garnas geňeşliginiň Ýaşlyk obasynda döwrebap çagalar bagy ulanmaga berildi. Täze desganyň açylyş dabarasy hakyky baýramçylyga öwrüldi. 

Täze çagalar bagynyň töweregi howa şarlary, dürli reňkli lentalar we baýdajyklar bilen bezelipdir. Onuň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, bag nahallary oturdylypdyr. Obanyň keşbine özboluşly gözellik çaýýan täze desganyň açylyş dabarasyna körpeler bilen oba adamlary, ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we gurluşykçylar gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet edaralarynyň mähriban Watanymyzyň bagtyýarlyk döwründe gazanýan üstünliklerini, ýeten derejesini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary çagalaryň şadyýan sesleri bilen utgaşyp gitdi. Welaýat we etrap häkimlikleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar körpeleri bu şanly waka bilen gutladylar. 

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen ýaş nesiller hakda edilýän aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny aýratyn bellediler. Şu jähtden, dünýä ülňülerine laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap okuw-terbiýeçilik edaralarynyň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýändigi bellenildi. Döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz aladasy netijesinde berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe mähriban Watanymyzyň ähli künjeklerinde şunuň ýaly täze mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň gurluşygyna giň gerim berildi. 

Ýaşlyk obasyndaky iki gatly täze çagalar bagyny Lebap welaýatynyň düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda «Altyn bürgüt” hususy kärhanasynyň hünärmenleri bina etdiler. Bu desga häzirki zaman bezeg materiallaryny we gurnamalaryny ulanmak arkaly özboluşly binagärlik görnüşinde guraldy. Desgany taslaýjylar we gurluşykçylar körpeler üçin ähli amatlyklary döredipdirler. Göwnejaý enjamlaşdyrylan ýatak jaýlary, giň oýun otaglary we saz otagy körpeleriň ygtyýarynda. Lingafon enjamlary, kompýuter we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen ýörite okuw otaglary çagalaryň kompýuter ugrundan bilim almagyna we olaryň daşary ýurt dili boýunça ilkinji endikleri öwrenmegine niýetlenipdir. Şeýle hem 200 orunlyk çagalar bagynda sport zaly, ýapyk ýüzüş howzy, lumançylyk otagy we naharhana bar. 

Çagalar bagynyň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, gök zolaklar döredilipdir, yşyklandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir. Şeýle hem bu ýerde oýun meýdançalary, hiňňildikler, bezegli telärler hem-de ertekileriň gahrymanlarynyň heýkelleri goýlupdyr. Desganyň suw üpjünçiligi, ýylylyk we energiýa ulgamy özbaşdak bina edilipdir. 

Täze desganyň açylyş dabarasynda «Altyn bürgüt» hususy kärhanasynyň has tapawutlanan gurluşykçylaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeri gelende aýtsak, kärhana şu ýyl Lebap welaýatynyň günorta-gündogar etrabynda 200 orunlyk çagalar bagyny hem gurdy, ol Köýtendag etrabynyň merkezinde şu ýylyň aprel aýynda ulanmaga berildi. Geçen ýyl bolsa kärhananyň gurluşykçylary şol etrabyň Gumpetde obasynda 140 orunlyk çagalar bagyny gurdular. Häzirki döwürde hususy kärhananyň gurluşykçylary Garlyk şäherçesinde 365 orunlyk döwrebap sport mekdebiniň gurluşygyny alyp barýarlar. 

Bu ýerde guralan dabara tamamlanandan soň, täze desganyň açylmagy mynasybetli, mähriban Watanymyzyň rowaçlygynyň hatyrasyna we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş saglygyna sadaka berildi.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Asyrlaryň jümmüşine aralaşmak.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Medeniýet Ulgamyny we Köpçülikleýin Habar Beriş Serişdelerini Kämilleşdirmek Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi

BİLDİRİŞ

syrach