13.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýaşulular baradaky alada, jemgyýetiň ahlak binýady.

Ýaşulularyň halkara güni biz öz ata-enelerimizi, mama-babalarymyzy, ýaşululary aýratyn mähir bilen gurşap alýan baýramçylygymyza öwrüldi. Olaryň hormatyna baýramçylyk konsertleri geçirildi. 


Aşgabat şäher häkimliginiň guramagynda „Watan” kinokonsert merkezinde uly baýrançylyk konserti geçirildi. Bu ýerde ýaşululary ýaşlar güler ýüz, gyzgyn salam, mähirli gutlag, sowgatlar we güller bilen garşy aldylar. Arzyly myhmanlar üçin bu ýerde keýpiňi çaglaýan söýgüli sazlar, meşhur bagşylaryň we estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeklerinde aýdymlar ýaňlandy. 






Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkeziniň guramagynda paýtagtda „Ýaşulularyň mekdebi – edermenlik mekdebidir” ady bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi „Biziň ýaşulularymyz – türkmen ýaşlary üçin nusgadyr” ady bilen baýramçylyk çäresini taýýarlady. 


Bu geçirilen konsertler we duşuşyklar myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Sungat ussatlary Ýaşulularyň halkara gününde ýaşuly nesliň wekillerine şatlyk paýlamak üçin öz başanyklaryny gaýgyrmadylar, olaryň diňe bir mähir bilen gurşalyp alynýandyklaryny görkezmän, eýsem olara bolan çyn ýürekden gyzgyn söýgüni beýan etdiler. Ýaşulularyň adyna Watanyň hatyrasyna çeken zähmetleri, olaryň türkmenistanly ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemäge uly goşant goşýandyklary üçin hoşallyk sözleri aýdyldy. Duşuşyklarda ýaşuly nesliň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýadigärlik sowgatlary gowşuryldy. 


Gündogarda ähli döwürlerde adamyň ýaşy bilen bagly pähim-paýhasa çuňňur hormat goýlupdyr. Hormatly ýaşulular ýaşlara elmydama peýdaly maslahatlary beripdirler, köplenç öňden görmegi başarypdyrlar. Nesilleriň ýazylmadyk ruhy-etiki kada-kanuny hökmünde nesilden-nesle geçip gelen „Altyndyr kümüş garramaýar, enedir atanyň belli bahasy ýokdur”, „Eger-de özüňe hormat goýulanyny isleseň – ýaşululara hormat goý” ýaly nakyllardyr atalar sözi türkmen halkynyň ýaşululara elmydama hormat goýýandygyna şaýatlyk edýär. 


Ýaşulularyň halkara güni BMG tarapyndan girizildi we ol 1991-nji ýyldan bäri bellenilip gelinýär. Biizň ýurdumyzda ýaşuly nesliň wekillerini uly alada bilen gurşalyp alynmagy üçin, olaryň diňe bir mynasyp derejede dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilmegi üçin alada edilmän, eýsem olar üçin durmuşda doly bahaly işjeň durmuşyň döredilmegi üçin hem uly işler amala aşyrylýar. Ýaşuly adamlar hormatly dynç alyşa çykanlaryndan soň hem öz iş ýerlerinde işlemeklerini dowam etdirip bilerler. Şunlukda olar üçin pensiýalaryň we zähmet iş haklarynyň doly möçberleri saklanyp galýar. Ýurtda ýaşuly adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen giden çäreler toplumy hereket edýär, olar lukmançylyk we dürmuş ýeňillikleriniň giň toplumyndan peýdalanyp bilýärler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy atly žurnalyň täze sany.

syrach

Halaç Etrabynda Agyz Suw Zawody Işe Girizilmäge Taýýarlanylýar

Gruziýanyň Paýtagtynyň Telewizion Diňine Çyralar Arkaly Türkmenistanyň Baýdagynyň Reňki Çaýyldy