8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

„Ýaşulularyň Halkara güni“

Täze Galkynyşlar we beýik özgertmeler zamanasynda ilkinji kanunlaryň hatarynda Türkmenistanyň „Durmuş üpjünçiligi hakynda“ Kodeksiniň kabul edilmegi tötänden däldir. Bu resminama türkmenistanly ýaşulularyň ýaşaýşynyň berk binýady bolan deň hukuklylyk ýörelgeleriniň, adalatlylygyň we ynsanperwerligiň kanuny taýdan üpjün edilmegiň kepillendirmesi hem-de Beýik Watançylyk urşunyň we zähmet weteranlarynyň, maýyplaryň, eneleriň, we durmuşy goldawa mätäçleriň durmuşy taýdan goldanmagynyň nusgasy bolup durýar.

Ýaşulularyň Halkara güni- biziň ýakynlarymyzyň- ene-atalarymyzyň, mama- babalarymyzyň baýramçylygydyr. Bu baýramçylyk -adamzat danalygynyň, raýat kämilliginiň we ruhy sahylygyň baýramydyr! Bu baýramçylygyň girizilip, Türkmenistanda bellenilmegi- ýaşuly nesillere hormat goýmagyň we mertebesini belent tutmagyň, olaryň Watanyň öňündäki beýik hyzmatlaryny we döwletiň ösmegi üçin goşan goşantlaryny ykrar etmegiň aýdyň subutnamasydyr.

Her ýylyň 1– nji oktýabrynda ýurdumyzda „Ýaşulularyň Halkara güni“ ady bilen dabaralar geçirilýär. Hiç bir ýaşuly ünsden düşürilmeýär. Olaryň hormatyna goşgular düzülip, şanyna aýdym-sazly çäreler geçirilýär. Ýaşlaryň ýaşuly nesle bolan hormatyny görkezýän sahnalardan parçalar ýaşulularyň gownüni galkyndyrýar. Baýramçylyga gatnaşýan ähli ýaşululara pul we gymmat bahaly sowgatlar gowşurylýar.

Mätäç raýatlara durmuşy hyzmatlary etmek meselesi Kodeksde aýratyn bölümde bellenilen. Şol düzgünleriň esasynda hem durmuş üpjünçiligi ulgamynyň işi gurnalýar. Bu ulgamyň bölümleri- durmuş üpjünçiligiň merkezleri- ýurdumyzyň bäş welaýatynda we Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde hereket edýär. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň döwlet kömek pullary üpjünçiligi müdirliginiň başlygy Gülälek Garýagdyýewanyň belläp geçişi ýaly, bu merkezler goja, garran raýatlara we maýyplara öýlerinde hem-de gündizki we gije-gündizki bölümlerinde ençeme hyzmatlary edýärler. Bu hyzmatlaryň sanawyna durmuşy, lukmançylyk hyzmatlary, durmuşa uýgunlaşdyrmak we durmuşa ukyplylygyny dikeltmeklik ýaly hyzmatlar girýär.

Ýaşuly gojalar öz ýaşdaşlarynyň arasynda, durmuş üpjünçilik edaralarynyň işgärleriniň aladasyna gurşalyp, boş wagtlaryny gowy geçirýärler. Lebap welaýatynyň durmuş üpjünçilik merkeziniň işgärleri diňe bir çeper el işleriniň we uly bolmadyk saz gurnagyny döretmek bilen çäklenmän, döredijilik agşamlaryny hem yzygiderli geçirip durýarlar. Baýramçylyk günlerinde bolsa ýaşulular myhmanlary, ýagny jemgyýetçilik guramalarynyň wekillerini garşylaýarlar.

Türkmenistan döwleti durmuşy taýdan üpjünçiligi ulgamyndaky işleri raýatlaryň hukuklaryny berjaý etmek ýörelgeleri esasynda; durmuş hyzmatlary almaga we olaryň raýatlara elýeterli bolmagynyň deňhukuklylygyny üpjün etmegi, raýatlaryň şahsy zerurlyklaryny hasaba almak bilen durmuş üpjünçiligini gurnaýar. Esasy zat hem garry adamlara, maýyplara we beýleki raýatlara durmuşy hyzmatlary almaga bolan hukuklaryny kepillendirýär. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Aman Amangeldiýewiň Ýagty Ýadygärligine Bagyşlanan Sergi

turkmenhabargullugy

Hekaýa: Tebip Enäniň Sargydy

Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş Sekretarynyň Arasynda Telefon Söhbetdeşligi