13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
SPORT

At çapyşyk möwsümiň ikinji güni geçirildi.

Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsümiň ikinji güni geçirildi. Jemi on at çapyşygy geçirilip, olaryň ýedisinde üç ýaşar atlar, üçüsine dört we ondan hem uly ýaşly bedewler özara bäsleşdiler. 

At çapyşyklaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, Türkmenistanyň Senagat ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň hojalyklaryndan we hususy hojalyklardan bedewler gatnaşdylar. 

Şol gün atly baýraklaryň ikisi goýuldy. Dokuz sany üç ýaşar bedewleriň arasynda 1200 metr aralyga geçirilen dördünji at çapyşygynda Seýdiniň adyna goýlan baýrak ugrunda bäsleşildi. Bu at çapyşygynda çapyksuwar G.Agamyradowyň çapan D.Gurbanowyň hojalygyna degişli bolan Abraýly atly bedew birinji orna (1 minut 18,5 sekunt) eýelemegi başardy. 

1400 metr aralyga geçirilen ýedinji at çapyşygynda dört we ondan hem uly ýaşly bedewleriň arasynda Gelşikli baýragy ugrunda bäsleşildi. Onda uly ýaşly bedewleriň ýedisi özara bäsleşdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Dalbedew atly bedewi 1 minut 33,3 sekun wagt bilen baýrakly orna mynasyp boldy (çapyksuwary B.Agamyradow).

Degişli makalalar

Ýurdumyzyň Ýaş Küştçüleriniň Iň Ökdeleri Mälim Edildi

syrach

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Jon Kerri Arap ligasynyň wekilleri bilen duşuşdy.

syrach

“Nebitçi” Toparyna Tehniki Ýeňliş Yglan Edildi

turkmenhabargullugy