9.9 C
Aşkabat
21.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Atçylyk Pudagynyň Desgalarynyň Täze Toplumynyň Açylyş Dabarasy

Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde döwlet derejesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanylan dabaraly çäreler giň gerime eýe bolýar. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze gurlan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde Aba Annaýew obasynyň açylmagy milli senenamamyzyň bu ajaýyp senesine gabatlanyldy.

Behişdi bedewleriň çyn janköýeri we olara sarpa goýýan, at çapmagyň ajaýyp ussady hem-de atçylyk sportuny yzygiderli wagyz edýän döwlet Baştutanymyzyň uly tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň atçylygy hakyky gülläp ösüşine eýe bolýar, onuň baý gadymy däpleri täzeden mynasyp derejede dowam etdirilýär. Ahalteke bedewleri hemme döwürlerde türkmen halkynyň durmuşynyň aýrylmaz bölegi hem-de ynamdar ýoldaşy, şöhratly taryhynyň bezegi bolupdy. Muňa “Irden turup ataňy gör, ataňdan soňra–atyňy”, “Aty baryň ganaty bar”, “Ýyndam atyň bahasy ýok” ýaly meşhur halk nakyllary şaýatlyk edýär.  Behişdi bedewler dünýä atçylygynyň aňrybaş derejesi, milletimiziň bahasyz gymmatlygy, buýsanjy we şöhraty hasaplanylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça we ýolbaşçylygynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, onuň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak, arassa ganly ahalteke bedewleriň baş sanyny artdyrmak, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, atçylyk sportunyň dürli görnüşlerini hem-de at çapmagyň milli däplerini wagyz etmek boýunça maksada gönükdirilen çäreler  durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda gurlan ajaýyp atçylyk sport toplumlary, behişdi bedewleriň we ömrüni olary ösdürip ýetişdirmäge hem-de seýislemäge bagyşlan türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň hem-de ussat çapyksuwarlaryň dünýäde artýan şöhraty bu deňsiz-taýsyz işleriň netijesidir. 

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaraly çäreler munuň aýdyň subutnamasydyr. Olara gatnaşmak üçin Türkmenistana her ýyl köpsanly daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda atşynaslar, meşhur ippolog-hünärmenler, alymlar, işewür düzümleriň wekilleri, dünýäniň dürli ýurtlaryndan ahalteke bedewlerine uly sarpa goýýanlar gelýärler. Ine, şu hepde paýtagtymyzda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň  başlangyjy boýunça döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VI mejlisi, däp bolan Halkara sergi-ýarmarkasy hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly VIII halkara ylmy maslahat geçirildi. Düýn bolsa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat atçylyk sport toplumynda konkur boýunça ýaryşlary geçirmäge niýetlenen täze açyk manež ulanmaga berildi. Şol ýerde hem atçylyk sportunyň şu görnüşinde türgenleriň görkezme çykyşlary hem-de ýetginjek çapyksuwarlaryň bäsleşikleri, konkur boýunça ýaryşlar geçirildi. 

Şu gün baýramçylyk çäreleri Ahal welaýatynda Gökdepe etrabynyň “Kärizek” geňeşliginde täze Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hem-de döwrebap Aba Annaýew obasynyň dabaraly açylmagy bilen dowam etdi. Bu ýerde ir ertir bilen ählumumy galkynyş we ýokary ruhubelentlik ýaýbaňlandy.       

Şanly waka mynasybetli bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de hormatly ýaşulular, atçylyk pudagynyň zähmetkeşleri, giň jemgyýetçiligiň wekilleri ýygnandylar. Bu ýere gelenleriň arasynda Türkmenistanda resmi taýdan bellenen diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly myhmanlar, şol sanda ýakynda Aşgabatda behişdi bedewlere bagyşlanyp geçirilen halkara forumlaryna gatnaşyjylar bar. Hemmeler uly joşgun bilen hormatly Prezidentimiziň gelmegine garaşýar.

Milli Liderimiziň behişdi bedewlere neneňsi söýgi we üns-alada bilen garaýandygy giňden meşhurdyr. Olara hormatly Prezidentimiziň  “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”atly ähmiýetli kitaby bagyşlanandyr. Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, atçylyk sungaty bilen baglanyşykly gadymy däp-dessurlaryny täzeden galkyndyrmak we gorap saklamak meseleleri döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Bu ugurda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan uly yhlasa beslenen toplumlaýyn işler beýleki bir ajaýyp neşir bolan “Ganatly bedewler” atly kitabyň sahypalarynda öz beýanyny tapdy. Dek düýn bolsa, baýramçylygyň öň ýanynda, Aşgabatda döwlet Baştutanymyzyň türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykan “Gadamy batly bedew” diýen täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Ol türkmenistanlylara hem-de ganatly bedewleri söýýänlere we oňa sarpa goýýanlara ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy.

Ýurdumyzda öz ömrüni ahalteke bedewlerine bagyşlan adamlar uly hormat-sarpa bilen gurşalandyr. Şeýle adamlaryň biri milli Liderimiziň atasynyň dogany, tejribeli seýis hökmünde-de, zehinli atşynas-seçgiçi hökmünde-de meşhur bolan Aba Annaýewdir. Türkmen atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň gadymy däplerini nesilden-nesle geçirmäge, ady rowaýata öwrülen ahalteke tohumly atlary gorap saklamak we kämilleşdirmek işine uly goşant goşan Aba Annaýewiň hyzmatlarynyň bahasy uludyr. Ol ahalteke bedewleriniň tohum arassalygynyň hemişe tarapdary bolupdy. Aba Annaýew öz işiniň ykrar edilen hakyky ussady bolup, saýlama bedewleriň köpsanlysyny ösdürip ýetişdirdi we seýisledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz ata-babalaryndan ahalteke bedewlerine mähirli we yhlasly garamak endiklerini miras alyp, behişdi bedewler hem-de ussat atşynaslar baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biriniň derejesine galdyrdy. Häzirki döwürde ahalteke bedewi diňe bir milli döwletliligiň nyşany bolman, eýsem,  türkmen halkynyň deňsiz-taýsyz zehininiň hem-de zähmetsöýerliginiň, döredijiligiň we ösüşiň täze belentliklerine tarap ymtylmasynyň hakyky ýüze çykmasy bolup durýar. 

Ir bilen, döwlet Baştutanymyz täze desgalara tarap barýan ýoluň ugrunda atlar üçin ýerasty geçelgäniň ýanynda saklanyp, onuň aýratynlyklaryny synlady hem-de öz ugruna laýyk ähmiýeti bolan desgalar gurlanda öňdebaryjy tehnologiýalary we häzirki zaman dünýä tejribesini giňden peýdalanmagyň wajypdygyny nygtady.  

Döwlet Baştutanymyzyň awtoulagy Köpetdagyň eteginiň ajaýyp künjeginde gurlan täze Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň merkezi girelgesine gelýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy dabara gatnaşyjylar mähirli we tüýs ýürekden garşylaýarlar.  

Bu ýerdäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşy ýaýbaňlanýar. Artistler aýdymyň we tansyň dili bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda    parahatçylygyň, abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban Watanymyzy, onuň beýik üstünliklerini hem-de täze taryhy döwrüň belent döredijilik ruhuny joşgunly wasp edýärler. 

Döwlet Baştutanymyz bu ýere ýygnananlar bilen mähirli salamlaşyp, ýörite gurnalan münbere geçýär. Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata Watanymyzyň bedew bady bilen täze belentliklere tarap öňe gitmegine, mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işleriň amala aşyrylýandygyny   belledi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda önümçilik we ýaşaýyş-durmuş maksatly döwrebap desgalaryň ýüzlerçesi gurlup, ulanmaga berilýär.  

Garaşsyz Watanymyzda şanly senelere, baýramçylyklara gabatlanyp, täze gurlan desgalary dabaraly açyp, ulanmaga bermek indi asylly däbe öwrüldi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şu günler hem merdana halkymyzyň uzak asyrlaryň dowamynda döreden naýbaşy gymmatlyklarynyň biri bolan ajaýyp atlarynyň şanyna bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirilýär, at çapyşyklary guralýar. 

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz hemmeleri bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de ençeme asyrlaryň dowamynda halk seçgisi netijesinde türkmen topragynda kemala gelen, gözelligiň we kämilligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen behişdi ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak üçin häzirki döwürde ýurdumyzda uly işler durmuşa geçirilýär diýip belledi. 

Türkmen bedewiniň şanyna Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda Türkmenistanda geçirilýän baýramçylyk çärelerine dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-e golaý wekil gatnaşýar. Merdana ata-babalarymyz hemme döwürlerde ynsan kimin duýgur, eýesine wepaly atlaryň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler. Ýelden ýüwrük bedewleri ösdürip ýetişdirip, soňky nesillere miras galdyrypdyrlar. Merdana pederlerimiziň bu ugurda alyp baran işleri häzirki döwürde hem türkmen atşynaslary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. 

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, behişdi bedewlerimiziň çalt depginler bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziň nyşany hasaplanýandygyna ünsi çekdi. Ýanardag atly ahalteke bedewiniň şekili Türkmenistanyň Döwlet tugrasyny bezeýär. 2017-nji ýylda gözel paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanynda hem atyň şekiliniň bolmagy behişdi bedewlerimize goýulýan sarpanyň belentdigine aýdyň şaýatlyk edýär. Bu oýunlaryň maksatnamasyna sportuň päsgelçilikden atly bökmek görnüşi hem girizildi. Bu bolsa ahalteke bedewleriniň atly sport boýunça şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge mümkinçilik berer. Sportuň bu görnüşinde ahalteke bedewleriniň ukybyny doly açyp görkezmäge şert döreder. Döwlet Baştutanymyz bu barada nygtamak bilen, Olimpiýa şäherjiginiň binalar toplumynyň daşky we içki gurluşynyň baş binagärlik bezeginiň bedewiň şekili esasynda amala aşyrylandygyny aýratyn belledi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda atçylyk pudagyny we atçylyk sportuny ösdürmek boýunça giň gerimli işleriň durmuşa geçirilendigini hormatly Prezidentimiz nygtady. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda ähli amatlyklary bolan döwrebap atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanmaga berildi. Bu desgalarda at çapyşyklaryny geçirmek, atçylyk sporty hem-de milli at üstündäki oýunlar bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzda atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak işine hem aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ussat atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we at üstündäki oýunlary ýerine ýetirýän ezber türgenleri ýetişdirmek boýunça döwrebap okuw merkezleri açylýar.

Milli Liderimiziň soňra belleýşi ýaly, dünýäniň ösen döwletlerinde geçirilýän at çapyşyklaryna, at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek boýunça guralýan halkara festiwallaryna türkmen ussat atşynaslarymyz, seýislerimiz, çapyksuwarlarymyz we türgenlerimiz işjeň gatnaşýarlar. Olaryň bu bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertler döredilýär. Türkmen seýisleriniň we ýetginjek çapyksuwarlaryň hünär hem-de bilim derejelerini ýokarlandyrmak maksady bilen, olar daşary ýurtlara okuwlara iberilýär. 

Atçylyk pudagyny has-da ösdürmäge gönükdirilip, döwlet derejesinde alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde, behişdi bedewlerimiziň ýetişdirilişi, tohumçylyk-seçgi işleri hem-de türkmen milli seýisçilik sungaty kämilleşdirilýär. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, soňky ýyllarda güneşli Diýarymyzda ahalteke bedewleriniň gadymy şöhratynyň täzeden dikeldilendigini buýsanç bilen belledi. 

Türkmen atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, dürli döwletlerde ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirýän atşynaslaryň, hünärmenleriň, edara görnüşli taraplaryň işini utgaşdyrmak, ahalteke bedewleri baradaky maglumatlary toplamak, bu ugurda halkara maslahatlaryny we sergileri guramak maksady bilen, Aşgabat şäherinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Dünýäniň çar künjeginden köpsanly ahalteke atçylyk assosiasiýalary, edara görnüşli taraplar we bu täsin tohumlara gadyr goýýan hususy atşynaslar, atçylyk ugrundan işleýän hünärmenler we alym-ippologlar bu Assosiasiýanyň agzalygyna kabul edildi. Häzirki wagtda dünýäniň 31 döwletinden 137 sany edara görnüşli we şahsy taraplar assosiasiýanyň agzasy bolup durýar. Olaryň sany ýylsaýyn köpelýär we bu ugurda hyzmatdaşlygyň gerimi barha giňelýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Bu baradaky gürrüni dowam edip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda her ýylda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşiginiň we atçylyk pudagynyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahatlaryň geçirilýändigini nygtady. Bu bolsa, ady äleme dolan ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratynyň has-da belende galmagyna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz Watanymyzda atçylyk pudagyny döwrebap ösdürmek boýunça häzirki wagtda döwrebap talaplara laýyklykda döwlet tarapyndan yzygiderli we maksatlaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtap, muňa birnäçe anyk mysallary getirdi. Ine,
Halkara we Aşgabat atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalaryna politrek düşeldi. At çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda guramak, türgenlerimiz we bedew janköýerlerimiz üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durky  täzelendi.Ýene-de bir aýdyň mysal–ýurdumyzda atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny, uzak aralyga atly ýörişleri geçirmek, päsgelçiliklerden bökmek, şeýle hem at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri ýetişdirmek maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynyň çäginde okuw merkezi, açyk we ýapyk manežler guruldy.

Bu gün bolsa, biz häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyklykda gurlan, ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljak Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyny dabaraly açyp, ulanmaga berýäris diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ol 600 baş ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmäge niýetlenendir. Onuň düzüminde edara binasy, muzeý, seýisler üçin okuw merkezi, 12 sany athana, ýaşajyk taýlara tälim bermek üçin ýapyk manež hem-de beýleki desgalar bar. Gözel Köpetdagyň eteginde ýerleşýän bu toplumda işlejek atşynaslaryň we hünärmenleriň döwrebap ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, 114 hojalyga niýetlenen iki gatly, iki öýli 57 sany ýaşaýyş jaýlary guruldy. 

Hormatly Prezidentimiz bu özboluşly şäherçede 240 orunlyk orta mekdebiň, 160 orunlyk çagalar bagynyň, dükanyň, sport we çagalar üçin oýun meýdançalarynyň hem bardygyny nygtady. Ýaşaýyş jaý we atçylyk toplumlarynda hünärmenleriň netijeli zähmet çekmekleri we döwrebap dynç almaklary üçin ähli şertler döredildi. Täze toplum dünýä ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edildi. Bu ýerde ahalteke tohum atlaryna döwrebap ideg etmek, olary seýislemek hem-de atlaryň kesellerini ýüze çykarmak we bejermek üçin iň häzirki zaman şertler göz öňünde tutuldy. 

Milli Liderimiz täze toplumyň ýurdumyzda atçylyk pudagyny mundan beýläk-de ösdürmäge, ahalteke bedewleriniň sanyny köpeltmäge, atlary talabalaýyk seýislemäge ýardam berjekdigine, mundan başga-da, atlaryň dünýä derejesinde geçirilýän bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmeklerine, olaryň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmaga giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdi. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmen bedewiniň baýramy, şeýle hem täze desgalaryň açylmagy bilen bu ýere ýygnananlary ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadan we bagtyýar durmuş, bu ýerde tutanýerli işlejek atşynaslara, hünärmenlere we çapyksuwarlara bolsa, yhlasly zähmet çekmegi, işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Garaşylan pursat gelip ýetýär: dabaraly ýagdaýda, joşgunly el çarpyşmalar astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär hem-de täze Halkara ahalteke atçylyk toplumyny açýar. Bu ýerde atlary köpeltmek, saklamak hem-de sport türgenleşiklerini geçirmek, şeýle-de atşynas seýisleri, ýokary derejeli ussat çapyksuwarlary taýýarlamak üçin hemme zerur şertler döredilipdir. 

Iki esasy zolakdan ybarat bolan bu döwrebap toplumyň giň meýdanynda birnäçe desgalar, şol sanda dolandyryş, auksion  binalary, okuw merkezi, degişli derejede enjamlaşdyrylan agyllary bolan 600 baş at saklamaga niýetlenen athana ýerleşdirildi. Tiz kömek bölümi bolan weterinar klinika bedewleriň saglygyna gözegçilik etmek üçin niýetlenendir. Hemme zerur  enjamlar hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu klinika Bütindünýä weterinariýa assosiasiýasynyň ölçeglerine laýyklykda guruldy. Onda dürli bejeriş bölümleri, şol sanda gözden geçiriş we rentgen otaglary, operasiýa geçirilýän zal, biohimiýa, genetika hem-de gematologiýa barlaghanalary ýerleşdirilipdir. Atçylyk sport toplumynyň düzümine, şeýle hem doping-gözegçilik, karantin bölümleri hem-de atlar üçin howuz girýär. Bedewleri çapyşyklara, päsgelçiliklerden geçmek boýunça ýaryşlara we beýleki bäsleşiklere taýýarlamak, ýaş atlara baş öwretmek, çapyşygyň endiklerini işlemek we ussatlygyny kämilleşdirmek üçin ýörite türgenleşik meýdanlary niýetlenipdir. Atçylyk sport toplumynyň muzeýinde ahalteke atşynaslygynyň taryhy bilen tanyşmak bolýar. Bu ýerde arhiw hem göz öňünde tutulypdyr.  
     
Toplumda saklanýan atlary iým bilen üznüksiz üpjün etmek maksady bilen, olaryň hersiniň bir gije-gündizki iýminiň düzümine bede, süle, arpa, ýorunja, saman hem-de witamin-mineral goşundylar girýär, elewatorlar we ammarlar gurlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, ýorunja ýetişdirmek üçin bu ýerde ýylda 6-7 gezek hasyl almaga mümkinçilik berýän ýer bölekleri bölünip berlipdir. Şeýlelikde, toplumyň özüniň bu ýokumly iými öndürip, bedewleri üpjün etmegi üçin şertler döredildi. 

Atçylyk sport toplumynyň çäklerine girýän awtoulag serişdeleriniň deslapky arassalaýyş işlerini geçmeginiň hökmanydygy belläpliklidir. Munuň üçin ýörite emeli suw howdany göz öňünde tutulypdyr. Toplumyň umumy dolandyryş ulgamynyň üpjün edilmegi üçin degişli inženerçilik-tehniki düzümi girýär. Mundan başga-da, bu ýerde awtoulag bölümi, iş tehnikalary hem-de ulag serişdeleri üçin üsti ýapyk duralga, ýangyna garşy bölüm enjamlaşdyrylypdyr. 

Hormatly Prezidentimiz täze Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen tanyşlygyny dolandyryş binasyndan başlaýar. Döwlet Baştutanymyz  otaglary gözden geçirip, olaryň ýerleşdirilişi we enjamlaşdyrylyşy, hünärmenleriň işlemegi üçin döredilen şertler bilen gyzyklanýar. Binada     mejlisler zaly, “Galkynyş” otagy, işgärler üçin naharhana, beýleki zerur otaglar bar. 

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dolandyryş binasyndan çykyp, 150 adama niýetlenen Auksion binasyna barýar.  

Döwlet Baştutanymyz auksion söwdalarynyň işleýiş aýratynlygy, öz gönüden-göni ugrundan başga-da, örän özüne çekiji çäre bolan at auksionlarynyň geçiş ýagdaýy hem-de gün tertibi bilen içgin gyzyklandy. Atlary gezdirmek we olaryň sport endiklerini görkezme arkaly tanyşdyrmak auksionyň möhüm düzüm bölegidir.  Munuň özi ol ýa-da beýleki bedewiň tohumynyň aýratynlygy, gözelligi, başarnygy hem-de at sportunyň dürli görnüşlerinde çykyş etmek üçin taýýarlyk derejesi bilen birlikde, olaryň ähli tapawutly taraplaryna baha bermäge mümkinçilik berýär. Şeýle auksionlaryň alnyp barlyşy bellenen düzgünler arkaly kesgitlenilýär. Her bedewiň nesil we tohum gymmatlygy degişli resminamalar bilen tassyklanylýar. 

Soňra milli Liderimiz ýörite taýýarlanan ýere geçip oturýar. 

Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli täze Auksion binasynda at auksiony guraldy. Onuň ilkinji gezek geçirilýändigini göz öňünde tutanyňda, arassa ganly ahalteke bedewlerini bu ýerde diňe biziň ýurdumyzyň raýatlaryna satyn almaga hukuk berildi.  

Auksionyň meýdançasyna satuwa niýetlenen ajaýyp bedewler ýeke-ýekeden çykarylýar. Atyň her biri, onuň nesli, häsiýetleri, gazananlary we aýratynlyklary barada jikme-jik maglumatlary berip, auksionyň alyp baryjysy bedewleriň ilki başky bahasyny yglan edýär. Şol baha bolsa satyn almaga isleg bildirýänleriň sanynyň artmagyna görä, ýokarlanyp başlaýar. 

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji auksion söwdasynyň barşynda saýlama ahalteke bedewleriniň üçüsi satyldy.  

Şeýlelikde, bu ýerde guralan auksion oňa gatnaşyjylara we myhmanlara  gözelliginde, belentliginde we asyllylygynda kämil bolan täsin türkmen bedewlerini synlap, ajaýyp lezzet almaga mümkinçilik berdi.  

Soňra hormatly Prezidentimiz athanalara tarap ugraýar, ýol ugrunda  toplumyň çägini gözden geçirýär. Bu ýerde türgenleşik meýdançalary bilen bir hatarda, atlary gezdirmek üçin meýdançalar hem göz öňünde tutulypdyr. Şol wagt şeýle meýdançalaryň birinde ajaýyp ahalteke bedewleriniň birnäçesi gezdirilip ýördi.  

Athanalary gözden geçirmegiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň direktory bilen geçiren söhbetdeşliginde ahalteke bedewlerini saklamak üçin döredilen şertlere aýratyn üns berdi. Athanalar toplumynda 200 we 160 at üçin, degişlilikde 50 we 80 taý üçin ýörite bölümleri bolan, zerur talaplara we halkara ölçeglerine laýyk gelýän ýataklar, şeýle hem höwür atlaryň 60-syna  niýetlenen,  ýörite bölümleri bolan 240 at üçin ýataklar göz öňünde tutulypdyr. Athananyň howasynyň arassalygyny saklamak üçin döwrebap ýelejirediji ulgam enjamlaşdyryldy. Golaýda ot-iým saklamak üçin ammarlar ýerleşdirilipdir. Atçylyk sport toplumynyň athanalary we beýleki desgalary gurlanda ekologiýa taýdan howpsuz ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanyldy. Şeýle hem atlar gezdirime çykarylanda, olary awtoulaglaryň ýöreýän ýollaryndan bökdençsiz geçirmek üçin ýerasty geçelgeleriň ikisi göz öňünde tutulypdyr.  

Ýaş taýlar barada aýdylanda, bu ýerde olar üçin aňrybaş amatly şertler döredilipdir. Taýyň hersi üçin aýratyn ýatak göz öňünde tutulypdyr. Iň irki ýaşyndan başlap, olary ýetişdirmek üçin öňdebaryjy innowasion usullar hem-de ýöriteleşdirilen enjamlar ulanylýar. 

Soňra döwlet Baştutanymyz bu günki dabara gatnaşýan ýokary wezipeli myhmanlar bilen söhbetdeş boldy. Hususan-da, ahalteke bedewleriniň reňk öwüşgininiň aýratynlyklary barada gürrüň edildi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, howa şertleri, hatda öwüsýän dürli ýeller belli bir derejede atlaryň reňkine täsir edýär.  Köpetdagyň eteginiň bu künjegindäki amatly ekologiýa we howa ýagdaýlary ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek üçin örän oňat laýyk gelýär. Milli seýisçilik tejribesinden    belli bolşuna görä, bu işde arassa dag howasy, suw çeşmeleriniň hem-de ösümlikleriň köplügi möhüm ýagdaýlar bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. 

Ussat seýisler tarapyndan bu töwereklerde ösdürilip ýetişdirilen atlar öz çydamlylygy we gözelligi bilen tapawutlanýarlar. Öňki döwürleriň meşhur seýisleri ajaýyp bedewleri köpeltmegiň hem-de terbiýeläp ýetişdirmegiň usullaryna ussatlyk bilen erk edipdirler. Türkmen seýisleri gadymdan bäri bedewleriň nesil ugruna we tohumyna uly üns beripdirler, bu däpler häzir hem üstünlikli dowam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Hormatly Prezidentimiziň mazmunly, gyzykly gürrüňi daşary ýurtly myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Olar türkmen Lideriniň ahalteke bedewleri baradaky şunuň ýaly hemmetaraplaýyn uly aladasynyň öz ajaýyp netijelerini berýändigini nygtadylar.   

Döwlet Baştutanymyz athanalary synlap, bedewler üçin amatly howany döretmegiň, degişli howa ýagdaýyny saklamagyň, atlary idetmek bilen bagly ähli meselelere oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Bu ýerde ýurdumyzyň atçylygynda toplanan köpasyrlyk tejribe we bu ugurda ylmyň täze gazananlary sazlaşykly utgaşdyrylmalydyr. Hormatly Prezidentimiz athanalar gurlanda we enjamlaşdyrylanda iň gowy dünýä tehnologiýalaryny ulanmagyň, tohumçylyk hojalygyny ýöretmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny peýdalanmagyň zerurdygyny aýdyp, şu gün açylan Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň öz işinde uzakmöhletleýin geljegi ugur edinmelidigini belledi. 

Dagyň hoştap howasy hem-de ene topragymyzyň bu gözel künjeginiň tebigy-howa aýratynlyklary, gök begrese beslenen ýaýlalar atlary we taýlary saklamak üçin amatly ýagdaýy döredýär.  Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, behişdi bedewlere ideg etmek, olary ösdürip ýetişdirmek we türgenleşdirmek, sporta taýýarlamak işleri gadymdan gözbaş alýan milli däplerimiziň esasynda hem-de häzirki zaman öňdebaryjy tejribäni nazara almak bilen geçirilmelidir. Munuň özi ýyndamlygy, çydamlylygy, asyllylygy we gözelligi bilen tanalýan ahalteke bedewlerimiziň dünýä dolan şöhratyny has-da artdyrmaga ýardam eder. 

Hormatly Prezidentimiz athanalar bilen tanşandan soň, ýolugrunda atlary, hususan-da, taýlary türgenleşdirmek üçin niýetlenilen “Horse Walkers” özboluşly gurluşy gözden geçirdi. Bu gurluş ýörite aýlanýan enjamlar bilen üpjün edilen üsti ýapyk ýa-da açyk manež bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, bedewiň saglygy köp babatda onuň dogry gan aýlanyşygynyň, sagdyn ösüşiniň möhüm şerti bolup durýan işjeňligine baglydyr. “Horse Walkers” taýlaryň ýaş toparyna laýyklykda, ilkinji ädiminden başlap, belli bir tizlige çenli deňagramly hereket etmegi öwredýär. 

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda gurnalan “Horse Walkers” daşary ýurtly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Olar atlary köpeltmek,  ösdürip ýetişdirmek we sporta taýýarlamak üçin göz öňünde tutulan şertlere ýokary baha berdiler. Şeýle hem daşary ýurtly hünärmenler bu köpugurly toplumyň özboluşlylygyny bellediler. Ol atçylyk pudagynyň işgärleri üçin niýetlenen ýaşaýyş jaý toplumyny nazara almak bilen, ähli bölümlerine çenli oýlanyşykly gurlupdyr. 

Soňra milli Liderimiz toplumyň Okuw merkezine tarap ugrady. Ýol ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halypalaryň ýolbaşçylygynda ýörite meýdançada türgen atçylaryň türgenleşigini synlady. 

Okuw merkezinde döwlet Baştutanymyz okuw otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy hem-de bu ýerde okuwlaryň gurnalyşy bilen tanyşdy. Bu ýerde seýisleri we ussat çapyksuwarlary taýýarlamak üçin zerur bolan ähli şertler, şol sanda multimediýa tehnologiýalary, döwrebap enjamlar we ýörite trenažerler göz öňünde tutulypdyr. 

Okuw otaglarynyň birinde döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň çäklerinden alyslarda hem giňden tanalýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary we  toparyň ýolbaşçysy P.Baýramdurdyýew bilen söhbetdeş boldy. Häzir bu topar diňe ýurdumyzda däl-de, eýsem, onuň çäklerinden alyslarda hem örän gowy tanalýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen bu topar iri halkara bäsleşikleriniň we sirk sungatynyň festiwallarynyň abraýly baýraklarynyň ençeme gezek eýesi boldy. Halkara Gran-pri baýragyna birnäçe gezek eýe bolan bu topar daşary ýurtlarda uly meşhurlyk gazandy.  

“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary we ýolbaşçysy milli Liderimize at münmek sungatyny özleşdirmek we çykyşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler hem-de berilýän goldaw üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şunda döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde soňky ýyllarda behişdi ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratynyň dünýäde has-da artýandygy nygtaldy. 

Hormatly Prezidentimiz toparyň ahalteke bedewlerimizi, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi  bolan milli at üstündäki oýunlary  dünýä ýaýmaga goşýan goşandyny bellemek bilen, “Galkynyş” toparyna öz ussatlygyny kämilleşdirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.  

Şunuň bilen baglylykda, behişdi  bedewleriň dünýä şöhratyny artdyrmaga türkmen atçylarynyň halkara ýaryşlaryndaky üstünlikli çykyşlarynyň hem ýardam edýändigini bellemek gerek. Şol çykyşlaryň arasynda Fransiýanyň paýtagtyndaky Lonşan aýlawynda geçirilen Parižiň “Ark de Triumf-2012” Gran-pri baýragyny almak ugrundaky çapyşyklar bar. “Galkynyş” topary bilen birlikde daşary ýurtlarda “Türkmen jigitleri” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çapyksuwarlary hem deňsiz-taýsyz ajaýyp çykyş edýärler. 

Okuw merkezinde mugallym–tejribeli seýis, geljekki hünärmenleriň halypasy döwlet Baştutanymyz bilen mähirli salamlaşdy. Ol milli Liderimize atçylygy ösdürmäge berýän ünsi hem-de pudagyň işgärleri barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz uzak ýyllaryň dowamynda çekip gelýän päk ýürekli zähmeti üçin halypa minnetdarlyk bildirip, oňa täze üstünlikleri, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek, olaryň baş sanyny artdyrmak boýunça şöhratly ata-babalarymyzyň işini mynasyp dowam etmäge ukyply ýaş hünärmenleri taýýarlamakda üstünlikleri arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyz Okuw merkezinden çykmazdan öň, Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. 

Milli Liderimiz şeýle hem Halkara ahalteke atçylyk toplumynyň toparyna täze awtoulaglaryň, şol sanda atlary daşamak üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen ulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Şol ulaglar bu toplumyň enjamlaýyn binýadynyň üstüni ýetirdi.  

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşýan hormatly myhmanlar bilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda sportuň dürli görnüşleriniň, şol sanda atçylyk sportunyň işjeň ösdürilýändigini belledi. 2017-nji ýylda Aşgabatda Aziada oýunlarynyň geçiriljekdigi bilen baglylykda, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga hem-de bu ugurda öňdebaryjy dünýä tejribesini öwrenmäge aýratyn ähmiýet berilýär.

Şu babatda, milli Liderimiz Katar Döwletinden bolan myhmanlary iri halkara ýaryşlaryny geçirmekde tejribe alyşmaga hem-de türkmen hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy. Öz gezeginde myhmanlar Türkmenistanda atçylyk sportuny höweslendirmek we wagyz etmek, ahalteke atşynaslygynyň şöhratly däplerini saklamak we dowam etdirmek boýunça görülýän çäreleriň ýokary derejesini buýsanç bilen bellediler. Nygtalyşy ýaly, şeýle uly döredijilikli işler alnyp barylýan ýurtda, gürrüňsiz suratda, ähli pudaklarda, şol sanda bu ulgamda hem ägirt uly üstünlikler gazanylar. 

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem täze toplumy gurmakda alyp baran işleri üçin türk kompaniýasynyň wekiline minnetdarlyk bildirdi. 

Soňra hormatly Prezidentimiz täze döredilen Aba Annaýew obasyna  tarap ugrady. Bu ýerde ýaşaýyş-durmuş maksatly döwrebap desgalaryň, şol sanda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň hünärmenleri we olaryň maşgalalary üçin niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň toplumy bina edildi. Bu gün bu ýer köp adamly bolup, hakyky baýramçylyk ýagdaýy ýaýbaňlandy, şowhunly aýdymlardyr sazlar ýaňlanýar. Asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däbe görä, dabara gatnaşyjylara milli tagamlar, şol sanda toý pişmesi hödürlenýär.

Obanyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan, her biri iki hojalyk üçin niýetlenen 2 gatly  jaýlaryň 57-si bina edildi. Täze ýaşaýyş jaý toplumy 114 hojalyga niýetlenendir. Ýokary amatlykly 4 we 5 otagly öýlerde oňaýly ýaşamak üçin ähli şertler, şol sanda döwrebap durmuş tehnikalary, elektrik ojaklar, gap ýuwujy enjam, sowadyjy bilen üpjün edilen oňaýly aşhanalar göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem öýlerde kir ýuwujy enjam oturdylyp, kir ýuwmak we guratmak üçin aýratyn otag bar. 
Ýaşaýyş jaýlarynda ýylyň islendik paslynda amatly howany ýyladyş enjamy we sowadyjy ulgamy üpjün edýär. Her ýaşaýyş jaýynyň howlusynda garaž we bassyrma göz öňünde tutulyp, olar hem edil jaýlar ýaly çerepisa bilen örtülipdir. Şeýle hem howlynyň çäginde bag we gül ekmek üçin meýdany 30 inedördül metre deň bolan ekin ýerleri göz öňünde tutuldy. 

Baharyň bu ýatdan çykmajak güni jaý toýuny tutýan oba ýaşaýjylary hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik, şatlyk duýgusy bilen mähirli garşylaýarlar. 

Täze gurlan ýaşaýyş jaýlara tarap ýolugrunda döwlet Baştutanymyz hormatly ýaşulularyň ýanyna bardy. Milli Liderimiz  Gurbanguly Berdimuhamedow olar bilen görşüp, saglygy, gündelik aladalary bilen gyzyklandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň şeýle duşuşyklara hemişe aýratyn üns berip, ýaşuly nesliň wekillerine çuňňur hormat goýýandygyny bellemek gerek. Bu bolsa türkmen halkynyň özboluşlylygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. 

Il sylagly ýaşulular döwlet Baştutanymyz bilen mähirli görşüp, milli Liderimize halkymyzyň bagtyýarlygy we abadançylygy barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk we eziz Watanymyzy gülläp ösdürmegiň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.  

Hormatly Prezidentimiz täze gurlan jaýlary synlap, olaryň birine – öz hyzmatlary üçin “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” we “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary” diýen hormatly atlara mynasyp bolan tejribeli seýis I.Agamyradowyň maşgalasynyň göçüp gelen jaýyna baryp gördi. Ençeme ýyllaryň dowamynda çapyksuwar bolan hem-de bedewleri ösdürip ýetişdiren hormatly seýis we onuň maşgalasynyň agzalary döwlet Baştutanymyzy mähirli garşylady.

Milli Liderimiz täze jaý eýelerini şanly waka bilen mähirli gutlap, ahalteke bedewleriniň seýisçiligini ösdürmekde, ussat çapyksuwarlaryň we seýisleriň täze neslini terbiýelemekde seýsiň goşan uly goşandyny belledi hem-de bu işde oňa mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz täze öý eýeleri bilen gürrüňdeşlikde olaryň täze ýerde nähili ornaşandygy, jaýlaryň otaglarynyň ýerleşdirilişi, oňaýly ýaşamak üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy. Seýis we onuň uly maşgalasynyň agzalary hormatly Prezidentimize atçylyk pudagynyň işgärleri barada, gadymdan gözbaş  alýan, halkymyza dünýä şöhratyny getiren ahalteke  atçylyk däplerini dikeltmek hem-de aýawly saklamak we dowam etmek barada edýän ýadawsyz aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy we täze gurlan Aba Annaýew obasy şol aladanyň aýdyň beýanydyr. Bu ýerde adamlaryň üstünlikli we netijeli zähmet çekmegi hem-de abadan, bagtly durmuşda ýaşamagy üçin zerur bolan zatlaryň hemmesi göz öňünde tutuldy.

Seýsiň agtyklary hormatly Prezidentimiziň beýik asylly işlerini hem-de mähriban Watanymyzyň gazananlaryny wasp edýän goşgulary okap berdiler. 

Milli Liderimiz döwletimiziň geljekde hem ýurdumyzyň atçylygyny has-da ösdürmek, taryhy asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu ajaýyp milli sungatymyzy kämilleşdirmek, pudagyň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça maksada gönükdirilen çäreleri görjekdigini aýdyp, şanly waka mynasybetli täze jaý eýelerine gymmatly sowgatlary gowşurdy. Milli Liderimiz myhmansöýer öý eýeleri bilen mähirli hoşlaşyp, olara bagt we maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

Asyrlarboýy emele gelen myhmansöýerlik däbine görä, dabara gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlar hem täze jaý eýeleriniň öýlerine çagyryldy, bu ýerde olar ýaşaýjylar üçin döredilen amatly şertlere we oňaýlyklara mynasyp baha bermäge mümkinçilik aldylar.  

Ozal ýokarda bellenip geçilişi ýaly, obanyň çäginde durmuş maksatly başga-da birnäçe desgalaryň gurlandygyny aýtmak gerek. Obanyň körpeleri üçin 160 orunlyk döwrebap çagalar bagy bina edildi. Bu ýerde mekdebe çenli ýaşly çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmegi,  terbiýeçileriň netijeli işlemegi üçin  zerur bolan ähli şertler döredildi. Çagalar bagynda ýaş aýratynlyklaryna görä, her topar oturgyçlar, stollar, ýatak jaýlary bilen üpjün edilipdir. Bulardan başga-da, çagalaryň kiçilikden öz zehinlerini ýüze çykarmaga kömek etjek saz gurallary bilen üpjün edilen saz otagy,   daşary ýurt dillerini öwrenmegi üçin zerur bolan 4 sany lingafon otaglar, şeýle hem çagalaryň arassa howada oýnamagy üçin abadanlaşdyrylan howuzlar ýerleşdirilen meýdançalar gurlupdyr. Körpeleriň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklamak üçin saglyk otagy göz öňünde tutulypdyr. Şeýle hem çagalar bagynyň çäginde degişli tehniki jaýlar ýerleşdirildi. 

Täze obada döwrüň talabyna laýyk gelýän ajaýyp 2 gatly 240 okuwçy orunlyk orta mekdep bina edildi. Onuň okuwçylary üçin interaktiw mekdep tagtalary bilen enjamlaşdyrylan giň we ýagty okuw otaglary, lingafon we aýdym-saz otaglary niýetlendi. Şeýle hem bu ýerde zerur bolan gurallar we tikin maşynlary bilen üpjün edilen oglanlar we gyzlar üçin zähmet otaglary hem bar. Şonuň bilen birlikde, mekdepde mugallymlar otagy, şeýle hem   maslahat we sport zallary, naharhana, lukmançylyk otagy ýerleşdirildi. 

Ýaşaýyş jaý toplumynda  jemgyýetçilik merkezi göz öňünde tutulyp, onuň düzümine saglyk bölümi, 2 sany dükan, dellekhana, şeýle hem 192 orunlyk toý dabaralaryny geçirmek we sadaka bermek üçin niýetlenen jaý bolup, onuň bir burçunda ýörite aşhana gurnalypdyr. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow täze oba bilen tanyşlygyny tamamlap,  ýaşaýjylary jaý toýlary bilen gutlady we bu ýere ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady. 

Şeýlelikde, şu günki geçirilen dabaralar parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýan eziz Watanymyzyň täze taryhyna nobatdaky möhüm sahypany ýazyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýene-de bir aýdyň alamatyna öwrüldi. 

Degişli makalalar

Türkmen jigitleriniň Türkiýedäki ajaýyp çykyşlary.

syrach

Türkmenistanda Şweýsariya Konfederasiýasynyň Ilçisi Işe Başlady

syrach

Aşgabatda Hem-de Maryda 14-nji Tapgyryň Duşuşyklary Geçirildi