7.9 C
Aşkabat
24.11.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Atçylyk Pudagynyň Ussatlaryny Sylaglamak Dabarasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli pudagyň has tapawutlanan işgärlerine «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni, «Gaýrat» we «Watana bolan söýgüsi üçin» medallaryny gowşurmak hem-de «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» we «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.

Bu ýokary sylaglar we hormatly atlar olara atçylygy ösdürmäge goşan goşandy, halkymyzyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny, hil derejesini saklamakda, türkmen bedewleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda bitiren hyzmatlary hem-de hünär ussatlygy göz öňünde tutulyp gowşuryldy.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Х bilelikdäki ýubileý mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow assosiasiýanyň ýurdumyzda we daşary döwletlerde ahalteke atçylygyny ösdürmek boýunça netijeli iş alyp barýan agzalaryna minnetdarlyk bildirdi we olary ýokary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hem-de hormatly atlary dakmak hakyndaky çözgüdi kabul edendigini aýdyp, degişli Permanlara gol çekdi.

Bu çäre ýurdumyzda öz işlerini nusgalyk derejede alyp barýan, ahalteke bedewleriniň ösdürilmegi ugrunda ähli güýç-gaýratyny, hünär ussatlygyny, bilimini we ukybyny gaýgyrmaýan adamlara aýratyn üns berilýändiginiň we hormat goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Olar öz zähmetleri bilen hemmelere, aýratyn-da, ýaşlara görelde bolýarlar.

Dabaraly çärä Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Olar atçylyk pudagynyň ussatlaryny döwlet sylaglaryna we hormatly derejelere mynasyp bolmaklary bilen gutladylar hem-de olara abadançylyk, alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlik arzuw etdiler.

Dabara gatnaşyjylar mynasyp bolan sylaglaryny buýsanç duýgulary bilen kabul edip, özleriniň arassa ganly ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga gönükdirilen zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar we behişdi bedewleriň dünýä derejesindäki abraýynyň has-da belende galmagyna, olaryň tohumçylyk işini kämilleşdirmäge mundan beýläk-de goşant goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan, at çapmagyň ussady we atçylyk sportuny yzygiderli wagyz edýän döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe baý gadymy däpleri bolan milli atşynaslyk ýörelgeleri mynasyp derejede dowam etdirilýär.

Ahalteke bedewleri asyrlaryň dowamynda türkmen halkynyň durmuşynyň möhüm ugruna, wepaly ýoldaşyna, onuň şöhratly taryhynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Halkymyzyň döreden «Irden tur-da, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy», «Aty baryň — ganaty bar», «Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz» ýaly ganatly jümleler munuň aýdyň subutnamasydyr. Behişdi bedewler dünýä atşynaslyk medeniýetiniň nusgasy, milletiň milli gymmatlygy we onuň buýsanjy hem-de şöhraty bolup durýar.

Häzirki döwürde daşary ýurtlarda atçylyk zawodlarynyň we atçylyk sport klublarynyň döredilmegine bolan gyzyklanma artýar, degişli ylmy we okuw binýady ösdürilýär. Şunlukda, türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen milli seýisçilik sungaty dünýäniň hünärmenleriniň ünsüni özüne çekýär. Çünki türkmen halky ahalteke bedewleri ýaly halk seçgiçilik sungatynyň ajaýyp görnüşini dünýä bermek bilen çäklenmän, eýsem, ýokary häsiýetleri özünde jemleýän saýlama bedewleriň arassa ganlylygyny saklamagy başarypdyr.

Ýurdumyzyň ägirt uly tohumçylyk-seçgi mümkinçilikleri bolan atçylyk pudagynda täze ylmy usullar we guramaçylyk çemeleşmeleri, dünýäniň öňdebaryjy tejribeleri giňden ornaşdyrylýar. Munuň özi ajaýyp tohumdaky atlaryň genofonduny aýawly saklamaga hem-de olary milli taryhy gymmatlyk hökmünde geljek nesillere ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ykbalyny ahalteke bedewlerine bagyşlan adamlar çuňňur hormat-sarpa bilen gurşalandyr. Şu gün Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli atçylyk pudagynda has tapawutlanan işgärlere Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän «Kärizek» geňeşligindäki Aba Annaýewiň adyny göterýän döwrebap obanyň täze öýleriniň açarlary gowşuryldy.

Pederlerimiziň bedewlere bolan söýgüsinden we mähirli gatnaşygyndan ruhlanýan milli Liderimiz behişdi bedewler we ussat atşynaslar hakyndaky aladany Türkmenistanyň syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwürdi.

Häzirki döwürde ahalteke bedewleri diňe bir milli döwletliligiň nyşany bolman, eýsem, türkmen halkynyň zehininiň we zähmetsöýerliginiň, onuň döredijiligiň we ösüşiň belentliklerine bolan çemeleşmeleriniň aýdyň beýanyna öwürdi.

Dabara gatnaşyjylar milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyz üçin ykbalçözüji beýik işleriň amala aşyrylýan zamanasy bolan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhlandyryjysydygyny nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak we ony dünýäde giňden wagyz etmek ugrunda alnyp barylýan ägirt uly işler yzygiderli dowam etdirilýär we milli atşynaslyk däpleri ösdürilýär. Munuň özi halkymyzyň döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýandygyny äşgär edýär. TDH

Degişli makalalar

Haly – Taryhy Resminama

syrach

İstanbul İl Göç İdaresi Müdürlüğü: Değerlendirme Süreciyle İlgili Açıklama..

Milli Liderimiz Möhüm Desgalardaky Işleriň Ýagdaýy Bilen Tanyşdy we Atçylyk Toplumlaryna Baryp Gördi

turkmenhabargullugy