Ýerleşýän ýeri: Balkan welaýatynyň Awaza etrabynda Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýär
Açylan ýyly: 2018-nji ýylyň iýul aýynda açylan halkara ölçeglerine laýyk gelýän bu şypahana toplumynyň 9 gatly binasy birbada 200 adamy kabul etmäge niýetlenedir.
Şypahananyň esasy bejeriş faktory. Şypahana Hazar deňzinden ýörite suw turbalary arkaly deňiz suwy çekildi, şeýle-de şypahananyň çäginde çuňlugy 600 metr bolan dik guýy, ýagny ýod-bromly, hloridli, natriýli bejeriş-mineral suwy çeşmesi burawlandy. Şypahananyň mineral-bejeriş suwy ýod-bromly suwlar toparyna degişli bolup, ýoduň mukdary 53,64 mg/dm³, bromuň mukdary bolsa 312 mg/dm³ deňdir. Onuň düzüminde hlor, gidrokarbonat, magniý we natriý bar. Suwuň minerallaşmagy 196,4 mg/dm3, aşgarlylygy (ph) 5,28, ýylylygy 26℃ deňdir. «Awazanyň» suwy, howasy, palçygy, ösüntgisi-de dermandyr. «Awaza» şypahanasynda aeroterapiýany, galioterapiýany, talassoterapiýany (deňiz howasyndan dem almak), deňiz suwuny, ýod-bromly bejeriş mineral suwy, Fiziobejeriş usullaryny, algoterapiýany (deňiz suwotularyny) we beýleki birnäçe bejeriş usullary öz içine alýan toplumlaýyn bejeriş-sagaldyş usullary giňden ulanylýar.
Bejeriş bölümleri: Şypahanada mineral suw bilen bejeriş (balneoteraoiýa we palçyk bilen bejeriş), howuz we SPA, anyklaýyş-maslahat beriş, dikeldiş, Fiziobejeriş (elektroterapiýa, mehanoterapiýa, ergoterapiýa, iňňerefleksoterapiýa, «Sling» terapiýa, ozonoterapiýa, pressoterapiýa, lazerterapiýa otaglary) bölümleri hereket edýär. Şypahananyň suw bilen bejeriş bölüminde ýod-bromly mineral suwly wannalara howa akymyny goşup, suwasty owkalama hem-de dürli yşyklar bilen yşyklandyryp, hromoterapiýa, galwanik wanna we dürli görnüşli duşlar bilen, akwaowklama, ýagny dürli güýçli we tizlikli suw akymlar arkaly bedene suw degmezden suw bilen owkalama, gidrokolonoterapiýa, şeýlede Mollagara we wulkan palçyklaryndan ýapgylar, sowuk howa akymy bilen bejeriş (krioterapiýa), duzly we mineral howadan dem almak arkaly bejeriş (galoterapiýa), basyş bilen bejeriş (pressoterapiýa) ozon bilen bejeriş (ozonoterapiýa), hoşboý yslar bilen bejeriş (aromoterapiýa), gyzgyn daşlar bilen owkalama (stounterapiýa), galokamera, SPA bejergileri üçin şertler, iňňerefleskoterapiýa, ergoterapiýa, klineziterapiýa, mehanoterapiýa, ýod-bromly, mineral suwly, deňiz we agyz suwly howuzlar, saunalar (infragyzyl şöhleli, gury, bugly), dikeldiş fitnes otaglary, bejeriş bedenterbiýesi we sport otaglary arkaly raýatlarymyza ýokary hilli şypahana bejergisi berilýär.
Şypahananyň anyklaýyş we maslahat beriş bölüminiň rentgen anyklaýyş, ultrases barlagy, elektrokardiografiýa, barlaghana, stomotalog, aýal keselleri, iç keselleri, newrolog, kardiolog, dermatolog, göz keselleri, gulak-burun we bokurdak lukmanlarynyň otaglary bilen üpjün edilmegi, raýatlary doly lukmançylyk barlaglardan geçirip we degişli maslahatlary bermeklige, şeýle-de raýatlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin internet kafeniň, dükanlaryň, tennis hem-de bilýard otaglarynyň bolmagy şypahana bejergisiniň netijeli bolmagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.
«Awaza» şypahanasynyň Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň, Gollandiýanyň öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary hem-de beýleki saglygy goraýyş maksatly serişdeleri öndürýän kompaniýalarynyň önümleri bilen üpjün edilen bejeriş anyklaýyş bölümleri we otaglary bar, öz işine ussat lukmanlar halkymyza ýokary hilli şypaha hyzmatlaryny hödürleýärler.
Häsiýetli aýratynlygy, ýöriteleşen bejergileri. «Awaza» şypahanasy nerw (merkezi nerw ulgamynyň funksional bozulmalary, newrozlara, wegeto-damar distoniýasy, dowamly ýadawlyk sindromy, çetki nerw ulgamynyň keselleri osteohondroz, newralgiýa, neýropatiýalar), ýürek-damar (gipertoniýa keseli, ýüregiň işemiýa keseli, infarktdan soňky kardioskleroz, ýüregiň we kelle beýnisiniň damarlarynyň aterosklerozy, wena damarlarynyň warikoz giňelmesi), daýanç-hereket ediş (artritler, poliartritler), endokrin (semizlik, galkan şekilli mäziň bozulmalary, süýjüli diabet, gipofizar ýetmezçilik), dem alyş (bronhial dem gysmanyň ýeňil we orta agyrlyk derejesiniň beterleşmedik döwründe, allergik we asmatoidli dowamly bronhitler, dowamly faringit, laringit, rinit, sinusit, pollinozlar, allergik rinosinusitler, öýkeniň dowamly obstruktiw keselleri), deri (neýrodermit, ekzema, iteşen gaýtgyn döwründe), peşew çykaryjy (piýelonefrit, uretritler we sistitler, peşew daş keseli) we jyns agzalarynyň kesellerinde (endometrit, erkeklik mäziniň adenomasy, prostatitler) ulgamlaryň işjeň dikeldiş çärelerini (reabilitasiýa) geçirmekde we raýatlarymyzyň saglygyny berkitmekde üstünlikli peýdalanylýar. Deňiz we mineral suwlaryň peýdaly maddalarynyň toplumy, kenarýaka deňziň howasy bilen utgaşyklykda adamyň umumy saglygynyň berkidilmegine netijeli täsir edýär.
Ýylyň ähli pasyllarynda «Awaza» şypahanasy halkymyzyň hyzmatynda.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 8-00-243-5-78-19, 8-00-243-5-78-20, e-mail: Awaza@online.tm
Çeşme: saglykhm.gov.tm