17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Awazada halkara ylmy maslahat işe başlady.

Awaza milli syýahatçylyk zolagynyň “Arzuw” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Gaznalylar döwrüniň türkmen edebiýaty we dünýäniň ruhy medeniýeti” atly halkara ylmy maslahat öz işine başlady. Irki orta asyr görnükli türkmen akyldarlarynyň edebi mirasyny öwrenmek meselelerine bagyşlanylan ylmy maslahat Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guraldy we umumadamzat ruhy genji-hazynasyna uly goşant goşan türkmen halkynyň gymmatly ruhy-medeni baýlyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek işine möhüm goşant bolar.

Häzirki wagtda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milletimiziň taryhy-medeni mirasyny, golýazma ýadygärliklerini – adam paýhasynyň köpasyrlyk zähmetiniň ajaýyp miwelerini aýawly saklamak wezipelerini döwletimiziň ileri tutulýan ugry diýip kesgitlän milli Liderimiziň aýratyn üns bermegi netijesinde ýurdumyzda olary düýpli öwrenmek boýunça toplumlaýyn, belli bir maksada gönükdirilen iş alnyp barylýar. Ylmy gatnaşyklary ösdürmek, bu ugurda iri daşary ýurt ylmy merkezleri we halkara düzümleri, şol sanda BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasy bolan UNESKO bilen giň hyzmatdaşlygy ösdürmek bu işiň möhüm ugry bolup durýar. Türkmenistanyň 2013-2017-nji ýyllar üçin UNESKO-nyň Ýerine ýetiriji Geňeşiniň düzümine saýlanmagy ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň aýdyň tassyklanmasy hem-de türkmen döwletiniň halkymyzyň özboluşly medeni mirasyny dikeltmek, gorap saklamak we wagyz etmek boýunça syýasaty durmuşa geçirmäge ägirt uly ähmiýet berýändiginiň subutnamasy boldy.

Mälim bolşy ýaly, Gaznalylaryň höküm süren eýýamy – bu türkmen halkynyň taryhynyň ýeterlik derejede öwrenilmedik sahypalarynyň biridir. Bu ugurda täze açyşlar bilen tanyşmak, şu döwrüň edebi ýadygärliklerini öwrenmekde toplanan bilimleri alyşmak, dünýä medeniýetini ösdürmekde olaryň ornuna we ähmiýetine akyl ýetirmek mümkinçiligi häzirki wagtda şu halkara maslahatynyň giň ylmy toparlarynyň ünsüni özüne çekdi, bu maslahaty Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty gurady.

Uly möçberli maslahata Amerikanyň, Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň 30 ýurdundan iri ylmy-barlag akademiki we ýokary okuw mekdepleri merkezleriniň wekilleri gatnaşýarlar. Olaryň hatarynda ABŞ-dan, Kanadadan, Argentinadan, Niderlandlardan, Hytaýdan, Koreýadan, Ýaponiýadan, Hindistandan, Eýrandan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Müsürden, Tunisden, Surinamadan, Nigeriýadan Omandan, Türkiýeden, Russiýadan, Ermenistandan, Ukrainadan, Täjigistandan, Gazagystandan, Özbegistandan we beýleki döwletlerden meşhur alymlar – gündogary öwrenijiler, taryhçylar, sungaty öwrenijiler, dilçiler we edebiýatçylar, medeniýet işgärleri, arhiwleriň, kitaphanalaryň hem-de muzeýleriň hünärmenleri bar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary we aspirantlary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň, Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň we belýlekileriň professor-mugallymlar düzümi ýurdumyzyň ylmyna wekilçilik edýär. Maslahatyň açylyş dabarasyna “Abiwerd” we “Köneürgenç” döwlet taryhy medeni goraghanalarynyň ýolbaşçylary, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahat başlanmazyndan öňürti oňa gatnaşyjylar we myhmanlar “Arzuw” myhmanhanasynyň giň eýwanynda ýurdumyzyň dilçi alymlarynyň, türkmen halkynyň golýazma mirasyny öwrenijileriň çap edilen ylmy işlerinden ybarat bolan kitap sergisi bilen tanyşdylar. “Nowruznama”, “Türkmen zenanlarynyň taryhy keşbi” atly oňat bezelen kitaplar, “Türkmenistanyň sungaty we binagärligi”, meşhur arheolog W.Sarianidiniň “Gadymy Margiananyň genji-hazynasy”, “Patyşalaryň we hudaýlaryň şäheri”, “Türkmenler we dünýä halklary” atly makalalar ýygyndylary soňky ýyllarda çapdan çykan we Türkmenistanyň baý taryhyna, medeniýetine we sungatyna bagyşlanylan täze ylmy neşirleriň ajaýyp toplumyny özünde jemleýär. Çeper edebiýaty görnükli türkmen nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Andalybyň we beýlekileriň eserler ýygyndylary hem-de aýry-aýry jiltleri düzýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işi, milli Liderimiziň türkmen halkynyň milli baýlyklaryna bagyşlanan “Janly rowaýat”, “Ahalteke bedewleri – buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” we beýleki kitaplary sergide goýlan çaphana önümleriniň hatarynda aýratyn orny eýeleýär.

Maslahata gatnaşyjylar we onuň myhmanlary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, şonda “Gaznalylar döwrüniň türkmen edebiýay dünýäniň ruhy medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegidir. Gözbaşyny müňýyllyklardan – “Awesta” ýazuw ýadygärliginden, oguz-orhon ýazgylaryndan alyp gaýdýan bu döwrüň edebiýaty orta asyrlaryň we şondan soňky döwürleriň ynsanperwerligi, pähim-paýhasy, watançylygy, edep-terbiýäni hem-de ahlak ýörelgelerini wasp eden türkmen nusgawy edebiýatynyň çeper gymmatlyk hökmünde kämilleşmeginde ruhy binýat bolup hyzmat edipdir” diýip, milli Liderimiz nygtap geçdi. Milli Liderimiz öz Gutlagynda maslahatyň barşynda gaznalylar döwrüniň gülläp ösen medeniýeti, sungaty we edebiýaty hakynda, dünýä edebiýatynyň öçmejek ýyldyzlaryna öwrülen beýik söz ussatlarynyň gymmatly ylmy-edebi mirasy hakynda täzeçil hem-de düýpli ylmy taglymlaryň aýdyljakdygyna ynam bildirdi, şol söz ussatlarynyň döredijiligi adamzat akyl paýhasyna täsir edýär.

ABŞ-dan, Ýaponiýadan, Türkiýeden, Hytaýdan, Nigeriýadan, Marokkodan, Hindistandan, Azerbaýjandan gelen meşhur alymlaryň giriş mejlisinde eden çykyşlarynda gaznalylar döwrüniň alymlarynyň we şahyrlarynyň edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek işinde halkara ylmy maslahatynyň ähmiýeti nygtalyp geçildi. Çykyş edenler dürli haklaryň medenietleriniň özara täsirini, milli edebiýatlaryň, filosofik garaýyşlaryň, orta asyr ylmynyň dürli ugurlarynyň ösmegini we kemala gelmegini öz çykyşlarynda beýan etdiler.

Bellenip geçilişi ýaly, köpasyrlyk şöhratly taryhynyň bütin dowamynda gadymy türkmen topragy bütindünýä mirasynyň altyn gaznasyna hemişelik giren ruhy-medeni gymmatlyklaryň dörän möhüm ojaklarynyň biri boldy. Öçmejek şöhraty özünde jemlän, kuwwatly oguz türkmenleriň döwleti, Parfiýa imperiýasy, Seljuk dinastiýasynyň meşhur döwletleriniň onlarçasy Gündogaryň ruhy medeniýetiniň ykrar edilen merkezleri bolmak bilen, ylmyň kuwwatly ösmegi, medeniýetiň, sungatyň, edebiýatyň, hünärmentçiligiň gülläp ösmegi üçin amatly ýagdaýy üpjün etdiler.

Bu hatarda I we II müňýyllyklaryň sepgidinde häzirki zaman Türkmenistanyň giňişleýin çäklerini eýelän, Eýrandan we Hazar deňzinden Gang derýasyna çenli, Aral deňzinden we Mawerannahrdan Rajputany çölüne çenli ägirt uly giňişligi hem özünde jemlän Gaznalylar döwletiniň döwrüne aýratyn orun degişlidir. Gaznalylar döwletiniň çäginden Hytaýdan başlap, gündogarda Orta ýer deňziniň arasyndaky esasy söwda ýollary geçipdir.

Bu döwletiň gülläp ösmegi meşhur hökümdarlar Alptegi, Sobuktegi, Mahmyd Gaznaly ýaly hökümdarlaryň atlary bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde döwletiň paýtagty bolan Gazna şäheri aň-bilim mesgenine öwrüldi, bu ýerde şol döwrüň görnükli akyldarlary işlediler we ölmez-ýitmez eserleri döretdiler. Lahor, Isfahan, Nişapur, Hemedan, Reý, Balh, Kabul, aýratyn hem meşhur kitaphanalary metjitleri, medreseleri, kerwensaraýlary we köşkleri bolan Merw, Abiwerd, Nusaý, Degistan ýaly iri şäherler Gündogaryň medeni merkezleri boldylar. Bu ýerde ajaýyp şahyrlaryň we alymlaryň tutuş nesli kemala geldi.

Alym ensiklopediýaçy Abu Reýhan Biruniniň (“Mesgudyň kanonlary”), gymmatly taryhy we ylmy kitaplary, Abdulkasym Ferdowsiniň meşhur “Patyşalar kitaby” (“Şanama” poemasy), Abylfazl Beýhakynyň (“Mesgudyň taryhy”) we Muhammet Utbynyň (“Soltan Mahmyt Gaznalynyň taryhy”) eserleri gadymy wakalaryň, ylmy açyşlaryň, didaktiki wesýetleriň hem-de ýokary şahyrana sözüň nusgalary bolup durýar. Unsuri, Manuçehri, Farruhi, Esjedi, Gazaýyri we Razi ýaly şahyrlar tarapyndan döredilen dünýä, adamzat, söýgi hakyndaky çuňňur pelsepewi kasydalar, şygyrlar, rubagylar, dörtlemeler häzirki güne çenli hem öz möhümligini saklap gelýar.

Asyl nusgasyndaky we terjimelerdäki şahyrana we ylmy döredijiligiň bu genji-hazynalary Ýewraziýa yklymynda meşhurlyga eýe boldy. Bu eserleriň köpsanly subutnamalary – gadymy golýazmalar we irki döwre degişli pergamentler häzirki wagtda hem bütin dünýäniň iri kitaphanalarynyň gaznalarynyň gymmatly özenini düzýär.

Ertir maslahat öz işini dowam eder.

Degişli makalalar

Köp Çagaly Maşgalalar Döwlet Baştutanyndan Täze Öýleriň Açaryny Sowgat Aldylar

syrach

Türkmenistan Internet ulgamynda “Nowruz baýramy” atly saýtyny açdy.

syrach

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilen Adamlara Pasportyny Gowşurmak Dabarasy

syrach