17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Awazada Nobatdaky Köp Gatly Oteliň Açylmagyna Taýýarlyk Görülýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny nobatdaky gurluşyk işleri gurşap aldy. Bu günki gün Türkmenbaşy etrabynyň Awaza etrabynda durmuş-medeni desgalaryň 25-si gurulýar, olaryň 17-si deňiz şypahasynyň çäklerinde ýerleşýär. Täze gurluşyklaryň köp bölegini medeni-güýmenje merkezleri, şeýle hem ýokary derejeli otelleriň bäşisi düzýär. Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy esasynda gurulýan 300 orunlyk 12 gatly myhmanhana aýratyn tapawutlanýar. 

Gurluşyk üçin bölünip berilen 55 müň inedördül ýerde esasy gurluşyk-gurnama we mehanika ýygnama işleri tamamlandy. Gurluşyk meýdançasynyň perimetriniň içinde bezeg we inženerçilik-tehniki işler ýaýbaňlandyryldy. Myhmanhana toplumynyň durmuş üpjünçiligi ulgamyny awtomatlaşdyrmak üçin jaý enjamlaşdyryldy Olaryň düzümine dizel generatoryndan, transformator podstansiasyndan, sorujyly bug gazanyndan we arassa su rezerwuarlar parkyndan başga hem çiller we deňiz suwuny arassalaýjy girýär. 

Paýtagtyň Hazar deňziniň kenaryndaky rekreasion zolagynyň beýleki desgalary hem gutarnykly keşbe eýe boldy. Ölçegi 25 – 12 metr bolan ýüzülýän howzuň, akwaparkyň çaşkasynyň we çagalaryň üstüňden suw akydylynýanynyň ýanynda suw attraksionlary oturdyldy. Deňiz tarapynda tomusky bar we kafe, tennis korty, basketbol we çagalar oýun meýdançasy guruldy. 

Hereketlendirijili, ýelkenli we kürekli gaýyklarda deňiz gezelenjini etmek üçin otelden deňiziň port desgasyna çenli göni alleýa çekildi. Gämi duralgasyna barýan ýoluň ortarasynda, suwa düşülýän zolakda, tomusky pawilýon guruldy. Bu ýerde dynç alýanlara sowadylan we suwsuzlygyňy gandyrýan içgiler hödürlener. Onuň golaýynda bolsa kenar futboly üçin ýörite ýer abadanlaşdyrylar.



Oteliň özünde santehnikleriň, elektrikleriň, gurnaýjylaryň, bezegçileriň toparlary işleriň tamamlaýjy tapgyrlaryna başladylar. Binanyň sokol gatynda medeni-güýmenje, şeýle hem tehniki we hyzmat ediş ähmiýetli jaýlary göýberiş derejesine çenli ýetirilýär. Olardan ölçegleri boýunça iň ulylary kabul ediş holly, gijeki klub, oýun zaly, köp ugurly SPA salony we ýüzülýän howuz bolup durýar. Taslama kadalaryna laýyklykda lukmançylyk, lukmançylygyň owkalama we beýleki dikeldiş-öňüni alyş otaglary hem timarlanylýar. 

Binanyň birinji gatynda meýdany 300 inedördül metr bolan eýwanda we şol ölçege barabar lobbi-barlaryň üçüsinde, 200 orunlyk maslahat zalynda, dolandyryş ofisinde, fintes-zalynda, şeýle hem meýdany 757 inedördül metr bolan doly formatly kino zalynda we meýdany 556 inedördül metr bolan restoranda işler tamamlanyp barýar. Lift hollarynda, dabara zalynda, sowgatlyk dükanynda, boulingde, dellekhana salonlarynda, walýuta alyş-çalyş nokadynda we beýleki abatlaýyş we hyzmat ediş ähmiýetli jaýlarda işler ahyrky tapgyrda alnyp barylýar. Oteliň ýaşaýyş böleginiň myhmanhana otaglary myhmanhana senagatynyň ýewropa standartlary boýunça resmileşdirilýär. 

Owadan kompozision shemalar belent bina adatdan daşary beýany we çeper plastikligi berýär, oteli synlamak üçin saýlap alan nokadyňa, ýagtylyga we aradaşlyga baglylykda onuň daş keşbiniň üýtgäp durýar. Ak mermere bürenip oturan myhmanhananyň ýaşaýyş “minarasy” üç tarapyndan sport ýahtlarynyň ýelkenlerini ýatladýar, maňlaýyndan bolsa faraonlaryň we syrly Sfinkisiň baş gabyny ýatladýar. Iki “minaranyň” hem ýokarky böleginde sekizburçluklar güberçek görnüşinde bezelipdir. 

Elbetde, bu owadan otel “Awaza” gelýän we akymy ýylba ýyl we “mahmal” möwsümde artýan köp sanly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär. Şu möwsümde bolsa oteli ulanmaga tabşyrmak bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistan Özüniň Adam Hukuklaryny we Azatlyklaryny Goramak Boýunça Degişli Borçnamalarynyň Berjaý Edilişi Hakynda Ikinji Hasabatyny Hödürledi

turkmenhabargullugy

Paýtagtymyzda Nobatdaky Binagärlik Desgalarynyň Açylyşy

Çeperçilik Sungaty Muzeýinde Türkmen Halysyna Bagyşlanan Sergi Guraldy