13.9 C
Aşkabat
21.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Awgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk DöwridirAwgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk Döwridir

Awgustyň Ikinji Ýarymy-Täze Okuw Ýylyna Işjeň Taýýarlyk Döwridir

1-nji awgustdan başlap sebitleriň ählisinde- iri we kiçeňräk söwda merkezlerinde indi däbe öwrülen „mekdep bazarlary“ işläp başlaýar.

Pýatagtymyzda şeýle ýörüteleşdirilen söwda merkezleriniň on bäşisi bar, olar esasan „Gülistan“, „Gündogar“, „Paýtagt“, „Jennet“, Älemgoşar“ we beýleki söwda merkezleridir bazarlarynda ýerleşýär. Olaryň mähellesi günsaýyn artýar- mekdep harytlarynyň söwdasy barha gyzyşýar.

Tekjelerde dürli bezegli kanselýariýa harytlarynyň, gündelikleriň, depderleriň, surat albomlarynyň ençeme görnüşi bar. Özi-de mekdep harytlaryny, şeýle hem dürli ýaşdaky çagalara niýetlenen sport we mekdep egin-başlaryny şu ýylyň sentýabrynda paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek ägirt uly çäräniň – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşanlary bezeýär.

Satlyga çykarylan harytlaryň aglabasy özümizde öndürelendir. Möwsümleýin ýarmarkalarda satylýan harytlaryň 80 göterimi ýerli haryt öndürijileriň çykarýan önümleridir. Okuw ýylynyň öňüsyrasynda Söwda we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, şeýle hem oňa garaşly edaralaryň gurnan „mekdep bazary“ 5-nji sentýabra çenli dowam eder.

***

Awgust aýynda gecirilýän çäreleriň ýene biri- bilim işgärleriniň maslahatlary we usulýet seminarlarydyr, olaryň gün tertibine, ilkinji nobatda, täze 2017-2018-nji okuw ýylyna taýýarlyk bilen baglanşykly wajyp meseleler girizildi.

Awgustyň 21-nden 23-i aralygynda tutuş ýurdumyzda okuw-usulýet seminarlary geçiriler. 24-nji awgustda welaýatlaryň etraplarynda ussat bilim işgärleri bilen duşuşyklar geçiriler. 26-njy awgustda Aşgabatda we welaýat merkezlerinde-de şeýle duşuşyklar gurnalar.

Okuw-usulýet seminarlarynda we mugallymlaryň maslahatlarynda bilim innowasiýalarynyň jähtinden okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegiň, sazlaşykly ösen, täzeçe pikirlenýän nesli kemala getirmegiň, çagalarda ylmy işlere, daşary ýurt dillerini öwrenmäge, döredijilige, sporta höwes döretmegiň, şeýle hem döwrüň talabyna laýyk gelýän mekdep kitaphanalarynyň goruny döretmegiň ugurlary esasy meseleler bolar.

Maslahatlaryň dowamynda mugalllymlaryň hünär usssatlygynyň meseleleri-de ara alnyp maslahatlaşylar. Hünär taýdan kämilleşmek – ýokary hilli bilimi üpjün etmegiň, onuň ýurduň ösüşiniň talaplaryna laýyk gelmeginiň iň möhüm şertidir.

Degişli makalalar

Ylham gudratynyň seýilgähi

syrach

Şekillendiriş Sungaty Muzeýiniň Ylymlar Gününe Bagyşlanan Sergisi

turkmenhabargullugy

Green Card 2021 Sonuçları Açıklandı

turkmenhabargullugy