6.9 C
Aşkabat
26.11.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

Aýgytly Ädim

Üstünlik eýsem näme? Biz ilki bilen şony doly kesgitlemeli. Üstünligiň sözlükdäki manysy: bir işi başarmak, şowlulyk, ýeňiş we ş.m. Siz muňa nähili düşünýärsiňiz? Belki baý bolmak ýa-da gowy ýerlerde okamak hem-de işlemek siziň üçin hat-da meniň üçin hem şeýledir. Bu arzuwlarymyza ýetmek üçin nämeleri etmeli ilki şolary seljermäge çalyşalyň. Hökmany ýagdaýda ýerine ýetirmeli zadymyz bir maksat edinmeli. Ondan soňra bu maksada ýetmek üçin ýol kesgitlemeli we iň esasy zat maksadymyza ýetmek üçin herekete geçmeli. Sözümiň şu ýerinde bir zady ýatlamak isleýärin ýaňy ýakynda okan bir kitabymda şeýle sözler bardy: Üstünlik gör nähili ajaýyp hem-de ýakymly söz hemmeler seni isleýär, seni arzuwlaýar emma saňa ýetip bilýän juda az bu eýsem näme üçin şeýlekä diýip, öz-özüne sorag berýär ýazyjy hem-de muny beýleki adamlardan hem soraýar. Ýagny kim üstünlige ýetmek isleýär sorag berlen hemme kişi elini galdyryp biziň ählimiz şony arzuwlaýarys diýip jogap berýärler. Ýazyjy ýene-de öz içinden şu sözleri aýdýar: her bir adam üstünlige ýetmek isleýär, emma näme üçin ynsanlaryň bary-ýogy 5-10% i muny başarýar. Şu ýerde ýene-de bir dana sözi ýatlasym gelýär “Ynanmak başarmagyň ýarysydyr” soňra hem şu okan setirlerim ýadyma düşýär ynanmak gowy zat ýöne onuň ýeke özi üstünlige eltýän zat däl. Bir işe başlamak iň kyn zat öňümizde birnäçe kynçylyklar ýüze çykar diýip köpümiz isleýän matlaplarymyza başlamakdan çekinýäris ine şu hem biz ýaşlaryň esasy ýeňip geçmeli kynçylyklarymyzyň biri hat-da iň esasysy diýip bolar. Ýagny durmuşumyzda isleýän özgerişliklerimizi özümizi özgerdip başlalyň. Meselem kitap okalyň, sport bilen saz bilen we ş.m zatlar bilen meşgullanyp başlalyň. Muny saýlamak öz elimizde goýan maksadyňa haýsysy gabat gelýän bolsa şonuň bilen meşgullan.Şu ýerde meşhur fizik Albert Eýnşteýniň şu sözlerini ýatlasym gelýär: “Adamlaryň şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmaklary dälilik dälmi eýsem”. Bu sözleriň doly beýle bolmazlygy hem mümkin meniň ýadymda şeýle galypdyr. Bu ýerde meniň esasy aýtjak bolýan zadym öňümizde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin hiç zat etmän oturman esasy we wajyp amaly ýerine ýetireliň.Ýagny üstünlige tarap ýola düşeliň. Bize başarmak üçin gerek bolan bir zady ýeňip geçdik ýagny maksadymyza ýetmek üçin hereket edip başladyk. Öňümizde ýene-de birnäçe kynçylyklar peýda bolar olaryň biri hem dürli pikirlere berlip maksadymyzy üýtgetmekdir. Emma bir maksatly tutanýerli hereket etmesek hiç-haçan üstünlik gazanyp bilmeris. Her gün başga bir pikire gulluk edip maksatlarymyzy üýtgetmäliň, şol maksadymyza ýetmek üçin bar ünsümizi jemläp onuň üstünde işläň.Biz maksadymyza ýetmek üçin ilkinji gerek bolan zady ýerine ýetirdik üstünlige tarap ugur alyp başladyk.Öňümizde kynçylyklar ýüze çykyp biler şonda päsgelçiliklerden oňat baş alyp çykmagy başarsak biz iň uly arzuwymyza bir ädim ýakynlaşarys.Ilkinji synanşyklarda dörän kynçylyklar ýaş kalbymyzdaky ýeňişe bolan ynamymyzy sarsdyrmagyna ýol bermäliň.Gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolan birnäçe oýlap tapyşlar bar. Meselem elektrik togy, telefon, awtomobil, we beýleki zerur bolan zatlary oýlap tapan alymlar hem biziň ýaly ilkinji öňlerine çykan päsgelçilige döz gelip bilmän göwniçökgünlige ýol beren bolsalardy (bolsadylar) häzirki wagtda ulanýan birnäçe zatlarymyzy ulanyp bilmezdik.Ol alymlar birnäçe ýylyň dowamynda onlarça hat-da ondan hem köp şowsuzlyklary başlaryndan geçirip ondan soňra ahyrynda maksatlaryna ýetipdirler.Üstünlik gazanmagy isleýän adamlary dört topara bölüpdir bir alym birinji topar iň köp duş gelýän toparymyz diýýär ýagny olar maksada ýetmek üçin hiç-hili hereket etmeýän ýagny men başaramok, başarmaýaryn diýýän adamlar. Ikinji topar ylym-bilimli ýöne kän bir maksadyna ýetmek üçin howp-hatarly görýän zatlaryny etmekden çekinip öz elindäki bilen oňňut edýänler. Üçünji topar bolsa maksadyna ýetmek üçin aşa köp hyjuwly hereket edip gözsüz batyrlyk edýänler. Ahyrky topar ikinji hem-de üçünji topardaky adamlaryň ukyplaryny özünde jemleýän we gerek ýerinde gözsüz batyrlyk edip biljek derejede hyjuwly hem-de bir tarapdan tejribe aň-pikirini bir ýere jemläp seresaply hereket etmegi hem başarýan adamlar. Iň soňky topar ahyrynda üstünlige ýetmegi başarýan adamlardyr diýip belläp geçýär alym. Siz bularyň haýsysyna degişlidigiňizi özüňiz pikir edip görüň.Gadymy hindi hekaýatlarynyň birinde üstünlige ýetmek üçin jan edýän bürgüdiň çagasy barada gürrüň edilýär . Bürgüdiň çagasy täze zatlary öwrenmäge höwesek bilesigeliji eken .Günlerde bir gün ene-atasy awa gidenlerinde oňa hiç ýere gitmezligini sargapdyrlar emma çaga bürgüt uçmak isläpdir hem-de höwürtgäniň gyrasyna gelip ganatlaryny açyp uçmaga hyýallanypdyr ýaňy bir uçup başlapdyr welin ganatlary güýçsüz bolup özüniň deňagramlylygyny saklap bilmän aşak gaçyp başlapdyr.Şol wagt töwerekde aw gözläp ýören çarlak guşy hem bu ýagdaýy görüp çaga bürgüdi ýere gaçmanka tutup ýetişipdir.Çarlak guşy çaga bürgüdi iýse hem boljak eken emma ol beýle etmän ony öz çagalary bilen bile ulaldypdyr. Bürgüt ulaldygyça ýaşaýan ýerine sygman başga ýerleri görmege bolan isleg ony öz gününe goýmandyr. Ahyry bir gün ol ene çarlaga ýüreginiň gysýanlygyny we başga ýerleri görmek isleýänligini aýdypdyr.Ene çarlak guşy bolsa ony her-hili ýol bilen öz ýanynda saklajak bolupdyr. Emma barybir bürgüt özdiýenini tutupdyr şeýle hem ol ýerden uçup gidipdir. Bürgüt täze ýerleri görüpdir täze dostlar edinipdir elbetde duşmany hem bolupdyr her-hili kynçylyklar ýüze çykypdyr, sowuk diýmän yssy diýmän hemmesini ýeňmegi başaryp öz maksady ugrunda jan aýaman hereket edipdir.Şeýlelikde bir gün patyşa awa çykanda bürgüt hem şol töwerekde uçup ýören eken patyşa öz el guşlaryna hem tazylaryna bir towşany tutmagy buýrupdyr. Bürgüt olardan öňürti towşany tutup şa eltip beripdir şeýlelikde şa ony öz ýany bilen alyp gidipdir.Ahyrynda şol bürgüt şanyň iň gowy görýän guşuna öwrülipdir.Bu hekaýa bize nämäni aýtmak isleýär.Üstünlige ýetjek bolsak gorkup, çekinip durman çaga bürgüt ýaly hereket etsek bizede şonuňky ýaly üstünlige ýetmek başardar.Sözümiň şu ýerinde şahyr Gurbannazar Ezizowyň şu goşgy setirlerini ýatlasym gelýär.

Näme diýse şony diýsin özgeler

Meniň bu meselä öz garaýşym bar

Adam ýalňyşýarmy diýmek özgerer

Diýmek oňa soňra ösüş garaşýar.

Biz ýalňyşmakdan gorkup hiç zat etmän oturmalyň hem-de şahyryň aýdyşy ýaly gelejekde ökünmek islemeýän bolsak häzir ýaş wagtymyz durmuşdan tejribe gazanalyň.Häzirki döwürde biz ýaşlara ähli mümkinçilikler döredilen Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda durmuşumyz her gün ösýär özgerýär diňe biziň etmeli işimiz özümizde bolan gujur-gaýraty hem-de hyjuwy bir ýere jemläp öz watanymyzyň ösüşinde mynasyp orun almak galýar.

Myrat HOJATOW

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Finlýandiýanyň Prezidenti Türkmenistanyň Prezidentini Diplomatik Gatnaşyklaryň 25 Ýyllygy Bilen Gutlady

Türkmen Kikboksçylarynyň Üstünligi

Nakgaş Sülgün Hojagulyýewanyň Ýagty Ýadygärligine: Durmuşyň Metaforaly Beýany