Gyzgynlygyndan hemem gyzyl burçuň ajysyndan ýaňa agzyňy ýakyp barýan unaş sowuklamanyň, dümewiň bire-bir emi. Türkmençilikde biri «dümewläpdirin» ýa-da «pylan ýerde sowuklapdyryn» diýse:
— Burçluja unaş iç-de, birsalym basyrynyp ýat! Derrew açylyp gidersiň — diýerler. Dümew degen badyna duýup, ýaňky diýleni etseň, başga derman-däri gerek däldir. Dümew diýeniň gelen ýoluna yzyna garaman gider.
Şular ýaly asyrlarboýy synagdan geçip, durmuşda göz ýetiren zadyny ilat rowaýatdyr tymsala salyp, has-da berkidýär. Unaşyň sowuklama garşy birinji dermandygy barada il içinde şeýle gürrüň bar:
«Gyşyň güni ýabyň suwuny kesip, gazy gazylyp, arçalýan döwri Lukman Hekimiň ogly türkmen obalarynyň birine barýar eken. Görse, oba barýan ýaby arçap ýören gazyçylar günorta naharyna çykypdyrlar. Özlerem ýapdan çykaran öl gumlaryny ýassanyp, çaý-nahar edinip otyrlar diýýä. Bu ýagdaýy gören ýigit öýlerine gelip, kakasyna şeýle diýýär:
— Ol obanyň gazyçylary şu sowukda öl gumuň üstünde çaý içip otyrlar-da! Ynha, görersiň, ertiriň özünde olaryň ählisi saňa ýüz tutarlar.
Onda Lukman Hekim:
— Hany, sen şol oba agşamara-da aýlan! Näme görseňem, gelip maňa aýt! — diýýär. Ikindinara oba aýlanyp gelen oglan kakasyna habar berýär:
— Men ol oba hatar-hatar aýlandym weli, hälki gazyçylaryň öýlerinde kimsiniň ejesi, kimsiniň aýaly unaş bişirip otyr eken! — diýýär.
Lukman Hekim ogluny diňläpdir-de, şeýle diýipdir:
— Beýle bolsa, arkaýyn bol, ol adamlaryň seň kakaňa işi düşmez!»
Dermanlyk häsiýeti rowaýata öwrülen unaşy türkmen zenanlarynyň bişirip bilmeýäni ýokdur, diýsegem bolar.
Unaş bişirmek üçin özli, ak un, sygyr süýdüniň süzmesi, noýba, ajy gyzyl burç hem-de pomidor gerek. Käte unaş noýbasyzam edilýär. Ýa-da oňa derek mäş atsaňam gelişmän duranok. Ýöne noýbaly bolsa, unaş has tagamly bolýar.
Noýba aýdar, her guşa-da,
Iýdirmän galýan gyşa-da.
Edil goýnuň böwregi men,
Lezzet berýän unaşa-da —–
— diýlişi ýaly, birinjiden-ä, unaş noýbaly bolanda, lezzetli bolýar, has şüwlümli içilýär. Ikinjidenem, noýba örän ýokumly önüm bolansoň, başga zat işdäsi alman oturan näsagyňam bedenine kuwwat berýär.
Unaş jazly hem, jazsyz hem edilýär. Jazly etjek bolsalar, ownuk dogralan sogany ýagda ýa-da gowurma (gowurdak) bilen gowrup, üstüne dogralan pomidory atyp, onam gowurmyşlaýarlar-da, üstüne suw guýýarlar. Çorbanyň gaýnamy çykansoň, oňa noýba atýarlar. Jazsyz unaş bişirilende bolsa, ýag, sogan atmaýarlar-da, ownuk dogralan pomidory gazana atyp, ýeke özi bişirilýär-de, üstüne suw guýulýar. Gaýnamy çykansoňam, noýbasy atylýar. Käbir hojalykçylar-a, «noýba unaşy garaldýar» diýip, unaşyň reňki dury, owadan bolar ýaly, noýbany aýry gapda gaýnadyp, gara suwuny döküp, bişen noýbany unaşyň çorbasyna atýarlar. Haýsysyny etselerem, noýba bişýänçä, hamyryny ediberýärler.
Unaşyň hamyryny duzlurak edip, gatyja tutup ýugurýarlar. Eger un özsüzräk bolsa, hamyryna ýekeje ýumurtga garýarlar. Başga zat goşulmaýar. Diňe suwa ýugrulan petir hamyr bolmaly. Hamyry ýugrup bolansoňlar, el demini alar ýaly, birsalym üstüni ýapyp goýýarlar. El demini almasa, hamyry ýaýmak kyn bolýar. Onýança süzmäni ýazyp, taýýar ediberýärler.
Soňra hamyry zuwalalara bölüp, juda gaty ýukaltman ýaýýarlar. Ýaýylan hamyryň üstüne urbany bolrak sepip, epleşdirip ýa-da oklawyň daşyna orap, içinden oklawy sogrup alýarlar-da, ýiti pyçak bilen inçejik edip kesýärler. Kesip bolnansoň, üstüne urba sepip, topbak tutup, iki eli bilen silkeläp sozýarlar. Şonda unaşyň tarlary hasam inçelip, «saçyň tary ýaly» diýilýäni bolýar.
Şundan soň, gazandaky çorbanyň noýbasy bişeňkirlän bolsa, aşy seçeläp-seçeläp gazana atýarlar. Şonda gazanyň aşagyndaky ot güýçli bolmaly. Ot haýal ýanýan bolsa, aşlar biri-birine ýelmeşip, hamyr bolýar. Aş gazana atylanda, ol ilki çorbanyň düýbüne çökýär. Birsalym gaýnansoň, aşyň barysy çorbanyň ýüzüne çykýar. Ýene birsalym gaýnansoň bolsa, aş ikilenç gazanyň düýbüne çökýär. Ana, şonda-da aşyň bişdigi bolýar. Bişen unaş tabaklara guýlup, saçaga äberilýär. Şunda her kimiň özbaşyna aýratyn okarasy bolsa, has amatly bolýar. Ýaňyja guýlan aşyň gyzgynyna süzme kesilmez ýaly, 4-5 gezek bulap — sowrup, birneme howry çykyşansoň, her kim öz islegine görä, süzme garyp, burç atyp içiberýär. Burçy ýumşar ýaly, aş bilen bile gazana atyp gaýnadýanam bar. Ýöne, köplenç, çagalara ajy bolmaz ýaly, burçy her kim öz öňüne atýar.
Şeýdip, hemme zadyny ýerbe-ýer edip, gowy bişirilen unaşy içen adam gara suw bolup derleýär. Şol ajy der bilenem kellagyry, sowuklama ýaly sökellikler el bilen aýrylan ýaly bolýar. Şonuň üçinem türkmençilikde «Azajyk derdi aş basar» diýilýär.
Çeşme: metbugat.gov.tm