Türkmenistanyň döwlet Çeperçilik akademiýasynyň Sergi zalynda döredijilik bäsleşiginiň jemini jemleýiş dabarasy boldy, oňa ýurdumyzyň ähli künjeklerinden mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Ony Türkmenistanyň Bilim ministrligi Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi, „Güneş“ žurnalynyň redaksiýasy, TDÇA bilen bilelikde guradylar.
Okuwçylaryň ýüzlerçesi baýrakly orunlara dalaş edip, bäsleşigiň guramaçylyk komitetine Aziada -2017-ä hem-de Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlap öz çeken suratlaryny we şygyrlaryny iberipdirler.
Dabara belli türkmen ýazyjy-şahyrlary, nakgaşlar gatnaşdylar, olar bilen söhbetdeşlik we halypalaryň maslahatlary çagalarda uly täsir galdyrdy.
4-11-nji synp okuwçylarynyň 14-si bäsleşigiň aýgytlaýjy tapgyryna çykdylar. Olaryň arasynda „Döwletliler köşgünde“ we Balkanabadyň Çagalar öýünde terbiýelenýänler hem bar.
Surat çekmekde baş baýraga Mary welaýatyndan 9-njy synp okuwçysy Maksat Muhammetgeldiýew mynasyp boldy. Birinji ýeri bolsa Ahal welaýatynyň Tejen şäherinden ýaş nakgaş Nursoltan Gündogdyýewa eýeledi.
Şygyrlar bäsleşiginde Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky 50-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Halbibi Satlykowa Baş baýrak gowşuryldy. 1-nji orna Aşgabat şäheriniň ýörüteleşdirilen 4-nji mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Süleýman Hojanepesow mynasyp boldy.
TDÇA-nyň Sergi zallarynyň birinde mekdep okuwçylarynyň suratlarynyň sergisi guraldy, olardan iň gowylary „Güneş“ žurnalynda çap ediler.