17.9 C
Aşkabat
22.11.2024
SPORT

Ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy.

Halkara atçylyk-sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň 8-nji, jemleýji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň ýaryşy däbe görä, köpsanly janköýerleri ýygnady. Olaryň arasynda hökümet agzalary, Mejlisiň deputatlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, ýaşulular we ýaş türkmenistanlylar bar. 

Atçylyk sport sungatynyň bu baýramçylygyna ýygnananlar deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewlerine bagyşlanan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň sergisi bilen uly gyzyklanma bilen tanyşdylar. 

Ýaryşlar başlanmazdan öň, atçylyk-sport toplumynyň açyk meýdançasynda belli estrada aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti guraldy. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Watanymyzyň gülläp ösüşi baradaky aýdymlar ýerine ýetirildi. 

Bu ýere ýygnanan ahalteke bedewleriniň janköýerleriniň kalplary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk duýgusyna beslendi. Milli Liderimiziň atalyk aladasy netijesinde milli atçylyk-sport hereketi ýurdumyzda giň gerime eýe boldy. 

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen welaýat merkezleriniň hemmesinde häzirki zaman atçylyk – sport toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Olarda möwsümleýin at çapyşyklary hem geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp ahalteke bedewleriniň aýawly saklanmagyna dünýä derejesindäki goşandy hem ägirt uludyr. Hut milli Liderimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredilip, ol häzirki wagtda özünde dünýä ýurtlarynyň onlarçasynyň işjeňlerini özünde jemleýär. 

Her ýyl paýtagtymyzda bu assosiasiýanyň dürli halkara maslahatlary geçirilýär. Mysal üçin, şu ýyl Türkmen bedewiniň baýramynyň şanyna Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň III mejlisi, I Halkara pudaklaýyn sergi-ýarmarkasy we “Türkmen bedewi we dünýä atçylyk sungaty” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. 

Uzak aralyga at çapyşygy we konkur boýunça bäsleşik, ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi, baýramçylyga bagyşlanan uly döredijilik sergisi daşary döwletleriň we ýurdumyzyň ahalteke bedewleriniň muşdaklarynda uly gyzyklanma döretdi. Elbetde, däbe öwrülen at çapyşyklary milli Liderimiziň halypa çapyksuwarlaryň bäsleşiginde gazanan ýeňşi bilen uly täsir galdyrdy. Şonda hormatly Prezidentimiz özüniň mynasyp bolan baýragyny – ABŞ-nyň 10 million dollaryndan gowrak serişdäni “Türkmen atlary” döwlet birleşigine–Türkmenistanyň atçylyk pudagyny ösdürmäge, ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmaga, bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge gönükdirendigini aýtdy. Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiziň bu çözgüdi daşary ýurtlaryň habar beriş serişdelerinde uly seslenme döretdi. 

Ýakynda biziň ýurdumyzda döwlet saparynda bolan Türkiýäniň Prezidenti Abdulla Gülüň ýany bilen gelen türk žurnalistleriniň uly topary hem hormatly Prezidentimiziň at çapmak ussatlygyna göz ýetirmäge mümkinçilik aldylar. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumynda Türkiýäniň Prezidentine sowgat berlen Arkadaş atly bedewiň aýratynlyklaryny ussatlarça äşgär etdi. Şonda döwlet Baştutanymyz 1200 metr aralygy 1 minut 25 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi hem-de ussat çapyksuwarlary ýeňmegi başardy. Ýeri gelende aýtsak, şol çapyksuwarlar ýazky at çapyşyk möwsüminiň jemleýji ýaryşyna gatnaşdylar. 

Ilkinji nobatda, 10-njy, soňky at çapyşygy barada durup geçmek gerek. Şonda çapyksuwarlar hormatly Prezidentimiziň esaslandyran baýragy—ajaýyp jip awtoulagy ugrunda bäsleşdiler. At çapyşygyna belli ussat çapyksuwarlar gatnaşdylar. Bedewler barada aýdylanda bolsa, olar üçünji topardan üçýaşar atlar bolup, 1400 metr aralykda ýaryşdylar. 

Ýaryşa badalga berilýär, bedewler aýlawyň çapuw ýodasy bilen öňe okduryldylar. Olar ilki bilen, biri-birinden daşlaşman çapdylar, emma pellehana takmynan 200 metr galanda, bedewleriň biri kem-kemden beýleki atlardan arany açyp başlady. Beýleki atlar onuň yzyndan kowsa-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Melehan eýýäm arany ep-esli açypdy. Ol özüniň çapyksuwary Begençmyrat Agamyradow bilen köpsanly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmagynda pellehanadan ilkinji bolup geçýär. Onuň görkezen wagty 1 minut 43,4 sekunda deň boldy. 

Begençmyrady aýratyn tanyşdyryp durmagyň zerurlygy ýok. Ol eýýäm onlarça gezek şeýle ýeňişleri gazanyp, olaryň köpüsine iri halkara ýaryşlarynda ýetildi. B.Agamyradowyň geçen ýyl Fransiýada geçirilen “Triumfal arka baýragy” atly halkara ýaryşyna gatnaşmagy şolaryň biridir. Däbe öwrülen şol ýaryşlarda baýrak ugrundaky çapyşyklar diňe Ýewropanyň çapyksuwarlarynyň arasynda geçirilýändigi sebäpli türkmen çapyksuwarynyň Aziýa sebitinden ýeke-täk bolmagy has-da buýsançly boldy. 

Şu günki çapyşyklaryň 10-njysynda ikinji orny Akpamyk (çapyksuwary T.Babaýew) 1:44,3 minut netije bilen we üçünji orny Aýnur atly (çapyksuwary M.Şirliýew) bedew 1:46,3 minut bilen eýelediler. 

1000 metr aralyga geçirilen ilkinji çapyşyklaryň 6-synda 4-nji topardan ikiýaşar bedewler bäsleşdiler. Şonda ilkinji ýeňşini Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyndan bolan Jebel (çapyksuwary M.Agamyradow) gazanmagy başardy. Onuň wagty 1 minut 16,2 sekunda deň boldy. Pellehanada Janaly-2 (çapyksuwary Ý.Mämmedöwezow) ýeňijiden 2 sekunt yza galdy. Üçünji orna bolsa, 1:21,3 minut wagt bilen Akaltyn (çapyksuwary A.Aýmämmedow) mynasyp boldy. 

 Ikinji çapyşykda pellehana ilkinji bolup, Ýelsona (çapyksuwary B.Berdimuhammedow) geldi, onuň wagty 1:12,6 minuda deň boldy. Onuň yz ýany bilen 1:15,5 minut görkeziji bilen Aşgabat atly bedew (çapyksuwary R.Seýidow) gelýär, üçünji orny bolsa, Ýelliçaryk (çapyksuwary B.Allanazarow) eýelemegi başardy, onuň görkezen wagty 1:16,6 minuda barabar boldy. 


Üçünji çapyşykda ýeňşi Kömekli (çapyksuwary A.Ataýew) gazanyp, ol bir kilometr aralygy 1:14,2 minutda geçmegi başardy. Ikinji we üçünji orunlary degişlilikde Gülnabat (çapyksuwary Ş.Annagulyýew) 1:17 minut hem-de Ýelli (çapyksuwary B.Döwranow) 1:17,3 minut wagt bilen eýelediler. 

Dördünji çapyşygyň ýeňijisi Jaňlygara (çapyksuwary A.Nazarow) bolup, ol degişli aralygy 1:11,1 minutda geçdi we gowy wagty görkezdi. Kümüş baýraga Ýelsona we onuň çapyksuwary A.Muhammedow (1:13,3 minut), bürünç baýraga bolsa Melewşe we onuň çapyksuwary T.Toýlyýew (1:14,2 minut) mynasyp boldular. 

Garamça (çapyksuwary M.Seýidow) bäşinji çapyşykda ýeňiji boldy. Onuň wagty 1:13,4 minuda deň boldy. Gyrgaplaň (çapyksuwary K.Akmämmedow) pellehana üçünji bolup gelen Bendi (çapyksuwary O.Gurbangeldiýew) atly bedewden öňe geçmegi başardy. 

Jemleýji çapyşykda 1 kilometrlik aralykda ýeňijini fotopellehananyň kömegi bilen kesgitlemeli boldy. Sebäbi bedewleriň ikisi pellahanadan birwagtda geçdiler. Bu çapyşygyň pursatlaryna uly ekranda syn edilende, Aknazaryň (çapyksuwary B.Mergenow) Ýapalakdan (çapyksuwary B.Orazgeldiýew) ýarym boýun öňe geçendigi kesgitlendi. Bedewleriň jemleýji wagty birmeňzeş bolup, ol 1:13,2 minuda deň boldy. Üçünji orna bolsa, Garadag (çapyksuwary S.Taýlyýew) 1:15,1 minut wagt bilen mynasyp boldy.

Ýedinji çapyşyk örän dowamly boldy. Şunda 2400 metr aralyga dörtýaşar we şondan uly bedewler güýç synanyşdylar. Birinji orny degişli aralygy 3:06,1 minutda geçen Ýyldyzhan ynamly eýeledi. 3:07,6 minut wagt bilen ikinji orna Garadag-2 (çapyksuwary A.Hydyrow) mynasyp boldy. Üçünji ornuň jemleýji wagty 3:09,5 minuda deň bolup, ony Teýmir (çapyksuwary K.Ataýew) eýeledi. 

2200 metr aralyga geçirilen nobatdaky çapyşykda dörtýaşar we şondan uly bedewler bäsleşdiler. Şonda Merdana (çapyksuwary P.Babalyýew) 2:52,4 minut wagt bilen hiç kime ýeňiş gazanmaga ýol bermedi. Ikinji bolup gelen Baharly (çapyksuwary A.Baýramgeldiýew) ondan 0,7 sekunt yza galdy. Üçünji orny bolsa, Algyr (çapyksuwary B.Mämmedow) 2:53,4 minut wagt bilen eýeledi. 

9-njy çapyşykda 1400 metr aralyga üçünji topardan çykan üçýaşar atlar ýyndamlykda bäsleşdiler. Şunda Owadangelin (çapyksuwary B.Babalyýew) hemmelerden öň gelip, degişli aralygy 1:45,1 minutda geçmegi başardy. Garaduman (çapyksuwary E.Rejebow) pellehanada ýeňijiden 0,2 sekunt hem-de Gaýrat (çapyksuwary A.Nedirow) bolsa 0,4 sekunt yza galdylar. 

 Şunuň bilen örän gyzykly ýazky at çapyşyk möwsümi tamamlandy. Ahalteke bedewleriniň çapyşyklarynyň janköýerleri öz gowy görýän bedewlerini indi güýzki at çapyşyk möwsüminde görüp bilerler. Bu möwsüm tomsuň soňky ýekşenbesinde açylýar.

Degişli makalalar

Sagdyn Durmuş Ýörelgesi

syrach

Ýakyn Wagtda V Aziýa Oýunlary Ýaryşlarynyň Petekleri Ýerlenip Başlanar

turkmenhabargullugy

“Köpetdag”, “Nebitçi” Hem-de “Ahal” Toparlary Ýeňiş Gazandylar