8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Azyk Bolçulygy Obasenagat Toplumyny Döwrebaplaşdyrmagyň Baş Maksadydyr

20-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri kesgitledi. Şol wezipeleriň esasylary ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny depginli ösdürmegiň hem-de diwersifikasiýalaşdyrmagyň hasabyna ösüşiň durnukly ýokary depginini saklamakdan, halkara we sebit ähmiýetli giň gerimli hem-de aýratyn iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. 

Geljek ýylda amala aşyrylmaly işleriň möhüm ugurlarynyň hatarynda pudaklaryň düşewüntliligini we ýurdumyzyň harytlarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, eksport ugurly önümleriň möçberini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň mukdaryny azaltmak, maýa goýum işjeňligini, döwlet eýeçiligine degişli ugurlary hususylaşdyrmagy dowam etdirmek, telekeçilik işleri üçin amatly şertleri döretmek ýaly wezipeler durýar. 

Ileri tutulýan bu ugurlar obasenagat toplumyny hem-de oba ýerlerinde ýerleşen ilatly ýerleri ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan ösdürmek ugurlaryny öz içine alýan döwlet oba syýasatynda beýanyny tapdy. Soňky ýyllaryň dowamynda bu strategik ulgamda iri möçberli özgertmeler amala aşyrylýar. Şol özgertmeleriň möhüm maksady azyk bazarynda bolçulygy üpjün etmekden ybaratdyr. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýşynyň hilini ýokarlandyrmakda möhümdir. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hökümetiň mejlisinde eden maksatnamalaýyn çykyşynda belleýşi ýaly, oba hojalygyny özgertmek boýunça görlen çäreler oňyn netijeleri berýär, şu ýyl bugdaýyň we pagtanyň oňat hasyly alyndy. 

Ýurdumyzda gallaçylygy we pagtaçylygy üstünlikli ösdürmegiň esasy oba hojalyk ekinleriniň we topragyň hasyllylygyny artdyrmak, tarp ýerleri işjeň özleşdirmek, ekerançylyk ýerleriniň suw bilen üpjünçilik meselelerini çözmek boýunça yzygiderli işleri alyp barmakdan ybaratdyr. Obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny täzelemäge köp mukdarda maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Şol binýadyň üsti döwrebap traktorlar, kombaýnlar, dünýäniň öňdebaryjy oba hojalyk tehnikalaryny öndürijileriniň beýleki tehnikalary we iň täze görnüşli enjamlary bilen ýetirilýär. 

Döwletiň önümleri satyn almagy, daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara ýeňillikli şertlerde tehniki hyzmatlaryň, tohumlaryň, mineral dökünleriň, ösümlikleri goramaga degişli serişdeleriň berilmegi — oba hojalyk öndürijilerini maliýe-ykdysady taýdan höweslendirmegiň bu çäreleriniň ählisi zerur netijäni berýär, olaryň öz zähmetiniň hözirini görmäge gyzyklanmalaryna ýardam berýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýer, suw we beýleki tebigy serişdeleriň netijeli ulanylmagyna, daşky gurşawyň goralmagyna, oba hojalyk ylmynyň, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işiniň ösdürilmegine, innowasion tehnologiýalaryň, menejmentiň öňdebaryjy usullarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna, ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna, sebitlerde döwrebap durmuş düzüminiň döredilmegine uly üns berýär.

Importyň ornuny tutýan harytlary öndürmek hem-de eksport önümleriniň möçberini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň azyk senagatyny has-da ösdürmegiň, ilatyň dürli görnüşli hem-de ýokary hilli azyk önümlerine bolan islegini kanagatlandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boldy. Bu maksatnamalaryň çäklerinde 110-dan gowrak taslamany, şol sanda oba hojalygynda we azyk senagatynda taslamalary amala aşyrmak bellenildi. Şunda döwlet-hususy hyzmatdaşlyga, ýagny bellenilen maksatlara ýetmek üçin döwletiň we telekeçileriň tagallalarynyň birleşdirilmegine möhüm orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň her welaýatynda iri maldarçylyk we guşçulyk toplumlary guruldy hem-de gurulmagy dowam edýär. Şolar ot-iýmlik ekinleri ösdürip ýetişdirmekden hem-de saýlama tohumlardan bolan ýaş mallary idetmäge, eti we et önümlerini satmak üçin taýýar et hem-de süýt önümlerine çenli gaýtadan işlemäge çenli doly önümçilik işini öz içine alýar. Şol önümleriň hatarynda peýnirleriň, şöhlatlaryň, süýdüň, gatygyň, gaýmagyň, ýogurdyň, mesge ýagyň dürli görnüşleri bar.

Ýyladyşhana hojalyklary şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümleri bilen üpjün edýär. Şolarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök ot we beýlekiler ösdürilip ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, aş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy.

Şu ýyl Ahal welaýatynda “Guş toplumy” hususy kärhanasynyň buýurmasy boýunça gurlan maldarçylyk toplumynyň ulanylmaga berilmegini muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Onuň önümleri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda giňden tanalýar. 2009-njy ýylda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda açylan “Guş toplumy” ýurdumyzda şeýle kärhanalaryň ilkinjisi bolup, onuň düzüminde guş idedilýän, senagat inkubatory, et önümleri bölümleri, oba hojalyk ekinleri, garylan iýmleri öndürýän zawod bar. Bu oňyn tejribe hususy pudagyň hyzmatdaşlary — döwlet hem-de daşary ýurtly önüm getirijiler, bank düzümleri bilen özara gatnaşyklaryň netijeli ulgamyny ýola goýmaga ýardam etdi. Aslyýetinde, hususy telekeçilere döwlet goldawynyň tehnologiýasy üstünlikli synagdan geçdi, ol dünýäde ykdysady ösüşiň hereketlendirijisi bolup durýar.

“Guş toplumy” täze kärhanasynyň önümçilik kuwwaty bir ýylda etiň 200 tonnasyna barabardyr. Häzir toplumda gara mallaryň 120-si saklanyp, şolaryň sanyny geljekde 800-e ýetirmek meýilleşdirilýär. Bu ýerde mallary saklamak, göleleri idetmek üçin ähli şertler üpjün edildi. Telekeçilere 300 gektardan gowrak ýer uzak möhletleýin ulanmaga berildi. Şonuň 290 gektary ot-iýmlik ekinler üçin bölünip berildi.

Bu fermanyň hajatlary üçin Awstriýadan simmental tohumdan bolan gara mallaryň 60-dan gowragy satyn alyndy. Kärhanada Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Italiýadan we Ysraýyldan satyn alnan ýöriteleşdirilen enjamlar oturdyldy. Awtomatlaşdyrylan enjamlar sygyrlaryň 30-syny bir wagtda sagmaga mümkinçilik berýär, şunda bir sygryň ortaça gije-gündizlik sagymy 22 — 25 litre barabar bolýar. Nou-haularyň ýene-de biri fermada mallary çipleşdirmek bolup, onlaýn düzgünde belli bir aralykdan gara malyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolup durýan “Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýeti hem öz işiniň gerimini giňeltmegi dowam edip, oba hojalyk önümlerini öndürmäge we gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilendir. Birnäçe ýyl mundan öň telekeçiler Bäherden etrabynda ilkinji et-süýt toplumyny gurdular. Häzir bu ýerde gara mallaryň 2300-den gowragy saklanylýar. Germaniýadan dünýä belli saýlama tohumlardan — köp süýt berýän golştin tohumyndan hem-de süýt we et babatda önümli bolup, dürli howa şertlerine aňsat uýgunlaşýan simmental tohumdan bolan sygyrlar getirildi. Şeýle hem fermada dowarlaryň 1100-den gowragy saklanylýar.

Bulardan başga-da, dag etegindäki jülgede ýerleşen “Arçman” daýhan birleşiginiň çäginde 75 gektar meýdanda bagy-bossanlygyň düýbi tutulyp, onda miweli agaçlaryň 50 müňden gowragy oturdyldy. Açyk meýdanda bolsa, bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär.

“Ajaýyp ussat halal önümler” hojalyk jemgyýeti tarapyndan Ahal welaýatynda gurlan toplum hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ahal welaýatynda kuwwatly maldarçylyk toplumyny döretmek barada beren görkezmeleri bilen baglylykda nobatdaky ädim bolup, ýokary hilli sygyr etiniň önümçiligine ýöriteleşdiriler. Munuň üçin Germaniýadan aberdin-angus tohumdan bolan sygyrlaryň onlarçasy satyn alyndy.

Häzir fermada mallaryň 600-e golaýy saklanylýar. Bu ýerde bir ýylda etiň 150 tonnasy öndürilip, şonuň 15 tonnasy ýokary hilli et önümleri bolar. Ol ýakymly, ter, az-kem ýagly bolup, del nygmatlara degişlidir. “Angus tohumynyň güwälendirilen eti” (Certified Angus Beef) nyşanly ete ýokary baha berilýär. Şeýlelikde, dünýäniň restoran ulgamlary tarapyndan aýratyn isleg bildirilýän bu önümiň eksportyny ýola goýmak mümkinçiligi hem döreýär.

Ahal welaýatynyň beýleki täze desgalarynyň hatarynda Tejen etrabynda “Azapkeş” hususy kärhanasy tarapyndan gurlan maldarçylyk toplumy bar. Onuň önümçilik kuwwaty bir ýylda süýdüň 3 müň tonnasyna hem-de etiň 100 tonnasyna barabardyr. Fermada ýerli tohumlardan başga-da, Germaniýadan we Ukrainadan getirilen saýlama tohumlardan gara mallaryň 300-den gowragy saklanýar.

Lebap welaýatynyň obasenagat düzüminiň üstüni ýokary hilli guş etiniň 500 tonnasyny we 2,5 million sany ýumurtga öndürýän guşçulyk toplumy ýetirdi. Ony Çärjew etrabynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Eşret” daýhan hojalygynyň işgärleri gurdy.

Iri maldarçylyk toplumy Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda hem açyldy. Bu ýerde bir ýylda etiň 500 tonnasy öndüriler. Häzirki wagtda fermada gara malyň 440 baş sany saklanylýar. Telekeçiler geljekde süýt we et berýän sygyrlaryň sanyny 3 müňe ýetirmegi, önümleri gaýtadan işleýän bölümi açmagy meýilleşdirýärler.

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň her ýyl söwda nokatlaryna ýokary hilli we ekologiýa taýdan arassa önümleriň 1800 — 2000 tonnasyny öndürjek ýyladyşhana toplumy ulanylmaga berildi. Pomidor ösdürip ýetişdirmek üçin niýetlenen şeýle ýyladyşhana hojalygy demirgazyk welaýatyň Akdepe etrabynda hem peýda boldy.

Mary welaýatynda gurlan täze guşçulyk toplumynyň taslama kuwwaty bir ýylda ýumurtganyň 5 million sanysyna hem-de towuk etiniň 500 tonnasyna barabardyr. Hususan-da, bu ýerde guşlaryň 130 müňden gowragy saklanar.

TSTB-niň agzalary tarapyndan Murgap etrabynda gurlan maldarçylyk toplumy bir ýylda süýdüň 100 tonnasyny hem-de etiň 100 tonnasyny öndürmäge ukyplydyr. Fermada gara malyň 750 baş sanyna, şol sanda golştin tohumdan bolan sygyrlaryň 150 baş sanyna ideg edilýär.

Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän täze kärhanalary gurmak hem-de olary möwsümleýin saklamak üçin şertleri döretmek boýunça milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň pudagyň öňünde goýan wezipelerini çözmek babatda işler dowam edýär. Şu ýyl Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň Çekir obasynda gaplanan gök önümleriň — miweli suwlaryň, mürepbeleriň, şireli suwlaryň, duzlanan önümleriň, marinada ýatyrylan önümleriň şertli gaplarynyň bir ýylda 1 millionyny öndürýän zawod açyldy.

Balkanabatda Italiýadan satyn alnan döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen unaş önümlerini öndürýän täze zawod guruldy. Awtomatlaşdyrylan tehnologik ulgamyň kuwwaty bir ýylda iki tapgyrlaýyn işde önümleriň 270 tonnasyna barabar bolar. Häzirki wagtda bu ýerde unaş önümleriniň onlarça görnüşiniň önümçiligi özleşdirildi.

Aşgabadyň Bagtyýarlyk etrabynda gök-miwe önümleriniň 2 müň tonnasyny saklamak üçin niýetlenen sowadyjy ammar ulanylmaga berildi. Oba we suw hojalyk ministrliginiň buýurmasy boýunça gurlan täze desga Germaniýadan, Gollandiýadan, Türkiýeden öňdebaryjy önüm öndürijileriň ýöriteleşdirilen enjamlary bilen üpjün edildi.

Türkmenabatda gurlan ammarlar toplumy gök-miwe önümleriniň 3 müň tonnasyny saklamaga ukyplydyr. Onuň düzüminde uly ammarlaryň 3-si, kömekçi jaýlar, saýlaýjy merkez, barlaghana, arassalaýyş-durmuş bölümi bar.

Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini goldamagyň döwlet derejesinde görülýän netijeli çäreleri daşary ýurtlardan Türkmenistana getirilýän harytlaryň möçberini ep-esli azaltmaga hem-de şolaryň eksportyny artdyrmaga mümkinçilik berdi. Bu ýagdaý BMG-niň Azyk we oba hojalyk edarasy tarapyndan 2016 — 2018-nji ýyllarda çykarylan söwda syýasatynyň synlarynda bellenilýär. Bu Ýewropada we Merkezi Aziýada “Oba hojalyk önümleriniň söwdasyny ösdürmek hem-de halkara bazarlaryna çykalga” atly sebit başlangyjynyň çäklerinde bellenildi.

Halkara bilermenler bu ýagdaýy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan importyň ornuny tutýan önümleri öndürmek hem-de milli ykdysadyýetiň eksport kuwwatyny artdyrmak boýunça maksatnamalaryny amala aşyrmagyň netijeleri bilen gönüden-göni baglaýarlar. Azyk senagatynyň ösüşini şertlendirýän beýleki ýagdaýlaryň hatarynda oba hojalygynda, gaýtadan işleýän we azyk senagatynda taslamalary maliýeleşdirmek üçin ýeňillikli karzlaryň berilmegi, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine berilmegi, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň aýry-aýry görnüşlerine goşmaça gümrük paçlarynyň girizilmegi bar.

Bulardan başga-da, döwletimiz Söwda-senagat edarasyna ýöriteleşdirilen ýarmarkalary we sergileri geçirmäge hem-de beýleki ugurdaş düzümlere žurnallary neşir etmekde, internet-portallary döretmekde, daşary ýurtlarda milli söwda öýlerini açmakda ýakyndan ýardam edýär. Bu bolsa ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply harytlary daşarky bazarlara ugratmaga, beýleki ýurtlaryň oba hojalyk önümlerini alyjylary bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam edýär.

2015-nji ýylda ýurdumyz üçünji müňýyllygyň ösüş maksatlarynyň biri bolan azyk howpsuzlygyny üpjün etmek babatda gazananlary üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk edarasynyň ýörite sylagyna eýe boldy.

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde paýtagtymyzdaky hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndaky söwda merkezlerinde we bazarlarda haryt bolçulygy importyň ornuny tutýan harytlary, şol sanda azyk önümlerini öndürmek babatda wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.

Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynyň çözgütlerine hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararlaryna laýyklykda, şu ýyl daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden welaýatlarda oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznalary döredildi. Şolardan paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki oba hojalyk önüm öndürijilerine ýer bölekleri berilýär.

Şunda birinji gaznadan bölünip berlen oba hojalyk ýerleriniň 70 göterime golaýy şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we oba hojalyk ekinleriniň döwlet buýurmasyna girýän beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek üçin ulanylar. Ýerleriň galan bölegine ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygyny geçirmek üçin beýleki ekinler ekiler. Ikinji gaznadan berilýän ýer bölekleri bolsa, gök we bakja ekinlerini, ýeralmany, üzümi we miwe önümlerini ýetişdirmäge niýetlenendir.

Bulardan başga-da, oba hojalyk önüm öndürijilerini höweslendirmek maksady bilen, täze ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş bahalary ýokarlandyrylar. Daýhan birleşikleri we hojalyklar, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler 10 ýyl möhlete çenli ýeňillikli bank karzlaryny alyp bilerler.

Şunuň bilen birlikde, Oba we suw hojalyk ministrliginiň maldarçylyk hojalyklarynyň hasabynda duran fermalary gara mallary, dowarlary, düýeleri, guşlary bilen bilelikde tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak göz öňünde tutulýar.

Şeýlelikde, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” diýlip yglan edilen 2019-njy ýylda obasenagat toplumynda täze sepgitlere ýetiler. Bu bolsa ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder.

çeşme turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Çagalar barada alada.

syrach

Türkmenistanyň DIM-de Russiýa Federasiýasynyň Daşary Işler Ministriniň Orunbasary Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach