Üstesine-de, ýol yşyklarynyň ulanýan elektriginiň hem mugt bolmaýandygyny hem-de yşyklary tok bilen üpjün edýän merkezden elektrik gelmese, olaryň işlemeýändigini ýatlasak, ABŞ-nyň şäher häkimleriniň täze enjama näme sebäpli şeýle uly gyzyklanma bildirendikleri düşnükli bolýar.
Dünýäde gijelerine ýoly ýagtyltmak üçin giňden ulanylýan ýol yşyklary adaty ýagdaýda özüne sim arkaly getirilen elektrik togy bilen işleýärler. Bu bolsa käbir ýerlere yşyklaryň goýulmagynyň örän gymmat bolmagyna eltýär. Ýeri gelende aýtsak, şäherdäki ýol yşyklarynyň üznüksiz hyzmat etmegi hem arzan däldir, sebäbi, wagtal-wagtal simdir çyralary çalşylmaly hem-de bu işi edýän ýörite adama aýlyk tölenmeli bolýar. Üstesine-de, ýol yşyklarynyň ulanýan elektriginiň hem mugt bolmaýandygyny hem-de yşyklary tok bilen üpjün edýän merkezden elektrik gelmese, olaryň işlemeýändigini ýatlasak, ABŞ-nyň şäher häkimleriniň täze enjama näme sebäpli şeýle uly gyzyklanma bildirendikleri düşnükli bolýar.
www.ecofriend.org saýtynda berlen habarda ABŞ-nyň “Enertia Engineering” şereketiniň Gün şöhlelerinden zarýad alyp işleýän ýol yşyklaryny öndürip başlandygy aýdylýar. Ýagny, “EnerSolar“ yşyklaryna sim arkaly elektrik eltmek gerek bolmaýar hem-de olar töweregi güýçli ýagtylandyrmak ukybyna eýe bolan “LED” lampalary arkaly ýagtyltýarlar. Yşygyň batareýasy, Gün panelleri hem-de “LED” lampasy bolsa ýörite çip tarapyndan edara edilip, ýokary derejeli üpjünçiliklik berjaý edilýär. Bu täsirlilige mysal hökmünde bolsa, günüň dowamynda Gün panellerinden gelen elektrikden zarýad alan batareýalaryň şol zarýad bilen 3 gijäniň dowamy töweregi ýagtyldyp bilýändigini görkezmek bolar.
Ýeri gelende aýtsak, adaty ýol yşyklarynyň işläp başlamagy üçin olara ýeriň astyndan sim eltilmelidir, täze enjamy bolsa, islendik ýere oturtmak bolýar. Ýasy dörtburç guta meňzeýän täze çyrada turba girer ýaly ýörite ýer bar. Çyrany bir ýere dikmek üçin ony bir turba oturdyp, berkitmek doly ýeterlikli bolýar. Ýekeje zerur bolan zat bolsa, çyranyň oturdylan ýerine Gün şöhleleriniň düşmegidir. Şu ýerde belläp geçmeli ýene bir ýagdaý bar: ilki bilen “LED” lampalarynyň ömri has uzyn bolýar, ikinjiden, täze çyranyň işlemegi üçin ýokary woltly elektrik gerek bolmandygy sebäpli, ony oňarmak has howpsuzdyr.
Häzirlikçe bahasy doly kesgitlenmedik bu çyranyň arzan bolmajakdygyny aýtmak bolar (batareýalar hem-de Gün panelleri arzan däl), ýöne bilermenleriň aýtmagyna görä, täze çyra 5 ýylda özüni doly ödeýär.
referans: www.zamantm.com