Ak bugdaý etrabynyň Babadurmaz obasynda durmuş maksatly desgalaryň birbada 9-sy açyldy. Bu dabaralar ýurdumyzda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 21 ýyllygynyň hormatyna gurlup ulanmaga berlen binalaryň açylyşy mynasybetli guralýan dabaralaryň dowamy boldy. Obalary we onuň çäklerini abadanlaşdyrmak ýaly milli şähergurluşyk syýasatynyň möhüm ugruny görkezmek bilen, bu şanly wakalar sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Bu gün bu ýere obanyň we etrabyň köp sanly ilaty, hormatly ýaşulular, ýaşlar we täze jaýa göçüp gelenler ýygnanandylar. Olar dabara gatnaşyjy myhmanlary duz-çörek, aýdym-saz bilen garşyladylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary, welaýatyň, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bar. Estrada aýdymçylarynyň, sazçylyk we tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Dabaraly ýagdaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obalylaryň abadan we netijeli durmuş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen durmuş maksatly desgalar toplumynyň gurlup ulanmaga berilmegi mynasybetli Babadurmaz obasynyň ilatyna iberen Gutlagy okaldy. Onda, “Biz ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen milli strategiýany amala aşyryp, geljekde hem ýokary ammatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni durmuş maksatly desgalaryň, dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň we sport toplumlarynyň gurluşygyn has-da güýçli depginler bilen dowam etdireris” diýen sözler bar.
Öz gezeginde Babadurmaz obasynyň ilaty döwlet Baştutanymyza oba adamlary hakynda edýän yzygiderli aladasy we milletiň saglygyny, abadançylygyny nazarlaýan oňyn syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Soňra täze desgalaryň gurluşygynda has-da tapawutlanan gurluşykçylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna guran iş saparynda obanyň durmuş-ykdysady düzümini düýpli özgertmek barada karar kabul etdi. Şonda döwlet Baştutanymyz Babadurmaz obasynyň ilaty bilen gürrüňdeş bolup, olaryň zähmet, durmuş we dynç alyş şertleri, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler bilen gyzyklandy we welaýatyň hem-de etrabyň ýolbaşçylaryna bu ýerde durmuş maksatly desgalary döwrebaplaşdyrmak, täze binalary gurmak we tutuş obany abadanlaşdyrmak boýunça anyk tabşyryklary berdi.
Şol taryhy pursatdan bir ýarym ýyl geçenden soň, Babadurmaz täze görnüşe eýe boldy. Munuň özi oba ilaty üçin türkmen halkynyň baş milli baýramçylygyna bagyşlanan ajaýyp sowgatdyr.
Biziň ýurdumyzda şanly wakalary giňden dabaralandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Ýurdumyzyň täze eýýamynyň ýyl ýazgysynyň her aýy, her hepdesi iri möçberli möhüm wakalara beslenýär, şeýlelikde, türkmen döwletiniň, onuň syýasy, halkara, jemgyýetçilik, ykdysady we ruhy durmuşynyň täze taryhy emele gelýär. Munuň özi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş ulgamyny ugur edinýän özgertmeler syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini aýdyň alamatlandyrýar.
Bu asylly işler 2007-nji ýylyň martyndan Türkmenistanyň günorta-günbatarsynda ýerleşýän we täze görnüşe giren Esenguly etrabynda başlandy we şonda ýurdumyzyň sebitlerini düýpli özgertmek boýunça Milli maksatnama badalga berildi. Şu maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde täze obalaryň döredilmegi, Döwletli, Altyn sähra, Ruhubelent ýaly etrap merkezleriniň tarp ýerlerde kemala gelmegi häzirki eýýamyň döwrebap nusgalarydyr. Bu gürrüňi dowam etmek bilen, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda dolulugyna durky täzelenen Bagtyýarlyk we Lebap welaýatynda düýbi tutulan Garlyk şäherçelerini hem bellemeli.
Ýurdumyzda demir ýol we awtomobil ýollarynyň, köprüleriň, täze kärhanalaryň, medeni-durmuş ähmiýetli desgalaryň gurluşygynyň giň gerimde alnyp barylmagy milli ykdysadyýetiň kuwwatyndan habar berýär. Bu bolsa halkyň, ýurdumyzyň çetki künjeklerinde ýaşaýan ilatyň ýokary derejeldi durmuş ulgamynyň üpjün edilmegi babatda uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýurtda durmuşa geçirilýän özgertmeler barha ösýän, ýokary görkezijili we abadan hem-de oňyn jemgyýeti bolan güýçli döwlete öwrülmek babatdaky biziň öňde goýan beýik maksatlarymyza laýyk gelýär.
Ýurdumyz özüniň Garaşsyzlyk baýramçylygyna täze zähmet üstünlikleri we möhüm wezipeleri çözmekde oňyn netijeleri bilen barýar. Türkmen obasyny täze belentliklere çykarmak, onuň sazlaşykly ösüşi üçin amatly şertleri döretmek, ilatyň ýokary durmuş derejesini, döredijilikli zähmetini, oňaýly dynç alşyny we dürli görnüşli medeni çäreleri üpjün etmek üçin şertleri döretmek milli Liderimiziň durmuş syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.
Öňde duran möhüm wezipeleriň yzygiderli çözülmegine ulgamlaýyn çemeleşilýändigini Babadurmazda durmuşa geçirilen çäreler aýdyňlyk bilen görkezdi. Bu gün bu ýerde diňe bir täze desgalaryň açylyşy däl, eýsem, oba ilatynyň durmuşynyň täze tapgyry dabaralandyryldy.
Bu ýerde 200 orunlyk çagalar bagynyň gurulmagy berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe körpe nesiller, olaryň wagtlaryny şadyýan geçirmekleri, bilim almaklary, döredijilik we sport bilen meşgullanmaklary üçin döwlet tarapyndan alada edilýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýerde häzirki zaman kämil enjamlar bilen üpjün edilen mekdebe çenli çagalar bagy, çagalaryň açyk howada oýnamaklary üçin döredilen şertler körpeleriň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk derejede terbiýelenmegini üpjün eder.
Şeýle hem şu gün Babadurmazda ähli zerur enjamlar, kompýuter we okuw-barlaghana ulgamlary, okatmagyň öňdebaryjy usullary bilen üpjün edilen 400 orunlyk täze umumybilim berýän mekdep öz gapylaryny giňden açdy. Onda ýurdumyzda bina edilen ähli mekdeplerde bolşy ýaly, ýörite enjamlaşdyrylan lingafon, informatika, zähmet okuwy otaglary bar. Mekdebiň sport zaly trenažerlar we beýleki enjamlar bilen üpjün edilipdir. Sport meýdançalarynda toparlaýyn ýaryşlary geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilipdir. Mekdebiň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr, agaç nahallary oturdylypdyr, gök zolaklar döredilipdir.
Şeýle hem dürli gurnaklarda we studiýalarda birbada 200 adam meşgullanyp biler ýaly Medeniýet öýi bar we bir günde 150 näsagy kabul etmäge niýetlenen oba saglyk öýi, dermanhana Babadurmazda bina edilen durmuş ulgamynyň üsitüni ýetirdi. Şeýle hem bu ýerde işleýän hünärmenler we olaryň hyzmatyndan peýdalanýan üçin ähli amatly şertler döredilipdir.
Bu ýerde oba geňeşligi we daýhan birleşigi üçin edara ediş binalary hem guruldy. Aragatnaşyk bölümi Babadurmazyň ilatyna häzirki zaman derejesine laýyk gelýän hyzmaty üpjün eder.
Gije-gündiziň dowamynda 1 müň kub metr suw arassalamaga niýetlenen arassa agyz suw kärhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär we sazlaşykly ösýän obanyň ilatynyň islegini doly kanagatlandyrar.
Mundan başga-da, Babadurmazda suw geçiriji we lagym ulgamlary, elektrik geçirijiler guruldy hem-de oba içindäki ýollaryň durky täzelendi. Garagum derýasynyň üstünden gurlan awtomobil köprüsi obanyň ulag düzüminiň üstüni ýetirdi. Täze desgalaryň gurluşygynyň we ozal bar bolanlaryny abatlamak işleriniň ýerli gurluşykçylara ynanylandygyny aýratyn bellemeli.
Şeýlelikde, Babadurmaz obasynda onuň ajaýyp geljeginiň pugta binýady tutuldy. Bu ýerde täze iş orunlary, ýaşlar üçin amatlyklar döredildi. Telekeçiligiň ösdürilmegi, ýerli öz-özüňi dolandyryş, medeniýet we bilim ulgamlarynyň ösdürilmegi, tutuşlygyna alnanda bolsa türkmen obasynyň täze nusgasynyň kemala gelmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netije berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
öňki habar