Milli sport ulgamynda sporty, köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini we sagdyn durmuş ýörelgelerini, olimpiýa taglymlaryny ösdürmegi wagyz etmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlanan uly möçberli özgertmelere bagyşlanan “Türkmenistan sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” diýen kitap-üç dilde—türkmen, iňlis we rus dillerinde çapdan çykdy.
Owadan, ýokary derejede bezelen kitap täze neşiriň ähli mazmunynyň we döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň biri bolan sagdyn bedenli we belent ruhly nesilleri kemala getirmegiň ýörelgelerini kesgitleýän milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň sözleri bilen açylýar. Ýurdumyzyň sport durmuşynyň aýdyň pursatlaryny beýan eden owadan fotosuratlar bu asylly maksatlara ýetmek boýunça çäreleriň iş ýüzünde nähili durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär. Şolaryň hatarynda döwlet Baştutany tarapyndan Olimpiýa şäherçesini gurmaga badalga berilmegi, täze sport desgalarynyň açylmagy, milli we halkara derejesindäki dürli ýaryşlar, sport baýramçylyklary we beýleki wakalar bar.
Sport–bu gujur-gaýratyň, gözelligiň, sagdynlygyň, ösüşiň belentliklerine tarap ruhy ymtylyşyň durmuşa geçmegidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtaýar. Hormatly Prezidentimiziň ýöredýän syýasatynda ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek durmuş strategiýasynyň möhüm düzüm bölegi boldy.
Fotosuratlar sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän milletiň Lideriniň türkmen ýaşlaryna we ähli türkmenistanlylara ruhlandyryjy görelde görkezýändigi barada aýdyň gürrüň berýär, şol fotosuratlarda döwlet Baştutanynyň at çapmak, welosiped we awtomobil ýaryşlary, ylgamak, tennis we başgalar ýaly, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanýandygy suratlandyrylýar, milletiň Lideri özüniň dartgynly iş tertibinde bedenterbiýe bilen işjeň meşgullanmaga wagt tapýar. Mysal üçin, ýurdumyzyň Prezidentiniň Köpetdagyň dag eteklerinde atly gezelenji amala aşyrýandygyny ýa-da ýaşlar we işjeň dynç alşy halaýanlaryň ählisi üçin meşhur ýere öwrülen Saglyk ýolundan geçýändigini synlap bildiler. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň Başlygy bolmak bilen, sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň ýokary sylagy bolan Hormat ordenine mynasyp bolandygyny hem belläp geçmeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ileri tutup üns bermegi netijesinde häzirki zaman Türkmenistanda sport bilen meşgullanýanlaryň sany artýar, sport eýereýänler, jemgyýetde barha möhüm we ähmiýetli orna eýe bolýar. Raýatlaryň has köpüsiniň, aýratyn hem çagalaryň, ýetginjekleriň, ýaş ýigitleriň we gyzlaryň ýurdumyzda bedenterbiýe we sporty bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegi sporty ösdürmegiň strategiýasyny işläp taýýarlamagyň we Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ykrar edilmeginiň esasy maksady boldy. Ösüp gelýän ýaş nesli beden taýdan taplamagyň usullarynyň “uzakmöhletli netije berýän pedagogika” diýlip atlandyrylmagy tötänden däldir. Sebäbi bu usul diňe bir türgeni, onuň şahsyýetini däl, eýsem, jemgyýeti hem kemala getirýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzda sport-sagaldyş ulgamyny höweslendirmek we ösdürmek boýunça ägirt uly işler geçirildi. Onuň köpugurly mümkinçilikleri artýar. Hazaryň kenarynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gerimi we batyrgaýlygy bilen deňsiz-taýsyz bolan taslamasy durmuşa geçirilýär. Munuň özi türkmen Lideriniň uly möçberli özgertmeleriniň aýdyň netijesidir, ýurdumyzyň dikeldiş mümkinçiliklerini özleşdirmegiň we boş wagtyňy işjeň hem-de sagdyn geçirmek, sportuň suw görnüşlerini ösdürmek üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp mysalydyr.
Türkmen türgenleriniň bütindünýä sport hereketine gatnaşmagy giňelýär, ýurdumyzda Türkmenistanyň, Russiýanyň we Gazagystanyň çäklerinden geçen “Ýüpek ýoly” halkara awtomobil ýaryşyň Dakar tapgyry, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda futbol boýunça halkara ýaryşy, Merkezi Aziýanyň sambo boýunça çempionaty we başgalar ýaly iri halkara ýaryşlary geçirilýär. Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki zaman sport toplumlary, stadionlar, aýlawlar, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri we başgalar guruldy. Milli at üstündäki oýunlar uly meşhurlyga eýe bolýar, ähli welaýatlarda iri häzirki zaman atçylyk-sport toplumlary guruldy.
Mälim bolşy ýaly, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň çözgüdi bilen Aşgabat üsti ýapyk binalarda hem-de söweş sungatlary boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmäge hukuk aldy. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu babatda başlangyç görkezmegi şeýle çözgüdiň kabul edilmeginiň möhüm şerti bolup durýar, milletiň Lideri bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Sportda we türkmen türgenlerini hem-de milli toparlary taýýarlamak üçin sport düzümlerini, häzirki zaman sport binýadyny ösdürmek babatda, ýaş nesli terbiýelemek babatda Türkmenistanyň gazanan anyk üstünlikleriniň fotoýylýazgysy munuň aýdyň tassyklanmasydyr.
Gadymy döwürlerden bäri, saglyga adamynyň erkin işlemeginiň, onuň kämilleşmeginiň esasy şerti hökmünde garalyp gelindi. Häzirki wagtda öz saglygyňa we beden taýdan ösüşiňe ünsli çemeleşmek baradaky türkmenlerde bar bolan däpler täze mazmuna eýe boldy. Umumymilli birinjilik ugrundaky ýaryş ýaşlar üçin sagdynlyk, beden we ruhy taýdan kämilleşmek ýolunda oňat itergi bolar. Şol ýaryşlar her ýyl mekdep, ýokary okuw mekdep, pudaklaýyn we sebitleýin toparlaryň arasynda sportuň dürlşi görnüşleri “Türkmenistan- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly şygar bilen geçirilýär. Häzirki wagtda bu şygar ýurdumyzyň we halkymyzyň umumymilli taglymyna öwrülýär.
Şu ýyl Türkmenistanda milletiň Lideriniň başlangyjy boýunça döwlet baýramçylyklarynyň sanawyna girizilen Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanylan Sagdynlyk we bagtyýarlyk hepdeligi ilkinji gezek geçirildi. Kitabyň uly bölümi bu hepdäniň wakalaryna bagyşlanyldy. Şolarda baýramçylyk çäreleri we köpçülikleýin ýaryşlar, sportuň has meşhur görnüşleri boýunça bäsleşikler intellektual we toparlaýyn oýunlar, şol sanda sportuň gyşky görnüşleri öz beýanyny tapdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrunda hokkeý boýunça ilkinji gezek geçirilen milli ýaryş ägirt uly gyzyklanma döretdi, onuň jemleýji tapgyryna döwlet Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Milletiň Lideriniň ýeňiji bolan “Bürgüt” toparyna abraýly baýragy gowşurmak dabarasy şekillendirilen suratlar indi ýurdumyzyň hokkeý oýny boýunça taryhyna ýazylar.
Kitaba girizilen maglumatlar ýurdumyzda geçirilýän bedenterbiýe-sagaldyş hem-de sport işleriniň döwletimiziň we jemgyýetimiziň tagallalarynyň, saglygyň we ony pugtalandyrmagyň hem-de öňde goýlan maksatlaryň ählisini gazanmagyň iň oňat kömekçisi bolan sportuň ähmiýetine aýdyň göz ýetirýän milletiň Lideriniň hem-de halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini äşgärlik bilen beýan etdiler.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2012-nji ýylyň GDA-da sport we sagdyn durmuş ýörelgesi diýlip yglan edilmegi bilen hem täze neşiriň möhümdigi ýüze çykýar.
Bu babatda Türkmenistan ýakyn we uzak geljek üçin sagdyn durmuş ýörelgesini, bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi hem-de wagyz etmegi maksat edinýän işjeň çäreleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen, beýleki döwletlere oňyn görelde görkezýär, Türkmenistany bolsa sagdynlyk we bagtyýarlyk ýurdy diýip doly esas bilen atlandyrmak mümkindir.
Mahlasy, täze kitap biziň döwletimiziň durmuş syýasatynyň möhüm bölegi bolan we milletiň saglygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen köpçülikleýin bedenterbiýäniň hem-de sportuň mundan beýläk-de ösdürilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm