Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň medeniýet işgärlerine hem-de bu ulgamyň ýolbaşçylaryna Halkara Nowruz gününi özboluşly milli däplere laýyklykda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek barada beren tabşyrygyna jogap edip, ýurdumyzyň sungat ussatlary, suratkeşleri hem-de sazandalary, artistleri we şahyrlary, tansçylary we aýdymçylary bu ajaýyp bahar toýuna mahsus bolan aýratyn gerim bilen döredijilik sowgatlaryny taýýarladylar. Gadymy Nowruz baýramynyň pelsepesi şu gün agşamara paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan ajaýyp baýramçylyk dabaralarynyň özenini düzüp, aýdym-sazly çykyşlar we köpçülikleýin dynç alyş gezelençleri boldy.
… Ýylyň gelşi Nowruzyndan bellidir diýen halk pähimi bar. Nowruz bolsa şu günler bize dabaraly, ýatdan çykmajak wakalary peşgeş berdi, munuň özi şu ýylyň bereketli boljakdygyndan habar berýär.
Nowruz köp öwüşginli gadymy däplerinde dünýädäki täsinlik hökmünde göz öňünde janlanýar. Birinjiden, bu Ýer ýüzünde iň gadymy Täze ýyl baýramydyr, onuň kökleri uzak müňýyllyklara uzap gidýär. Ikinjiden bolsa, Nowruzdan gözbaş alan medeniýetleriň gymmatlygynyň sebitiň çäginden çykyp, topraga Günüň şypaly şöhleleri kimin, bütin dünýä ýaýranlygyndadyr. Şoňa görä-de, Nowruz Zeminiň köp halklarynyň medeniýetinde we taryhynda döreýşiň nyşanydyr, onuň özeninde döredijilikli zähmetiň we yhlasyň gözbaşy, mähriban topraga söýgi hem-de ynsanyň belent maksatlara ymtylmasyna bolan ynam jemlenendir.
Özi-de täze ýylyň bahar baýramy şatlyk-şowhuna beslenip gelýär, şoňa görä-de ol söýgüli baýramdyr. Häzirki wagtda ol döwrebap alamatlara hem-de halkara derejesine eýe bolan hem bolsa, özüne mahsus bolan halk däpleriniň we dessurlarynyň toplumy bilen milli mirasyň aýrylmaz bölegi bolupdy we şeýle bolmagynda galýar.
Şu gün, baýramçylygyň ikinji gününde Ylham seýilgähinde hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Türkmen medeniýetiniň görnükli wekilleriniň heýkelleri oturdylan seýilgähde dabaralar mynasybetli köpsanly aşgabatlylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary meşhur estrada aýdymçylarynyň we döredijilik toparlarynyň gatnaşmagyndaky konsert çykyşlarynyň tomaşaçylary boldular.
Şu ýerde Türkmenisianyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň işleriniň sergisi guraldy. Olar öz eserlerini bahar paslyna hem-de mähriban topragyň gözelligine, halkymyzyň baýramçylyk däplerine bagyşlapdyrlar. Şu ýerden uzak bolmadyk ýerde şadyýan çykyşlary bilen wäşiler hezil berdiler. Olaryň degişmeleri we özüne çekiji öýkünmeleri gülki döredip, adamlara ajaýyp şatlyk paýlady. Çärä gatnaşyjyldar üçin baýramçylyk söwdasy hem guraldy.
Soňra adamlar Ylham seýilgähinden Magtymguly şaýoly boýunça Türkmenistanyň Döwlet sirkine tarap ugradylar. Köpçülikleýin hereketi guraýjylar bu şowhunly çärä beýleki adamlary hem çagyrdylar. Aýratyn hem şadyýan gezelenje çagalar şatlandylar, ulular bolsa özleriniň ýaşlygyny ýatladylar.
Nowruz, hakykatdan-da, milli baýramçylykdyr. Ol adamlary ruhy taýdan has-da jebisleşdirýär we birleşdirýär. Muňa häzirki dabaralar hem şaýatlyk edýär. Şol wagt sepelän bahar ýagşy oňat yrym hökmünde kabul edildi, çünki yryma görä, Nowruz gününde ýagan ýagyş bereketli hasyly, hemme işleriňde rowaçlygy we üstünligi wada berýär.
Köpçülikleýin gezelenjiň barşynda artistleriň çykyşlary we söwda guraldy. Mähelle Aşgabat kinoteatrynyň öňünde sägindi. Şol ýerde baýramçylyk görnüşde bezelen meýdançada aýdym-sazly çykyşlar we tanslar ýerine ýetirildi.
… Biraz wagtdan Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada köpçülikleýin gezelenç jemlendi. Bu ýerdäki meýldançada ak öýler we belent hiňňillikler dikilip, toýa mahsus görnüşde bezelipdir. Owadan halylar düşelen sekileriň üstünde ene-mamalarymyz we gelin-gyzlar el işleri bilen meşgullanyp otyr. Bu ýerde üme diýlip atlandyrylýan köpçülik bolup iş etmek däbi görkezildi. Onuň manysy ol ýa-da beýleki işde kimdir birine kömek bermek üçin umumy güýçleri birleşdirmekde jemlenýär. Nowruzda köplenç obanyň gyzlary we gelinleri durmuşa çykjak gyzyň bukjasyny tikmek üçin bir ýere ýygnanypdyrlar.
Hormatly ýaşulular bu dabaralardan döreýän täsirleri barada pikir alyşýarlar. Bu ýerde ünsüňi çekýän görnüşler bolsa az däl: el işi bilen meşgullanýan zenanlaryň we senetkärleriň eserleri-de, baýramçylygyň pursatlaryny kagyz ýüzüne geçirip oturan ýaş suratkeşleriň işleri-de uly täsir galdyrýar.
Sirkiň binasynyň öňündäki sahnada sungat ussatlarynyň uly konserti şu günki dabaralaryň jemlenmesine öwrüldi. Dabaranyň maksatnamasynda halk döredijilik äheňleri esasynda sahnalar, halk mukamlary we döwrebap estrada eserleri, Watanymyza, göwünleri bahar kimin tämizleýän we galkyndyrýan, iň oňat umytlaryň hem-de belent maksatlaryň nurana eýýamy bolup gelen türkmen halkynyň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän aýdym-sazlar bar.
Konserte gatnaşyjylaryň ählisiniň bilelikde ýerine ýetirmeginde belent watançylyk heňinde Arkadag diýen aýdym ýaňlandy. Ol Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne bagyşlanyp, onda milli Liderimize çäksiz hoşallyk bildirilýär.
Bu aýdymyň galkyndyryjy owazy we sözleri tomaşaçylaryň ýüreginde agzybirligiň çuňňur duýgulary, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwrümiziň ägirt uly özgertmelerine, türkmen halkynyň üstünliklerine dahyllydyklaryna bolan duýgulary öz beýanyny tapdy.
Bu gün ýurdumyzyň beýleki şäherlerinde we obalarynda hem dabaralar ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi. Çünki ösüşler we innowasiýalar ýoluna gadam goýan ýurdumyz üçin gadymy Nowruz baýramynyň ähmiýeti täze taryhy döwürde has-da artýar. Şol ýola gadam goýan ýurdumyzyň maksady bolsa halkymyzyň abadançylygyny we Watanymyzyň gülläp ösüşini gazanmakdan ybaratdyr.