6.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Baku we Aşgabat Türkmen Gazyny Geçirmegiň Mümkinçiliklerini Maslahatlaşýar

Azerbeýjan we Türkmenistan türkmen gazyny «Günorta gaz geçirijisiniň» üsti bilen Ýewropa çykarmaklygyň meseleleri boýunça gepleşikleri geçirýärler, diýip Azerbeýjanyň energetika ministri Natig Aliýewe salgylanyp Trend habarlar agentligi habar berýär.

«Amala aşyryp bolaýjak iki sany usul bar. Olaryň birinjisi — Transhazar gaz geçirijisini gurmak, ikinjisi — Hazaryň platformalaryny suwasty turba geçirijileri arkaly baglanyşdyrmak» diýip, Aliýew belleýär. Onuň aýtmagyna görä, «Günorta gaz geçelgesi» azerbeýjan gazyny Ýewropa çykarmagy göz öňünde tutýandygyna garamazdan, bu gaz geçirijisi şol bir wagtda beýleki çeşmeler üçin hem, şol sanda Türkmenistan üçin hem açykdyr.

«Türkmenistan Ýewropa ýylda 30 millard kub metre çenli gaz ibermäge mümkinçiliginiň bardygyny beýan edýär. Bu günki gün Türkmenistan deňiz ýataklaryndan ýylda bäş milliard kub metre çenli gaz iberip bilýär. Bu görkezijini 10 milliard kub metre çenli artdyrmak mümkin. Bu bolsa «Günorta gaz geçelgesi» üçin uly mümkinçilikleri açýar» diýip, ministr nygtaýar.

«Günorta gaz geçelgesi» ÝB üçin geljegi uly taslamalaryň biri bolmak bilen, tebigy gazy Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa ugratmaklyga niýetlenendir. Gaz Günortakawkaz gaz geçirijisini giňeltmegiň hem-de Transanatoliý (TANAP) we Transadriatiki turbageçirijilerini gurmagyň hasabyna iberiler.

Ilkinji tapgyr işlerde Azerbeýjandaky «Şah Deňiz» gazkondensatly ýatagy özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinden çykaryljak gaz «Günorta gaz geçelgesiniň» taslamasy üçin esasy çeşme hökmünde göz öňünde tutulýar. Has soňrakky tapgyrlarda taslama başga çeşmeleriň hem birikdirilmeginiň mümkindigini agentlik belleýär.

Degişli makalalar

Ýyladyşhana Hojalyklary

Göç İdaresi: Ülkemizde Bulunan Yabancıların Dikkatine

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäreleri badalga aldy

turkmenhabargullugy