Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz gysga döwrüň içinde ösen döwletleriň hataryna deňleşdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmeniň göwün islegi sözüň doly manysynda hasyl boldy. Bu gün Garaşsyz Türkmenistany görmäge göz gerek.
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda ak bugdaýy, halysy, saz gurallary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bütin adamzady haýrana goýup gelýär. Bu gymmatlyklar kämil halk hökmünde milletimiziň gaýtalanmajak aslynyň bardygynyň aýdyň kepilidir. Geçmişde danalary, danyşmentleri, ylym adamlary, şahyrlary bilen dünýä tanalan, özboluşly däbini, päkize-halal milli gylyk-häsiýetlerini gorap saklap şu günümize çenli sünnäläp getirmegi başaran halkdyr.
Bu gün dünýäniň ähli halklary we döwletleri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň kuwwatly döwletdigini ykrar edýär. Milli buýsanjymyz, gözümiziň görejine deňelýän ýaşyl Tugumyz dünýäniň depesinde parlaýar. Garaşsyz Türkmenistan ähli ugurlar boýunça durnukly ösýär.
Megerem, dünýäde şundan uly bagt, şundan uly baýlyk ýok bolsa gerek. Ýurdumyzyň ykdysady, sosial, syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän ösüşler hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň ykbalyny kesgitlemek barada saýlap alan taryhy ýolunyň dogrudygyny äleme äşgär etdi. Ýurdumyzda döwletimiziň kanunçylyk binýadyndan başlap, ýaşaýşyň, gündelik meselelerine çenli ähli zatlar oňyn özgerýär, döwrebaplaşýar.
Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanda kabul edilýän kanunlaryň kämilleşdirilmegini, hemmetaraplaýyn gyşarnyksyz berjaý edilmegini gazanmak maksady bilen alyp barýan işleri hem ýurdumyzyň her bir raýatynyň adalatly jemgyýetde ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Kanunlaryň esasy kadalary türkmen halkynyň ahlak gymmatlyklaryna esaslanyp, şu Kanunlara laýyklykda, ýurdumyzyň her bir raýaty hemişe yhlasly aladadan, ünsden we goragdan peýdalanýarlar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklary, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň dünýäniň syýasy kartasynda biziň ýurdumyz diňe bir Garaşsyz, Bitarap döwlet hökmünde däl-de, eýsem dünýäde durnukly ösüşi, parahatçylygy we asudalygy hakykat ýüzünde goldaýan hem-de bu islegiň amala aşmagy üçin iş alyp barýan döwlet hökmünde ykrar edildi.
Hormatly Prezidentimiz döwletara gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýe bolmagyna we dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň dünýäniň iň iri we abraýly halkara bileleşigi bolan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns bermeginiň ägirt uly ähmiýeti bar.
Paýtagtymyzda Birleşen Milletler Guramasynyň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň ýerleşmegi alyp barýan syýasatymyzyň halkara derejesinde goldanylýandygynyň alamatydyr. Munuň özi Türkmenistan döwletiniň halkara guramalary bilen bilelikde sebitde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan asylly maksatlarynyň durmuşa ornaşýandygynyň kepili bolup durýar.
Hazaryň kenarynda gysga wagtda kemala gelen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, ýurduň raýatlaryny goşmaça iş orunlary bilen üpjün etmäge we ýakyn geljekde uly girdejili pudagyň emele gelmegine öz täsirini ýetirýär. Ýurdumyzyň raýatlaryna bu jana şypaly kenarda saglygyny berkitmegi we dynç almagy üçin oňat şertler döredilendir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamada» göz öňünde tutulan özgertmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkyň eşretli durmuşda ýaşamagy hakynda döwlet tarapyndan edilýän aladanyň bimöçberdigine şaýatlyk edýär. Ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejeleriniň gowulanmagy ugrunda ýurt Baştutanymyz tarapyndan edilýän aladalar, ilat üçin döredilýän ýeňillikli şertler, ähli oňaýly amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň giň toplumynyň gurlup berilmegi, adam hakynda aladanyň biziň ýurdumyzda baş alada bolup durýandygyndan habar berýär.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda özünde mähremligi, gözelligi, näzikligi jemleýän mähriban ene-mamalarymyza uly hormat goýulýar.
Mukaddes Watanymyzda gelin-gyzlar özleri üçin döredilen şertlere guwanyp hem buýsanyp önümçiligiň dürli pudaklarynda halal zähmet çekýärler hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeläp ýetişdirýärler.
Türkmen halky maşgalada ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamak, nesilleri milli ruhda terbiýelemek baradaky meselä aýratyn üns bilen seredýär. Dünýäde özboluşlylygy bilen tapawutlanýan milli ýol-ýörelgämizi durmuşa doly ornaşdyrmak bilen birlikde, milliligimizi gadymdan gelýän ruhy däplerde terbiýelemek biziň öňümizde durýan esasy wezipämizdir.
Maşgalanyň jemgyýet bilen gatnaşygy näçe berk bolsa, ýurdumyzyň her bir raýatynyň ýüreginde öz ykbalynyň şu Watan, şu toprak bilen baglydygyna çyn ýürekden buýsanç duýgularyny döredýär.
Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda başy başlanan başlangyçlaryň agramly böleginiň enelere we çagalara gönükdirilendigini biziň her birimiz ýaşaýyş durmuşymyzyň islendik ädiminde görýäris.
Enäniň we çaganyň hukuklaryny goramakda kanunçylyk ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek meselesinde döwletimiziň amala aşyrýan özgertmeleri, çagalaryň talabalaýyk ösüşine gönükdirilen bilim we lukmançylyk ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi muňa aýdyň mysaldyr.
Türkmenistanda eneligiň we çagalygyň goragy döwlet tarapyndan maksatnamalaýyn artdyrylýar. Ene süýdi bilen iýmitlendirmek boýunça üstünlikli amala aşyrylýan maksatnamalar hem muňa şaýatlyk edýär.
Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, ata-babalarymyzyň türkmen jemgyýetiniň sagdyn ösüşiniň esasyny düzýän maşgala ojagynda ene mähremligini aýratyn hormatlap, 8 we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere «Ene mähri» nyşanynyň berilmegi, olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemek işinde Watan öňünde bitiren hyzmatlaryna berilýän bahadyr.
Adam hakynda aladanyň döwlet syýasatyna öwrülendigine şaýatlyk edýän hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi türkmen halkynyň bagtynyň gözbaşydyr. Şanly Garaşsyzlygymyzyň 25 ýylynyň içinde ýetilen sepgitler, mähriban Watanymyza, beýik üstünliklere guwanyp hem buýsanyp ýaşamaga ruhlandyrýar. Mähriban halkymyzyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun!
Ene MÄMMEDOWA,
Medeniýet, sport, syýahatçylyk we jemgyýetçilik guramalarynyň
işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy.
15.11.2016 ýyl.