Soňky ýyllaryň dowamynda bu ýerde ak mermere beslenen Döwlet drama teatrynyň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, anyklaýyş merkeziniň we medeni durmuş ähmiýetli beýleki desgalaryň häzirki zaman binalary emele geldi. Häzirki wagtda bu şäherde 2013-nji ýylyň oktýabr aýynda ulanylmaga beriljek Bagt köşgüniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda jaý toýlaryny tutýan balkanabatlylaryň sany barha köpelýär. Ýerli gurluşykçylar tarapyndan gurluşygy alnyp barylan täze köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň sany bolsa ýüzlerçedir. Öň kiçijik senagat şäherjigi bolan Balkanabat şäheri özüniň täze gurluşyklary, gowulandyrylýan çäkleri bilen stadionly, seýil bagly, bezelen köçeleridir meýdanýalary bilen bu günki gün Balkanabat şäheri gün-günden häzirki zaman we oňaýly şähere öwrülýär.
referans: www.turkmenistan.gov.tm