6.9 C
Aşkabat
25.11.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Balkanabatda Täze Demir Ýol Menzili Guruldy

Ählihalk baýramy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň merkezinde täze demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy. Şanly waka mynasybetli täze binanyň öňündäki meýdançada baýramçylyk dabaralaryna giň gerim berildi. Bu ýerde guralan dabara welaýatyň we Balkanabat şäheriniň häkimlikleriniň, edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we köpsanly ýaşlar guralan dabara gatnaşdylar. Folklor we tans toparlarynyň çykyşlary çärä özbolşuly öwüşgin çaýdy. Baýramçylyk ruhunda bezelen meýdançada joşgunly sazlaryň astynda aýdym-tansly çykyşlara giň orun berildi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüşiň we döredijiligiň ýoly bilen ynamly gadam urýan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň her bir güni beýik ýeňişlere, ajaýyp zähmet üstünliklerine beslenýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän giň möçberli ykdysady maksatnamalary, iri maýa goýum taslamalarynyň netijesinde ýurdumyzyň günbatar sebiti sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi. Bu ýerde çykyş edenler tutuş Balkan welaýatynyň ilatynyň adyndan Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagy, halkymyzyň abadançylygynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy ugrunda yzygiderli alada edýän milli Liderimize alkyş sözlerini aýtdylar. 



Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň buýurmasy esasynda bina edilen Balkanabatdaky täze menzili “Ösüş gurluşyk” hususy kärhanasynyň hünärmenleri we işgärleri gurdular. Olar bu desgany şertnamada görkezilen möhletinden dört aý öň ulanmaga berdiler. Ak mermerli iki gatly täze desga şäheriň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirdi. Haly gölleriniň keşbini şekillendiren altynsow bezegler we häzirkizaman gurluşyk serişdeleri bu bina özboluşyl milli öwüşgin çaýdy. 

Menziliň binalar toplumynyň eýwany tanalmaz derejede döwrebaplaşdyryldy. Onuň birinji gatynda 100 ýolagça niýetlenen garaşylýan otag, petek, sorag-jogap, ykjam aragatnaşyk we maliýe alyş-çalyş bölümleri, çaýhana ýolagçylaryň hyzmatynda. Şeýle hem bu ýerde ähli maglumatlary özünde jemleýän elektron tablo, telewizorlar we bankomat ýolagçylar üçin oňaýly şertleri üpjün edýär. Menziliň ikinji gatynda dürli dükanlar we gazet-žurnal satylýan söwdasyny alyp barýan bölümler, şeýle hem Internet-kafe, maslahat zaly, edara otaglary, myhmanhana we VIP zaly bar. Bu ýerde eneler we çagalar üçin otag, lukmançylyk bölümi, zerur dessurlary amala aşyrmak üçin ýöriteleşdirilen otaglar ýolagçylaryň hyzmatynda. Binanyň ýyladyş we salkynladyş ulgamy özbaşdak hereket edýär. 

Taslamanyň çäklerinde demir ýol menziliniň ýolagçylar üçin niýetlenen meýdançasy doly döwrebaplaşdyryldy. Onuň tutuş uzynlygyna ýörite telärler guruldy. Telärler we 250 orunlyk oňaýly oturgyçlar Türkmenistanyň howa ýagdaýy nazarda tutulyp bina edildi. Menziliň ýanaşyk ýerleri göwnejaý abadanlaşdyrylypdyr. Ol ýerde saýaly baglar oturdylypdyr we dürli güller ekilipdir. Ýolagçylaryň dynç almagy üçin niýetlenen künjekde oturgyçlar bilen bir hatarda, özboluşly yşyklandyryjylar bar. Binanyň ýakynynda awtoulaglar üçin duralga gurlupdyr. 

Mahlasy, Balkanabatdaky täze demirýol menzili toplumynyň ulanmaga berlmegi ýurdumyzyň günbatar sebitiniň esasy ulag geçelgeleriniň biri bolmak bilen, häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän mümkinçilikleri özünde jemleýär. Bu ýerde ýolagçylar üçin bolşy ýaly, demir ýol ulaglary ulgamynyň işgärleri üçin ähli zerur amatlyklar üpjün edilipdip.

Degişli makalalar

Ahal-Teke Bedewlerine Bagyşlanan Sergide Dürli Tilsimli, Saýry Pikirli Işler Görkezilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

syrach

Nebitgaz Ulgamynda Halkara Hyzmatdaşlygynyň Geljegi Ara Alnyp Maslahatlaşyldy