8.9 C
Aşkabat
22.11.2024
DURMUŞ

Balsaýat Wokal Tans Topary

“Balsaýat” wokal-tans topary Lebabyň esasy döredijilik toparlarynyň biridir. Ol ýarym asyrdan gowrak wagt mundan ozal döredilip, Bolgariýada, Rumyniýada we Türkiýede geçirilen halkara folklor festiwallarynda türkmen milli sungatyny görkezmek hormatyna eýe boldy. 

Bu wokal-tans toparynyň döredilmeginiň gözbaşynda häzirki zaman türkmen sazlaryny döredijileriniň biri, “Şasenem we Garyp”, “Leýli we Mežnun” we “Aýna” operalarynyň hem-de beýleki eserleriň awtory, kompozitor Daňatar Öwezow dur. Ony ýerli zehinleri bir döredijilik toparyna birleşdirmek üçin Aşgabatdan Saýat etrabyna ýöite çagyrdylar. Ol guramaçylyk ukybyny ýadawsyz ýüze çykarmak bilen, özüne bildirilen ynamy doly ödemegi başardy. Daňatar Öwezow topara mynasyp ady hem tapdy… 

Bu günki gün “Balsaýat” toparyna diňe bir etrabyň dolandyryş merkezinden dürli ýaşdaky we hünärdäki adamlar gatnaşman, eýsem ýakyn ýerleşýän obalardan hem adamlar gatnaşýarlar. Golaý wagtda olar üçin döredijiliklerini artdyrmak üçin – Saýat şäherçesinde iki gatly Medeniýet öýi gurulýar. Bu möhüm desganyň ulanmaga berilmegi bilen, “Balsaýat” toparynyň döredijilik işi hem-de düzümi has hem artar diýip, ynam bilen aýtsa bolar. 

Ýakynda Türkmenabatda (Lebap welaýaty) geçirilen Medeniýet hepdeliginde bu topar öz repertuaryndan “Söýgüniň sowgady” atly täze oýny görkezmek bilen üstünlikli çykyş etdi. Saýat etraby mergen awçylary we mili kilim düşegini dokamakda çeper elli ussatlary bilen meşhurdyr. Bu iki aýratynlyklary nazara almak bilen hem oýnuň gahrymanlary saýlanyp alyndy. 

Aw awlamakda meşhurlyga eýe bolan Gara mergen obanyň çeper elli gyzlarynyň birine aşyk bolýar, ýöne bu duýgyny gyza duýdurmak birbada oňa başartmaýar. Oýunda Amyderýanyň sag kenarynda öňden bäri ýaşap gelýän türkmen saýat tiresiniň gadymy däp-dessurlary, aýdymlary we tanslary bilen degişme hereketler arkaly açylyp görkezilýär. 

Ansamblyň belli aýdymçylary – Türkmenistanyň at gazanan artisti Jumamyrat Gurbanow, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi Ilýas Mämmetnazarow, Arzuw Garlyýewa, Suraý Rozyýewa, doganlar Myrat we Döwlet Wezirowlar dagy bolup durýarlar. Artistleriň repertuarynda watançylyk, liriki we halk aýdymlary, şol sanda saýatly kompozitorlaryň hem, aýdymlary bar. 

Bu meşhur ansamblyň “Bagtyýar çagalar” atly çagalar topary hem bardyr. Ýaş çeper höwesjeň artistler milli çagalar oýunlarynda öz beýanyny tapýan folklor kompozisiýasynyň üstünde uly höwes bilen işleýärler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Permana Gol Çekdi

Zenanlaryň Arasynda Ylmy Işleriň Milli Bäsleşigi Yglan Edildi

turkmenhabargullugy

Bişkek Şäherinde Çagalaryň Surat Bäsleşigi Geçirildi

syrach